Dark
Light
26.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Ylym — menzil çyragy

15.09.2024

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda käbesi Ogulabat ejäniň gymmatly sargytlaryny ýatlaýar: «Ylym ― köňül çyragy. Ol çyraglary öz köňlüňizde hem-de perzentleriňiziň kalbynda başardygyňyzça köp ýakjak boluň! Şonda ykbal ýollaryňyz aýdyň bolar. Kalbyňyzyň şamçyragy güýçli nur saçdygyça, gözýetimiňiz şonça-da uzaklary saýgarar». Ömür ýoluňa şugla saçjak bu pentlerde ylma bolan gadymdan gaýdan hormat-sarpanyň özenini görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz ylym-bilimiň diňe bir maşgalada däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde ynsan köňlüni nurlandyrmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýär. Hawa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle asylly başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilime berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Diýarymyzda ýaş nesliň ýokary derejede, döwrebap bilim almagyny gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýaş alymlaryň, ylmy açyşlaryň, şeýle-de bilim ojaklarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Dünýä ölçeglerine laýyk ösdürilýän bu ulgamda iň kämil hünärmenleri taýýarlamak işi ýokary okuw mekdepleriniň paýyna düşýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 ― 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik hem-de ylmy-taslama merkezlerinde dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy-barlaglar yzygiderli dowam etdirilýär. Ýaş hünärmenler özleriniň saýlan ugurlary boýunça halypa mugallymlardan alan nazary bilimlerini tejribeleriň üsti bilen berkidýärler. Munuň özi ýaşlary asylly ýörelgelere ygrarly bolmaga, olara ýürekden uýmaga çagyryş bolup durýar. Ömür bossanynda ýaşlykdan ylym daragtynyň dikilmegi geljegiň röwşenligine ýol açýar. Şol daragt hem ylymly adama ömürboýy saýasyny salyp ýaşaýar.

«Ylym akyldan dem alar» diýlişi ýaly, taryha ser salanymyzda hem danalaryň, akyldarlaryň dünýäde bar bolan ylymlaryň aglabasyndan habardar bolup, şol ylmy ýollardan ýöräp, täze-täze açyşlary edip, öz atlaryny taryhyň gatlaryna ýazandyklaryny görmek bolýar. Ylymdan taplanan, kalby ylym nurundan pürepür adam ýagşyzadalaryň derejesine göterilýär. Ylymly ýol ynsan üçin bagtyýarlyga barýan ýol hasaplanylýar. Alymlaryň biriniň: «Bir gününi ylymsyz geçiren kişä gynanjymyň nähili bolandygyny we bir gününi ylym bilen geçiren kişä begenjimiň nähili bolandygyny bilen bolsaň, onda sen ömrüňi hökman ylym bilen ötürerdiň!» diýen sözlerinden ugur alyp hem ylym öwrenmegiň we öwretmegiň sogaply, haýyrly işleriň öňbaşçysydygyny aýtmak bolar.

Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Selbi AHMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2bbff893670a58572caca8fa157f93b4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maýa goýum forumy — mümkinçilik giňişligi

rbwo9oouegzpq4stnt6egukgcyfvzz7esd6zrpevcrs5pokpmilkgbnpmgum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Akylly» şäheriň halkara baýraklarynyň sany artýar

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop

Don't Miss