krylatye skakuny v iskusstve turkmenistana2 THE ASHGABAT TIMES

Ady dünýä dolan türkmen bedewi

28.10.2024

Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, halylarymyz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, behişdi bedewlerimiz hem özüniň ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen dünýä bellidir. Lälezar sähramyza ajaýyp görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip we ganyny arassa saklap, nesellerimize galdyrypdyr. Şonuň üçinem Türkmenistan – behişli bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr.

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Gahryman Arkadagymyzyñ «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp- başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen ýigidi bedewine atlanyp, jeňe gideninde, onuň bedewi gerçegiň göwnüne laýyk hereket etmegi başarypdyr. Ýaraga gümra eýesine kynçylyk döretmezlik üçin onuň aty-da haýsy ugra ýykgyn etmeli bolsa göwresini şol ýana ugrukdyrypdyr. Eýesiniň her bir hereketlerine, duýgularyna werziş bolan bedew at onuň sesinden, hereketinden, ýürek urşundan ýagdaýy duýupdyr.

Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň ähmiýeti örän uludyr. «Mal eýesiniň gözünden suw içermiş» diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler.

Türkmen halky towsanaklap ýören taýçanakdan älemi baglajak bedew aty, oýnap ýören oglanjykdan ýurt hökümdaryny ýetişdirmegi başarypdyrlar. Türkmen seýisleri «ýüzden ýüwrük, müňden tulpar» diýen pähime eýerip, at sürüleriniň içinden geljekde haýsy taýçanagyň nähili meşhur bolup ýetişjekdigini aýtmagy başarypdyrlar. Taýçanagyň ýa-da atyň reňkine, häsiýetine we beden gurluşynyň aýratynlyklaryna görä onuň nä derejedäki at bolup ýetişjekdigini öňünden bilipdirler.

Bedew atlara atlanan watan goragçylary öz atlary bilen mydama türgenleşikde bolupdyrlar. Şonuň üçin hem bedew üstündäki oýunlara has-da kämilleşip, çalasynlyk we çalt pikirlenmek dürli ýagdaýlarda basym çözgüt çykarmagy başarypdyrlar. Türkmen ýigitleri at üstünde ýerine ýetirilýän «Ata bukulma we atly bukulma», «Atly göreş», «Çybyk kesdi», «Altyn gabak», «Syrtmak atma», «At bökdürme», «At agdarma» ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Şeýlelik bilen olar söweş endiklerini we başarnyklaryny has-da kämilleşdiripdirler. Çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolup türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, ösdürmekde, kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin.

Atamyrat MAKSADOW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:00 am, Jan 19, 2025
temperature icon 3°C
облачно с прояснениями
Humidity 100 %
Pressure 1019 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 66%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:13 pm
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetika ulgamy – ösüşiñ täze belentliklerinde

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen alabaýy-halkymyzyñ buýsanjy

Soňkylar Makalalar

Pyrtykalyň Efir Ýagynyň Peýdaly Taraplary

16.01.2025
Pyrtykalyň efir ýagy, tebigy we saglyk üçin peýdaly maddalaryň baý çeşmesi bolup, dürli maksatlar üçin ulanylýar. Bu ýagyň birnäçe peýdaly taraplary bar: Pyrtykalyň efir

Türkmenistan ynanşmagyň we parahatçylygyň Watany

16.01.2025
Türkmenistanyň dünýä derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürmek ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan iň soňky üstünlikleriniň biri

  Sanlaşdyrylan çözgüt

13.01.2025
           Nebit- gaz ulgamynyň sanaşmasy halkara çözgütlere giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça edilýän işler üznüksizdir. Şeýle ajaýyp görelde ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

13.01.2025
        Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy. Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda

Bagtyýarlygyň Halkara giňişligi

13.01.2025
     Gahryman Arkadagymyz türkmeni Garaşszylyk ýyllary içinde dünýä tanatdy. Her bir baýramçylyklarda milliligimize,taryhy çuňluklarymyza öz medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň üsti bilen sarpa goýmak,  türkmen halky öz
GitTop