Başy belent Pyragy

31.10.2024

Ýurdumyzda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli geçiriljek uly dabaralara, halkara konferensiýalaryna gatnaşmak üçin dürli ýurtlardan alymlardyr, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenijiler gelmek üçin bu günki günlerden taýýarlyklar görýärler. Şol sebäpli- de biz hem öz ýokary okuw jaýymyzda bu maslahatlara birnäçe wagtdan bäri taýýarlanýarys. Bu bolsa, biziň Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki täsin hazynalara ýene bir gezek ýakynlaşmaga, onuň gudratly jümlelerinden ruh almaga mümkinçilik döreder. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has içgin tanyşmaga ýollar açar.   Elbetde, halkyň ösen medeniýetini gazanmak bir başga, onuň taryhyny ýygnamak, ony gelejege äkitmek, welin düýbünden başga zat. Şonuň üçin hem paýtagtymyzda ýerleşýän  nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly şygryýet ýa- da edebiýat däl- de eýsem, ýaradylyşyň başlangyjyndan tä ahyryna çenli edebi, çeper mirasyny öwrenmekde we dünýäde wagyz etmekde, şeýle hem şol beýik, meşhur şahsyýetlerimiziň senelerini dabaralandyrmak babatynda uly mümkinçilikler döredilýär. Şahyr dünýäniň ýüzünde gören- eşidenlerini, bilenlerini, özüniň öwrenen astronomik hem- de geografiýa ylymlaryndan hem- de geometriýa ylymlaryndan gözbaş alýandygyny subut edýär.

Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir şygryýet ýa- da edebiýat däl- de eýsem, ýaradylyşyň başlangyjyndan tä ahyryna çenli ähli barlygy, onuň hereketleri, aýlanyp, türkmen halkynyň beýik akyldar ogly, söz ussady Magtymguly Pyragynyň mertebesi, şan- şöhraty, abraýy diňe bir halkymyzyň arasynda sarpalanman, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem onuň mertebesi, at- abraýy has- da belentde tutulýar. Akyldaryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir- garaýyşlary, durmuş zerurlyklaryny beýan edýän köpugurly pelsepewi taglymatlary şu günki kämil jemgyýetimiziň akyl hem-de ruhy goldawy bolup hyzmat edýär. Beýik şahsyýetiň çeper söz arkaly aňladýan pikirleri, garaýyşlary we gymmatly öwütdir- ündewleri edebiýaty öwrenijileriň ünsüni öňden bäri özüne çekip gelýär.

Magtymguly Pyragynyň çeper pikirlenmesine düýpli aýratynlyklar bilen bir hatarda onuň bütin dünýä ähmiýetli halklaryň gatnaşyklary, parahat asuda durmuşda, Berkarar döwletde agzybir, bir supranyň başyna jem bolup ýaşamaklary ugrunda eden arzuw- niýetleri, onuň döredijiliginde baş pikir bolup janlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu aýdanlary hakykatdan hem jaýdar bellenen pikirlerdir. Bu günki gün täze taryhy döwürde ussadyň edebi mirasyny berk öwrenilmegi hem- de akyldaryň döredijiligine bagyşlap geçirilýän birnäçe döredijilik duşuşyklary, söhbetdeşlikleri  mirasymyzda iň sarpaly ýerde bolmagy türkmen halkynyň başyny göge ýetirýär. Çünki biziň beýik Magtymguly Pyragymyzyň döredijiligi Gahryman Arkadagymyzyň hem ýiti paýhasynda gönezlik bolup gaýnaýar. Magtymguly Pyragynyň ilkinji halypasy Döwletmämmet Azady bolsa- da ol oba medresesini tamamlanyndan soň Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa gidýär. Bu ýerde Şygyrlarynda kanoniki şekilleri berip, dünýäniň nijeme filosoflaryny aňk eden Pyragyny bu gün nijeme dillere Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen terjime edilmegi ýurdumyzda edilýän işleriň has dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Elbetde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan gadymy gymmatlyklarymyz bizi hemişe buýsandyrýar. Türkmen dutarynyň şirin heňlerinde şygyrlary ereýän beýik Pyragynyň türkmen halkynyň Garaşsyzlygyny hemişe arzuw edip ýaşandygyny bilýäris. Şahyr ýüregi halkyna daýanyp, onuň beýik ruhunda emele gelen beýik bir sütünden ruhlanyp, elbetde zamananyň tanymal şahsyýeti bolandygy hemmämiz üçin aýandyr. Magtymgulynyň diliniň döremegi üçin ilki türkmeniň dili özbaşdaklygyny alyp, soňra heňňamyň sesine sesini goşan şahyryň diliniň döremeginiň gerekdigi beýik pelsepä gulluk edýän hakykat bolmagy öz döwründe hem aýandy. Elbetde adamzat öz diliniň gözelligini hem- de onuň medeniýetiniň derejesi bilen halkynyň mertebesini saklaýar. Biz mydama şeýle bir hakykatyň bardygyna göz ýetirmelidiris.

Magtymguly Pyragy hem dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna türkmeniň medeniýetiniň we edebiýatynyň goşulmagy üçin beýik sütün goýup giden şahsyýetdir. Magtymguly Pyragynyň  Türkmen milletiniñ  milli şahyry bolmak bilen eziz halkynyñ akyl-payhasyndan dürdäne ündewine uýup, dünýä we adamzat ýaşaýşynyñ ähli taraplary hakynda az we uz, şeýle hem ölmez- yitmez şygyrlary miras goýup gidipdir. Şahyryň öz dilini goýup gitmek her bir söze erk edýäne başartmaýan hem bolsa, ol Magtymguly ýaly beýik medeniýetiň içinde, ylmy kämilligiň hazynasynda dili hem-de tarapdan hem bütin gündogar edebiýatinda, belki- de dünýäde  heýkellere  öwrülen we her biriniñ añyrsynda giden bir düşünje ýatan atlardyr, adalgalary özüniñ giñ düşünjelerini beýan etmek üçin örän yerlikli ulanyp bilipdir. Hut şonuñ üçin hem onuñ köp goşgularyny, ylaýta- da filosofik düşünjelerini halk köpçüligine has düşnükli  beýan etmek üçin ençeme kitaplar ýazmak bolar hem-de ýazylmalydyr diýip düşünýäris. Belki- de Beýik Magtymguly özüniñ gysga hem aladadan doly ömrüniñ dowamynda mähriban halkyna örän köp öwütler edipdir.

 
Elbetde, Magtymgulynyñ oý- pikirlerini  açmak we halk köpçüligine has düşnükliräk beýan etmek üçin edilen işler az däldir. Türkmen alymlarynyň arasynda Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanyň mertebesi, öz ýaşan döwrüne we onuñ talaplaryna dogry düşünmek bilen özüniň taryhy wezipesini nä derejede ýerine ýetirendigi hem- de öz halkyna we bütin adamzada eden hyzmatlary bilen kesgitlenilýär. Şu hakykaty göz öňünde tutmak bilen biz, öz beýik akyldarymyz hem milli şahyrymyzyň beýikligine dogry hem älem syrlaryny bir ara getirip, şol syrlar içinde täze bir ýol arçamasy , ýörelmedik ýola tarap, yşyk göndermesi ýaly bir zat bolup görünýär, şähyryň döredijiligi.

Çarynazar ARABOW
S.A.Nyýazow adynaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:09 am, Nov 24, 2024
temperature icon 6°C
облачно с прояснениями
Humidity 100 %
Pressure 1018 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 76%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Watan habarlary 31 10 2024

Next Story

Ýerasty baýlyklarymyz – halkyň milli baýlygy we buýsanjydyr!

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop