Milli ykdysadyýetimiziň abraýy

15.10.2024

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamy häzirki zaman ösüşlerine laýyklykda halkara halkasyna çykmak bilen ösüşlere tarap özüni ýokarlanýandygyny subut edýär. Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen bu pudagyň ösüşi bilen birlikde dünýäniň çar künjüne ýaýraýan halkara gara altyn ýollary ýurdumyzyň esasy ykdysady zolagynda Türkmenistanyň ýeten derejesiniň nusagasydyr. Häzirki zaman tehnologiýalar eýýämi üstünliklere uzaýan adamzada köp zatlar babatynda ýeňillikler döretmek bilen bilelikde , üstünligiň açary bolan komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar.

Bu günki gün nebit we gaz toplumynyň sanlaşdyrylmasy hem-de doly ýagdaýda halkara satyş bazarlarynda gymmatynyň artmasy hem türkmen tebigatynyň tebigy baýlyklarynyň täsinligi hem-de minetallara baýlygy bilen düşündirilýär. Gymmatyny artdyrýan her bir çyg mal bolsa, edil bu pudaga garanyňda zerurlygy bilen ölçelýär. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmeginde merkezleşen köp işler logistik dünýägaraýyş bilen ösýär we häzirki döwürde dünýäniň çar künjünden habar almaga, tiz işlemäge we ykdysady çykdaýjylaryň sanynyň azalmagyna mümkinçilik döredýär.

Ýurdumyzyň nebit we gaz ugry boýunça , ykdysady ösüşleriň beýany bilen ösýändigi bir näçe ýyllar öň hem dünýä derejesindäki tanalýan ösüşleriň hataryna girdi. Garaşsyzlygy alanymyzdan soň bolsa, halk bähbitli edilýän işlerde ýurdumyzyň ykdysady hem kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde häzirki zaman sanly ykdysady mümkinçilikler öz beýanyny tapdy. Esasan nebit we gaz ulgamynyň ýeten derejelerini , bu günki gün ýurdumyzda geçirilýän halkara abraýly forumlaryňdyr, maslahatlaryň netijeliligi hem türkmen tebigatynyň egsilmez baýlygy bolan nebit we gaz ulgamynyň üstünlikleri hakynda dünýä ýaň salýan beýik mahabaty ýüze çykarýar. Häzirki döwürde il halk ähmiýetli, döwlet bähbitli işleriň geçirilmegi bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş- ykdysady şertlerini gowulandyrmak üçin edýän işleriniň iň esasylarynyň biridir.

Nebit –gaz ulgamynda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk- de ilerlemesinde Gahryman Arkadagymyzyň görelde mekdebiniň bardygyny subut etdi. Çünki goňşuçylyk gatnaşyklarda bu ajaýyp yzygiderli göreldeleri görkezmek bilen gaz bilen üpjün edilen maşgalalaryň şatlygynyň çäksizligini gazanmak , şonuň bilen birlikde dünýäniň dostana ýurtlarynyň Türkmenistanyň derejeleýän parahatçylyksöýüjilikli syýasatyndan ugur almagy bilen bagly uly buýsançdyr. Şeýle ajaýyp görelde biziň ýurdumyzda ata- baba gelýän däp-dessurlaryň biridir.

Goňşyçylyk gatnaşyklarynda ilerleýän her bir ädim ýaňy- ýakynda ýurdumyzda geçirilen halkara forumda hem esasy mowzuk boldy. Talyp ýaşlaryň nebit we gaz ulgamynda komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynda edilýän işleriň üstünliklerini ýola goýmak häzirki döwürde sanly bilim hem- de tehnologiýalar babatynda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler hem-de olaryň üstünlikli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin halkara derejesinde ylym, bilim babatyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bu ugur boýunça ýene ösýän türkmen diýarynyň abraýynyň artýandygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Türkmenistanda täze burawlanylýan nebit we gaz guýulary, şeýle hem ozaldan işledilip gelinýänleri kompýuterleşdirilýär. Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalar arkaly guýularyň önüm ýygnanýan innowasiýon ykdysady ölçeg sistemalarynyň birlikdäki işewürligini artdyrmakda edilen işleriň iň ýokary derejesidir.

Sanlaşdyrylan bu ugur bolsa, ädimme- ädim halkara abraýyny gazanýar. Sanly serişdeler we innowasion tehnologiýalar bilen çuňluklaryň geologik gurluşynyň we önüm toplanýan gatlaklarynyň ýagdaýyny öwrenmek, bäş müň metr çuňlukdan gije-gündiziň dowamynda alynjak önümiň Onlarça kilometre dowam edýän bu çäkde dürli çökündili gatlaklar ulgamy çuňluklara uzaýar. Sanly tehnologiýalar açyşlaryň tejribeleri innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen çuňluklarda ýatýan gatlaklarda örän uly uglewodorod serişdeleriniň toplanýandygyny hünärmenler belleýärler. Türkmen topragynyň baýlyklaryndan düzülen bu önüm esasy adamzat üçin gazanylan üstünlikli işleriň netijeliligini ýüze çykarmakda, ykdysady ösüş jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň şertleriniň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär. Ykdysady ösüş ekstensiw ýa-da intensiw ugurlary boýunça ýokary göterilmesini gazanmakda ösen görnüşde bolup biler .Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa ekstensiw ykdysady ösüş.

Türkmen diýarymyz gün- günden ösýär, özgerýär hem-de dünýäde halkara abraýyny artdyrmasyny dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy-da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Häzirki zaman tehnologiýalar eýýämi üstünliklere uzaýan adamzada köp zatlar babatynda ýeňillikler döretmek bilen bilelikde , üstünligiň açary bolan komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar.Nebit we gaz ulgamy-da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp, Diýarymyz beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Bu bolsa, bizi hünärmen hökmünde hem buýsandyrýar hem-de işimize söýgümizi artdyrýar. Bu babatynda suwuklandyrylan gazyň eýýäm Özbegistana getirilmegi hem mysallaryň biridir. Dogrusy türkmen tarapy bilen özbek tarapy bu işlerde ýokary netije gazanylmagyny öňräkden bäri saglaýar. Türkmenistan diýarymyzyň müňlerçe tonna suwuklandyrylan gazy Özbegistana iýbermesi bu maksatlarda iň uly ädimleriň biridir.

Müňlerçe tonnasyny Garagalpagystanyň, ýene-de müňlerçe tonnasyny Horezm oblastynyň ýaşaýjylarynyň arasynda paýlamak meýilleşdirilen bu önüm nijeme adamalryň durmuşykdysady ýagdaýyny has gowulandyrmak maksatlary bilen ugradyldy. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem bu işde edilen işleriň naýbaşysy boldy. Dogrusy diýarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk ýoly bilen alnyp barylýan işleriniň netijesinde ilaty ykdysady taýdan üpjün ýaşatmak şertlerinde görelde bolmagyny dowam etdirýär.Önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki resurslaryň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze gurluşygyň hasabyna alnyp barylsa, onda bu ösüşiň ekstensiw ýoludyr.

Türkmenistan diýarymyzda ýakynda belleniljek Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem- de şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Ýaňy- ýakynda geçirilen forum bolsa, munuň gönüden- göni subutnamasydyr. Parahatçylygyň ýaýbaňlanmagy esasynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz-Arkadagly gahryman Serdarymyz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen güýjelýär.

Bu ýyl esasy ýurdumyz üçin dünýäniň çar künjüne ýaň salan halkara abraýlaryny gazanmaga mümkinçilik tapan ýyl boldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda edilýän işler nebit- gaz ulgamyndaky ösüşleriň netijeliligini gazanmakda täze basgançaklara ýetmek üçin döredilýän mümkinçilikleriň innowasiýalaryň täsirini görkezmäge mümkinçilik döredýär. Ykdysady bababatda hem edilýän işler nusgalykdyr. “Pähim- paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyza gelýän myhmanlaryň, Magtymguly Pyragynyň üç ýüz ýyllyk şanly toýy mynsybetli geçirilýän forumlaryň hem-de maslahatlaryň, festiwallaryň hem-de ylmy konferensiýalaryň içinde ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamyna degişli bolan üstünlikleriň geriminiň giňemegi bellärliklidir.

Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara abraýyny artdyrýan bu ulgam-da edilýän işleriň mazmunyny tassyklaýar.

Şeýle mümükinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň görkezen ak ýoly bilen hem-de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen edilýän bu halk bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Gulmanow Aryf Orazmuhammedowiç
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:22 am, Oct 18, 2024
temperature icon 19°C
переменная облачность
Humidity 33 %
Pressure 1012 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 10 mph
Clouds Clouds: 47%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:17 am
Sunset Sunset: 6:25 pm
Öňki taryh

Baş baýlyk- saglykdyr

Next Story

Ölçeg taýakdan hasabat almak

Soňkylar Makalalar

Türkmen binagärçiliginiň taryhy

17.10.2024
Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw,

Arkadag – şäheri ýaşlygyñ we güzelliğin şäheri

17.10.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşli menzilleriň rowana ýolundan  ynamly gadamlar bilen barýan ata Watanymyzda  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde

Sanly ulgam – giň mümkinçilikler

17.10.2024
Häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde, esasanda, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda “sanly ykdysadyýet” adalgasy giňden ulanylmaga başlandy. Hormatly Prezidentimiziñ taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda
GitTop