Dark
Light
03.01.2026
main 2x 9 THE ASHGABAT TIMES

Resmi: Fallout ikinji möwsüminiň surata düşüriliş senesi yglan edildi

24.10.2024

Fallout serialynyň birinji möwsüminde Betti Pirsony oýnan aktrisa Lesli Aggams, meşhur proýektiň dowamynyň surata düşüriliş senesi barada takyk maglumat berdi. Öň ikinji möwsüm barada ýeke-täk habar, awgust aýynda anyk senesiz önümçiligiň tiz wagtda başlanjakdygy barada yglan edilipdi.

Aktrisa serialyň surata düşürilişiniň resmi taýdan noýabr aýynda başlanjakdygyny aýtdy.

Bu ajaýyp serial! Onuň efire çykanda haýran galdym. Meniň gahrymanymyň henizem ätiýaçda kartlary bar, şonuň üçin tomaşa etmegi dowam ediň. Biz noýabr aýynda surata düşürip başlaýarys, men muňa örän begenýärin.

Birinji möwsüm 10-njy aprelde çykdy. Prime Video dowamynyň önümçilik prosesini çaltlaşdyrdy we Fallout ikinji möwsümini birinjisiniň tamamlanmagyndan bary-ýogy sekiz gün soň tassyklady. Senariýany taýýarlamak we önümçilikden öňki işler takmynan ýarym ýyl dowam etdi. Birinji möwsümiň birnäçe cliffhanger bilen tamamlanandygyny ýatladýarys.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

efw THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

USAID GLOBALG.A.P. SERTIFIKATYNY ALMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANYŇ IŇ ULY BADAM ÖNDÜRIJISINE GOLDAW BERÝÄR

27.01.2022 alabay THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Artykmaç jandar

Soňkylar SÖHBETDEŞLIK

Sungat äleminiň göwheri (eksklýuziw)

22.12.2025
«Ýylyň parlak ýyldyzy — 2025» bäsleşiginiň ýeňijisi, hoş zybanly aýdymçy — Göwher Hojimyradowa bilen guralan baýramçylyk söhbetdeşligini web-saýtymyzyň okyjylaryna ýetirýäris. — Göwher, söhbedimiziň başynda
GitTop