27.01.2022 alabay THE ASHGABAT TIMES

Artykmaç jandar

24.10.2024

Türkmen Alabaýlarynyň syry ilkinji nobatda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen açyldy. Türkmen alabaýlary iň wepaly hem- de iň duýgur, hüşgär hem- de eýesine wepaly jandar hökmünde häzirki döwürde dünýäniň çar künjünde tanalýar. Alabaý itleriniň atlary we olaryň gelip çykyş taryhyny öwrenmek üçin alymlar birnäçe ýyllaryny sarp edip, taryhda alabaý itleriň aslynyň türkmen topragynda ýaşandygyny subut etdiler.

Alabaý – Alabaý ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çopanköpekleri itleriň gadymy tohumlarynyň biri bolup, ol Uraldan Owganystana, Hazar deňzinden Hytaýa çenli aralykdaky örän giň çäklerde saklanyp gelinýär.

Biziň topraklarymyz bilen beýleki topraklarynyň arasynda arabaglanşygyň bolandygyny görkezýän bu taryhy maglumatlar hakykatdan hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde Altyndepäniň syrlaryny açdy. Şeýle-de söweş itlerinden gaýdýar diýip hasaplaýarlar. Orta Aziýanyň goýun hem-de aw köpekleri baradaky ilkinj taryhy ýazgylar mundan birnäçe müň ýyl ozalky döwre degişlidir we olarda bu itleriň atlary tutulýar.

Aslynda Altyndepe bilen dünýä baglarynyň birligi hakynda türkmen alymlaryndan başga dünýä alymlary hem bu taryhy kökleriň birligine ynanýarlar. Çünki Aldyndepeden tapylan öküz kellesi bolsa, bu taryhy yzlaryň birligini açyp görkezýän maglumatlara baýdyr. Türkmenistandaky gadymy Altyndepe galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde toýunsow palçykdan bişirilip ýasalan itiň heýkeljigi hem-de häzirkizaman orta aziýa aw itlerini ýatladýan äň süňkleri äpet uzyn we kellesi çüri läheň jandaryň gatap giden galyndysy tapyldy. Türkmen alabaýynyň şu günki güne çenli türkmen çopanyna wepalylygy, onuň ýüregni öz eýesine berip, mallary aman saklamak hüşgärleigine eýeligi düşündirip bolmajak tebigy hadysadyr.

Alabaý – itiň daşky görnüşinden, ýagny gara-alalygyndan habar berýär. Hakykatdan hem bu itlerde tebigy hüşgärligiň bolmagy bahasyna ýetip bolmajak hadysadyr. Onuň gülgünräk açyk sary ýa-da goňrumtyl reňki çöl tebigatynyň esasy öwüşginlerine doly laýyk gelýär.

Olar, esasan, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goraýar. Garagum çölüniň ýowuz tebigatyna döz gelip, türkmen alabaýynyň hüşgärligi saklaýşy bolsa, ýer ýüzündäki jandarlar bilen deňeşdirer ýaly däldir. Garagumuň ýowuz tebigatynyň gazaply şertleri, şonuň ýaly hem ýerli itşynaslaryň emeli ýol bilen tohumlary çakyşdyrmakda alyp baran dynuwsyz işleri ahyrky netijede itleriň başga hiç bir görnüşleri bilen garyşmaýan, häsiýeti boýunça gaýduwsyz, şir ýürekli türkmen köpekleriniň döremegine getiripdir. Beýle wepaly jandarlar tebigatda az gabat gelýär. Alabaý bolsa, edil türkmen maşgalasynyň agzasy ýaly, hormatly hem söýgüli o rna mynasypdyr.

Türkmen halky öz öý haýwanalry bilen bilelikde alabaý itiniň hem gözelligini saklamak hem-de onuň gelejekde nesliniň dowam etmesini saglamak bilen özüne iň ýakyn dost hasaplaýar.Türkmenlerde öz malyny jany- teni bilen söýmek, oňa gözüniň göreji ýaly seretmek asyrlar boýy däp bolup gelen häsiýetleriň biridir. Şol sebäpli hem biziň ýurdumyzda alabaý itleriniň gününi bellemek hem indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi türkmen halky üçin bahasna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň biridir.

Ogulnabat Aganyýazowa
Türkmen Döwlet Energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:40 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
main 2x 9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Resmi: Fallout ikinji möwsüminiň surata düşüriliş senesi yglan edildi

3c06c8624fc964726e320d311a7c7dc0 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlyk, terbiýe, edep

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop