Dark
Light
25.01.2026
1530879469 THE ASHGABAT TIMES

Dessançylyk janrynyň ähmiýeti

19.10.2024

Türkmen halky gündogar halky bilen bilelikde dessan janryna hem juda uly hormat goýan halk hökmünde tanalandyr. Çünki dessançylyk janryndaky täzeden ýekelikde dessany gürrüň bermek, gürrüň beren ýeriňde hem beýik duýgulayr başdan egçirip, diňläýjä , tomaşaça diňletmegi başarmak bolsa, aýratyn zehini talap edýär.Dessan-şygyr bilen kyssanyň garyşyk getirilmeginden düzülen epiki eserdir. Dessan we dessançylyk türkmen edebiýatyna, halk döredijiligine mahsus janrlaryň biridir. Dessanyň sýujeti, esasan, halk rowaýatlaryndan, ertekilerinden alynýar. Bu günki gün Garaşszy diýarymyzyň ähli ýerlerinde dessançylyk däplerine, bu janra aýratyn üns berilýär. Esasan bagşylarmyzyň dessan aýtma häsiýetleri olaryň ýekelikdäki aktýer hökmünde seredilmegini saglaýar. Halkymyzyň geçmiş mirasyny gürrüň bermek meselesinde bolup geçýän hadysalary dessanyň ähmiýeti bieln sepleşdirmek elbetde her kesiň işi däl. Emma dessanlardan bu iş amala aşýar. Dessanlar özleriniň häsiýetleri, temasy, ideýa-mazmuny boýunça dürli-dürli bolýar. Türkmen edebiýatynda “Görogly” eposy, “Ýusup-Ahmet”, “Aly beg-Baly beg”, “Döwletýar” ýaly dessanlar gahrymançylykly dessanlara, “Leýli-Mejnun”, “Zöhre-Tahyr”, “Şasenem-Garyp” ýaly eserler yşky-liriki dessanlara, “Nejeboglan” bagşylaryň durmuşyndan ýazylan dessana, “Seýpelmelek-Methaljemal”, “Gül-Bilbil”, “Gül-Senuber” ýaly dessanlar fantastik dessanlara degişlidir. Dessanlaryň özboluşly aýratynlygy olaryň gündogar halklaryna mahsus täzeçilligi hem- de köneçilligi emele getirmesidir. Dessanlar elbetde durmuşda bolup geçýän wakalary gyzykly gürrüň bermek üçin hem oňaýlydyr.Dessanlar halk arasynda uly höwes bilen diňlenipdir. Dessany boýdan başa ýerine ýetirýän bagşy-sazandalara dessançylar diýlip-dir.Dessanlaryň üsti bieln durmuşda başarnygyňy görkezmek we şol ýerden baş alyp çykmak ýaly meseleler örboýuna galýar. Dessanlar türkmen bagşylarynyň esasy repertuar çeşmesidir. Dessançy bagşylaryň hataryna türkmeniň belli bagşy-sazandalary Pälwan bagşynyň, Nazar Baganyň, Magtymguly Garlyewiň, Öwülýägulydyr Palta bagşynyň atlaryny tutmak bolar. “Görogly” eposynyň 1941-ýyldaky neşiri Pälwan bagşynyň, “Hüýrlükge-Hemra” dessany bolsa Nazar Baganyň dilinden ýazylyp alyndy. Munuň özi bolsa, dessan janrynyň edebiýetda uly orun tutýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde dessanlary öwrenmek biziň halkymyza mahsusdyr.Dessançylyk däpleri biziň ýurdumyzda hemişeki bolşy ýaly ýokary derejeler bilen hem öwrenilýär hem-de ýaýbaňlandyrylýar. Esasy halk döredijiliginiň bir janry hökmünde halkyň ruhuna siňen dessançylygymyz aslynda gadymy döwürlerde hem öz gözbaşyny halka döredijiliginiň beýleki janrlarny ýygnamakdan alypdyr, şol sebäpli-de bu günki gün Garaşsyz diýarymyzda bu ajaýyp janr ýene-de täzeden ýaş nesillere öwredilip, toý- märekelerde özüniň ýerini tapýar bu bolsa, halkyň milli mirasyna , edebiýatyna bolan söýgini döredýär hem-de ýadygärlik hökmünde halkyň ruhy ýagdaýyna siňmäge mümkinçilik döredilýär. Bu bolsa, Garaşsyz diýarymyzda geçirilýän çäreleri bezýär.

Bahar ANNAÖWEZOWA
Türkmen Döwlet medeniýet we sungat
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

e2e654d0e066532bfc9871527d1893d9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gül gunçasy gara gözüm garasy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Janly ýaşaýyşyň gönezligi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop