Dark
Light
24.01.2026
oig2.r7pbkaimtaetcfdhwsww THE ASHGABAT TIMES

Türkmen binagärçiliginiň taryhy

17.10.2024

Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw, Peşan, Daňdanakan, Amul, Zemm, Saragt, Mehne, Abywerd, Kufen, Nusaý, Ýazyr, Dehistan, Ahur we beýleki ululy-kiçili şäherleri, Demirgazyk Türkmenistanyň Köneürgenç, Zamahşar, Wezir wе beýleki şäherleri uly ösüşde bolupdyrlar. Türkmenistandaky şäher-kentler şol döwürde medeniýetiň, binagärçiligiň, sungatyň, ylmyň dürli ugurlarynyň juda gülläp ösеn ýeri hasaplanylypdyr.
Ýurdumyzyň Mary welaýaty taryhy ýerlere baý ülkedir. Soňky zamanlarda alymlar tarapyndan Garagum çölüniň çägeleriniň jümmüşinde Murgap derýasynyň gadymy akymynyň ugrunda ýaşan köne döwür ilatynyň ýaşan mesgenlerini öwreniş işleri geçirilipdir. Murgabyň gadymy akymynyň ýakalaryny özleşdirmäge synanyşyklar mis-daş (eneolit) döwründäki günorta Türkmenistanyň ýerli taýpalaryna degişli bolupdyr. Soňky şowly synanyşygy, tanymal alym W.I. Sarianidi has giçki eýýama, akkad döwrüne degişli edýär, belki has düýpli ylmy öwrenilişler alnyp barylsa, bu ýerde ondan biraz irräkki ýaşaýyş mesgenleriniň hem üsti açylmagy mümkin.


Bu ýurt Mesopotamiýa bilen Hind derýasynyň arasyndaky çäklerinde agalyk eden we bütin ýakyn Gündogaryň ykdysadyýetinde, şeýle hem medeniýetinde möhüm orny eýelän gadymy ýurt bolupdyr. W.I. Sarianidi: «Köp sanly ägirt uly köşkler, belent ymaratlar, şa gonamçylygy, iň baý gonamçylyklar, gadymy sungat eserleri özleriniň ähli geň galdyryjy täsinlikleri bilen bu ýerde ozal mälim bolmadyk dünýä medeniýetiniň gadymy merkeziniň bolandygyna ynandyryjylykly şaýatlyk edýärler. Ol «Merkezi Aziýa» diýlip atlandyrmagyň hakyky hukugyna eýedir» diýip belleýär. Häzirki döwürde Gadymy Mary topragynyň dünýäniň bäşinji gadymy siwilizasiýasynyň ýerleşen ýeridigi dünýä alymlary tarapyndan ykrar edildi. Bu örän buýsandyryjy hadysadyr.


Gadymy galalara baý bolan orta asyr Merwiniň binagärçilik eserleriniň hatarynda: Sahabalaryň, Muhammet ibn Zeýdiň, Gyz bibiniň guburlarynyň üstünde gurlan kümmetleri, Hoja Ýusup Hemedanynyň gubury we metjidini, Uly gyz gala we Kiçi gyz gala ýaly köşk binalaryny, orta asyr Merw welaýatynyň çäklerinde ýerleşen Talhatan baba metjidini, Ymam Bekiriň gubuhana kümmetini (Ýolöten etraby), Gök gümmez kümmetlerini (Sakarçäge etraby) we beýleki binalary görkezmek bolar.
Gadymy Ahal topragy hem taryhy ýerlere baý toprakdyr. Munuň şeýledigini, takmynan 6-3 müň ýyl mundan ozalky zamanlary öz içine alýan arheologiki döwür bolan täze daş (neolit) döwrüne degişli Jeýtun taryhy-arheologik ýadygärligi, Kaka demir ýol beketiniň ýakynynda ýerleşen Namazga depe, Duşagyň günortasynda ýerleşen Ýasy depe, Mänäniň ýakynynda ýerleşen Altyn depe, Aşgabadyň ýakynynda ýerleşen Ak depe, Gäwersiň ýakynynda ýerleşen Gara depe, Gowşut bekediniň ýakynynda ýerleşen Ýelken depe, Yzgant obasynyň ýakynynda ýerleşen Daşly depe, Ahal obasynyň ýakynynda ýerleşen Pessejik depe, Tejen ýakynlarynda ýerleşen Göksüýri, gadymy dünýä ak bugdaýynyň däneleriniň tapylan we ynsanlaryň ýerleşiş mesgenleri boýunça dürli taryhy döwürleri öz içine alýan Änew taryhy ýeri, Parfiýa döwletiniň patyşalarynyň dogduk watany we syýasy merkezi bolan Nusaý taryhy ýeri, «Abywerdi», «Bawerdi» ýaly nisbalary göteren beýik şahsyýetleriň watany — Abywerd, «Sarahsy» nisbasyny göteren beýik şahsyýetleriň watany — Saragt, meşhur «Mehneýi» nisbasyny göteren beýik alymlaryň watany — Mäne we beýlekiler ýaly orta asyr taryhy ýerleri hem görkezýär. Ahal welaýatynda saklanyp galan binagärçilik eserleriniň hatarynda: Abusagyt Abulhaýr Mehneýiniň, Abulfazl Sarahsynyň, Gaýypguly Gerçek, Patyşa Hoja guburhana kümmetleriniň binalaryny, Saragtdaky Ýartygümmez binasyny we beýlekileri görkezmek bolar.

Wepaly MUHAMMETÝAZOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

17102024 002 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

main 2x 3 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Jeýms Gunn Superman muşdaklaryna Krypto itiniň näme üçin Labrador, Husky ýa-da Owçarka däldigini düşündirýär

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop