Dark
Light
03.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

MIWE ŞERBETLERI

22.10.2024

Miweli-iýmişli şerbetler ýylylyk sterilizasiýasyny sezewar edilip, şeker siropyndaky bir ýa-da birnäçe miweleriň we iýmişleriň görnüşlerinden durýan konserwalar. Şeker siropynyň goşulmaly önümiň tagamyny gowulandyrýar we kaloriýalylygyny ýokarlandyrýar. Şerbetler kulinariýa tarapdan goşmaça işläp taýýarlamagy talap etmeýän ýokary hilli diýektiki konserwalardyr. Olaryň hili esasan çig mala we öndürmekligiň tilsimatyna bagly bolýar.

Çig maly taýýarlamak

Miweleriň we iýmişleriň sort aýratynlyklary, olardan taýýarlanylýan şerbetleriň hiline täsir edýär. Miweler-iýmişler ulanylýan maksatlaryna görä sortlara bölünýär. Mysal üçin: şänikler aşhanalyga we konserwalyklara bölünýär. Erigiň Lýuziýe ýaly ýokary hilli aşhanalyk sorty şerbet taýýarlamaga az derejede ýaramly. Şetdalynyň ýeňiji, Maýflewer ýaly aşhanalyk sortlarynyň hem şerbet taýýarlamaga ýaramlylygynyň ýokary däldigi bellenip geçilýär.
Çig maly taýýarlamak üçin olary sortlamaly, zaýa bolan görnüşleri aýyrmaly we kalibrlemeli.Konserwirlemäge taýýar edilen miweler we iýmişler ölçegleri we reňkleri, bişiş derejesi boýunça deňleşdirilmeli.

Çereşnýa. Çereşnýadan şerbetler taýýarlamak üçin olaryň miweleriniň diametri 15 mm-den kiçi bolanlaryny, reňkleriniň açyk-sary ýa-da goýy gyzyllaryny ýaramly diýip hasaplanylýar. Açyk-sary we goýy gyzyl reňkli çereşnýalar konserwirlenenden soň hem öz tebigy reňklerini saklaýarlar. Işlenenden soň, olar öz tebigy gülgin we gyzyl reňklerini ýitirip daş görnüşleri boýunça özüne çekiji bolmaýar. Ondan başga-da miweleri ýarylmaly däl. Olaryň şänikleriniň ölçegleri kiçi bolmaýar.
Şerbet taýýarlamak üçin sary miwelerinden Dorogaýa žoltaýa, Deniseniýe žoltaýa, Pobeda ýaly sortlary has ýaramly hasaplanylýar.

Erikler. Şerbet taýýarlamak üçin gowy çig mal diýip hasaplanylýar.Ownuk miwelerini bitinligine, iri miwelerini bolsa ýarta bölüp konserwirleýärler. Içiniň eti dykyz we eräp gitmeýän bolmaly. Şonuň üçin ýygymyň wagtyny dogry saýlap almaklygyň uly ähmiýeti bar.

Doly bişmäge iki gün galanda ýygylan eriklerden taýýarlanan şerbetleriň hili gowy bolýar. Şerbet taýýarlamak üçin niýetlenen erikleriň reňki sarydan mämişi bolan ýagdaýynda özüne çekiji bolýar. Şerbet taýyarlamak üçin niýetlenen erigiň iň gowy sortlaryna Krasnoşeki (gyzyl ýaňak ), Krasnyý partizan we başga-da sortlary ýaramly bolýar.

Konserwirlemek üçin gabygy we eti ýelmeşmeýän Renklod zelýonyý, Renklod antana, Renklod Bäwe, Wenkerka domaşnaýa, Wenkerka Italýanskaýa, Anna şpet, Persikowaýa we başgalar ýaramly diýlip hasaplanylýar.

Almalar. Gaýtadan işlemek dykyz bölunmeýän etli süýjiden-turşy tagamly we hoşboý ysly – Pepin Litowskiý, Rozmalin beli, Rineet similenko, Renet şampanskiý, Boýken, Renet kurskiý zolotoý we başgalar ýaramly diýip hasaplanylýar. Kiçi miwelerden Kitaýka saniunska webaşgalary şerbet taýýarlamak şeýle-de bitinligine konserwirlemek üçin peýdalanylýar.

Leýli AMANGYLYJOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

290822 001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýä arhitekturasyndaky ösüş

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Denominasiýa we onuňdurmuş-ykdysady netijeleri

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop