m5wbftd9kyaefjclpdu578pzwajvw8bk8el9ahqp scaled THE ASHGABAT TIMES

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Woo Won-Şik

14.10.2024

Türkmenistanyň Parlamentiniň Başlygyny we şu günki duşuşyga gatnaşýan beýleki parlament ýolbaşçylaryny mübärekleýärin. 

Geçen ýylda Seul şäherinde geçirilen duşuşykdan soňra, şu gün biz Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň nobatdaky ikinji duşuşygyny geçirmek üçin bu ýere jemlendik. Bu duşuşygyň ajaýyp guramaçylygy üçin köp sag bolsun aýdýaryn. Türkmen tarapyndan çuňňur we aýratyn hoşallygymy bildirmek isleýärin.   

Men Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen işlemäge örän şat. Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasy – Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen hyzmatdaşlyk eden köne dostlardyr. Häzirki wagtda hem Beýik Ýüpek ýoly koreý halky üçin Merkezi Aziýanyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek üçin köpri bolup durýar. Bu bize çäksiz gözellik we ösüş mümkinçiliklerini ýatladýan nyşan hökmünde çykyş edýär. 

Diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan soň geçen 30 ýylyň içinde biz dürli ulgamlarda alyş-çalyşyň we hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrdyk. Biz özara bähbitli we geljeke gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek barada ylalaşdyk. 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk forumy 2007-nji ýyldan bäri geçirilýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçen ýylda geçirilip başlandy. Geljek ýylda hem Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. 

Şeýlelikde, biz kanunçykaryjy edaranyň ornuny täze derejä çykarýarys. Biz özara ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň iň pugta binýadyny goýýarys. 

Men Merkezi Aziýa özüniň ösüş mümkinçiligini durmuşa geçirmäge çalyşýar diýip hasap edýärin. Bu ugurdaky köptaraplaýyn tagallalar meni haýrana galdyrdy. Şeýle tagallalar Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň hasabyna hem amala aşyrylar.  

Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bellenilip geçilen taryhy we medeni gatnaşyklardan başga-da, meňzeş garaýyşlar we ençeme umumy wezipeler bar. Merkezi Aziýa ýurtlary durnukly ösüşe tarap ymtylýarlar. 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:18 pm, Jan 19, 2025
temperature icon 7°C
облачно с прояснениями
Humidity 65 %
Pressure 1015 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:14 pm
wxcz51gjtbo8gcqp2kotv9a4xmmxkegl4pqknvnh THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa

zvpksimpxvlrspjmb38ok37y3hiiwfczaifef0ud THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majilisiniň Başlygy E.Ž.Koşanow:

Soňkylar Habar

Aşgabat owgan halkyna goldaw bermegini dowam eder

15.01.2025
Türkmenistan, bitarap döwlet hökmünde, Owganystanda parahatçylyga we raýat ylalaşygyna, ykdysady infrastruktura dikeltmäge we sosial meseleleri çözmäge gönükdirilen tagallalary goldaýar we bu ýurda kömek bermegini

Sanlaşdyrylan  ösüşler

13.01.2025
       Ýurdumyzda her ýyl ösüşler öz ornuny tapýar. Bu ýyl hem “Halkara Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” milli ykdysadyýetimiziň altyn hazynasy bolan nebit we gaz
GitTop