Dark
Light
07.01.2026
turkmenistan passport 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň raýatlygyna 1146 adam kabul ediler

21.09.2024

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, ýurtda ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk 1146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul ediler.

Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek we ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurduň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletiň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1146 adamyň raýatlyga kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar 29 milletiň wekilleri bolup durýar.

Hasabatda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurtda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30998 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi barada hem aýdyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

aazlylib jennie gerhardt by theodore dreiser THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Teodor Draýzer «Jenni Gerhardt», «Titan» we «Isleg trilogiýasyna» romanlary barada

sarahs ylalashmak un 960x679 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Sarahs etrap bölüminiň täze binasy açyldy

Soňkylar Habar

Aşgabatda meşhur teleseriallaryň sazlary ýaňlandy

06.01.2026
Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary tarapyndan guralan konsert iň ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi.
GitTop