Ykdysady özgetmeler mekany

11.10.2024

Bagtyýar ilimiziň ykdysady ýetişginligi hem-de bu günki günüň nazary bilen seredilende Türkmenistan diýarymyzda ýola goýulýan işler ümmülmezdir. Häzirki zaman Ykdysady ösüşleriň we özgertmeleriň zamany bolan Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen halkara äheňiznde geçirilýän ýokary derejeli konferensiýalardyr, ykdysady forumlar munuň şeýledigini subut edýär.Ümmülmezgiňişligi gurşap alýan türkmenistan diýarymyz bu günler ösüşleri bilen ilerleýän dünýäniň dostana döwletlerine ykdysady, syýasy , medeni goluny uzadýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryndaky ösüşler bolsa, munuň şeýledigini aýdyň subut edýär. Türkmneistanyň nebit- gaz pudagy hem ýurdumyzda iň ýokary görkezijili , ilatyň hem dünýäniň hem şol bir wgatyň özünde sarp edijiligi beýik bolan ajaýyp ösüşlere salgylanýan ýokary hil derejeli ösüşleriň mekanydyr.Türkmenistan nijeme asyrlar bäri iň ýokary derejäni nebit we gaz ulgamynda, ýangyç hem-de beýleki çyg mallar ulgamynda ýokary bahalar gazanan ýurtdyr. Ýudumyzyň berekedi, ylahy nazar bilen berilen ruhy ahwalaty bu günki gün Garaşsyzlygyň miwesidir. Elbetde beýik döwletler gurulanda ilki bilen ykdysady zerurlyklar öňe tutulýar. Şol bir wgatyň özünde ýokary hilli pudaklaryň biri bolan nebit –gaz pudagy bolsa, ykdysady hem zerurlyk boýunça ynsanlyk öňdebaryjylygyny eýeleýän pudaklardan ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysady derejämiziň ýokary göterilmegi bilen halk bähbitli we ýurt ähmiýetli işleriň ýola goýulmagy halkymyzy begendirýär. Çünki söwda ýollary, deňiz, kerwen ýollary her zamanda türkmen topragyna bolan ünsüni saklapdyr.  «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, şol meýdanlardan köle barýan köp sanly zeý suw akabalarynyň geçmegi ol örüleriň aglaba bölegini suw bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Millionlarça gektar öri meýdanlaryny has netijeli ulanmaga hem-de ýakyn ýyllarda bu sebitlerde mallaryň baş sanyny has-da köpeltmäge zerur şertleriň döredilýändigini aňladýar.

Ýer ýüzündäki iň uly dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk suw ulgamy bolan Hazar deňzi bu günki gün dünýäde gaty uly wezipäni öz üstüne alýan we gelejekde nijeme gerekli maddalaryň çöketligi bolan deňizdir. Ýokary çuňlugy boýunça dünýäde üçünji orunda durýar.    Deňiz hökmünde bolsa-da Hazaryň akymy ýokdur, muňa garamazdan deňizdäki suwuň mukdar derejesi durnuksyzdyr.Şeýlelikde deňiz enarynda nijeme müňläp janly- jandarlar, agaçlar bar bolan bu deňiz edil ýeriň ýüregi ýaly, ortaradadyr. Üç müň ýyllap suwuň derejesindäki üýtgeşmeler 40 metre ýetdi. Häzirlikçe Hazaryň suwunyň nirä gidýändigi nämälimligine galýar,munuň özi dünýäniň alymalryny hem gyzyklandyrýar. Ummanyň gözelligi, adalara bölünmegi esasynda ýeriň ýüreginde uly bir suw giňişligini goýup ýok bolmasy eýýäm nijeme asyrlardan bäri öwrenilip gelinýän hadysadyr. Köpasyrlyk taryhynyň dowamynda Hazar deňzi dürli halklar tarapyndan dürli hili atlar bilen atlandyrylypdyr. Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda, şeýle hem tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyny durnuklaşdyrmakda örän möhümdir. Häzirki wagtda bu ýerde medeni zolaklary, öri meýdanlaryny döretmek babatda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Türkmen kölüniň zeýkeş-zeýakaba suw ulgamlarynyň gidrohimiki barlaglaryny tamamladylar. Topragymyzyň baýlykalryny ykdysady ugur boýunça aýap saklamak hem-de bu günki gün halkyň hal- ýagdaýyny ykdysady nazarýetden has-da gowulamak şerti bilen edilýän işler munuň şeýledigine güwä geçýär.

Aral kölüniň gapdallaryny agaçlandyrmak meseleleri. Bu ugurda ojar agaçlary göz öňüne tutulyp, ekilmäge başlady.

Türkmen kölüniň suwuny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny özleşdirmek, onda tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Öri meýdanlaryny giňeltmek, balykçylygy ösdürmek we suw serişdeleriniň goruny döretmek üçin giň mümkinçilikleri açylýandygy hakynda nijeme gezekler ýazdyma, ýöne gözüm bilen görmändigim üçin men bu zatlary arzuw hökmünde gelejekki ýüzýyllyklara çenli dowam eder. Her gysym topragynda baýlyga eýe bu ýerlerde nebit ýataklarynyň we gaz känleriniň tapylmagy bolsa, has dogrusy täze zamannyň gözel goýnunda ýaşaýan halkymyz şaýat boldy. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­mlary- da olarda gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan döw­re­bap ýaşandygyny elbetde biziň bilmeýänimiz ýok.Şahyr ýüregi halkyna daýanyp,onuň beýik ruhunda emele gelein beýik bir sütünden ruhlanyp elbetde zamananyň tanymal şahsyýeti bolandygy hemmämiz üçin aýandyr.Her bir dünýägaraýşy baý adam bolsa,jemgyýetiň iň uly basgançaklarynda kemala gelýändir.Şonuň üçinem ilki bilen kitaplarymyzyň aýawly saklanmagyny gazanmak,dostlarymyz bilen bir-birege mylaýym hem-de hormatly aragatnaşyk saklamak,mugallymlara sylag-hormatymyzyň çksizligini görkezmek bolsa,bilim ojagyndaky esasy zatlaryň biridir.Şeýlelikde dostana gatnaşyklar adamyň şahsyýetine uly jogapkärçilikli çemeleşmäge mümkinçilik döredýän bolsa,diýmek duýgy kämilligini öňe çykarmakda,adamyň ruhundaky bilim hazynalaryny açmakda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýüze çykarmakda edilýän işler biziň watanymyzyň ösüşine uly mümkinçilik döredýän bolsa,diýmek biz bu meselede öňdebaryjy bolmaga laýyk görülmelidiris.

Her bir dostuň özüň ýaly watansöýüji,il-halka peýdaly bolmagyny gazanmak bolsa,gelejekde şahsyýet bolmagyň iň nurana keşbidir.Her bir adamda dost näçe köp bolsa,şol adamyň dünýäsi ýokarda belleýşimiz ýaly juda rahatdyr. Dostlugyň oglanlar üçin has zerurlygyny belläp geçmek gerekdir. Türkmen diýarynyň hili taýdan ýokarlanýan önümleri bilen, dostana gelýän myhmanlarynyň hoşniýetli gatnaşygy bilen şeýle- de Türkmen diýarynda Garaşsyzlygyň netijesi bilen ölçelýär. Parahatçylyga we hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan su syýasy ähmiýetli döwletara çäresi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.Ýurdumyzda geçirilýän beýleki çäreler hem halk bähbitli işleriň amala aşyrylmasy esasynda örän köp işleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär. Watanymyzyň ösüşiniň, abadançylygynyň bähbidine  Döwletimiziň ýokary derejeli ösüşleri diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyryldy. Häzirki wagtda desgalary dolandyrmak, gurmak we halk üçin, şeýle- de maksatly desgalary gurup ulanylmaga berilmegi Garaşsyzylyk ýyllary içinde ýurdumyzda gurluşga berlen ünsüň üstünlikli taraplaryny ýüze çykarýar.  Bu ýerde gurlan üzümçilikleriň bolsa, grek medeniýetiniň üstünden geçendigini habar berýär. Ondan soňra Parfiýa medeniýetiniň gelendigini b.e.öň 3 –nji müňýyllyklaryň binagärlik sungatyny amala aşyrmakda şäheriň gapdlayndan Murgap derýäsynyň deltasynyň geçirilmegi bolsa, ýuwaş- ýuwaşdan Margiýanany boýun egdirmek üçin edilen hasaplanýar, alymlar tarapyndan.

Arşakidleriň synmagy bilen Parfiýa medeniýeti özüniň binagärliginden başga- da umumy Parfiýa medeniýetiniň gurşamagy bilen wagtyň geçmegi bilen  arhitektura sungatyna siňýär.

Mukaddes tagmalardyr, aňlatmalar, şekillerdir, galyndylar, Margiýananyň esasy ruhy ahwallary bilen birlikde şäheriň bingärlik aýratynlygyna hem täsir edişi bellenilýär.  Parfiýa şalygynyň eline geçen Margiýana bolsa, wagtyň geçmegi bilen zorastrizm dini ornaşdyrylmagy bilen hem sungatda hem dinde, hem medeniýetde Margiýananyň keşbi üýtgemäge başlaýar.

Şeýlelikde ol ýerde pul birligi ýüze çykýar. Sebäbi Parfiýa medeniýetiniň çözgüntelrini özünde saklaýar. Az salymdan güllemäge başklaýan Parfiýa medeniýeti şol döwürde dünýäniň iň uly şäheri hem- de söwda nokady hasaplanyp, beýik ýüpek ýolunyň üstünden geçemgini saglaýar.Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýurdumyzy ýer ýüzüniň dostana döwletleri bilen aragatnaşyk saklamakda ykdysady ulgamda geçirilýän işleri nazar alyp , ösdürmek  tagallasy bilen ýurdumyzda Nebit we Gaz pudagyna berilýän ünsler halk bähbitli işleriň hemişelik ýola goýulandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi ýokary hilli önümi bolan islendik döwletiň dünýä bazarynda ornunyň bardygyny halkyna açyp görkezmesidir.Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan gözbaş alan bu halk bähbitli aladalar gelejekde ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş şertlerini has- da gowulandyrmak we şol babatda edilýän işlere has içgin garamak ýaly netijeler bilen baglanşyklydyr. Ýurdumyz Garaşsyzlygyň datly miweleriniň naýbaşysyny öz goýnunda siňdirip, ýangyç meselesi çözülen döwletimizde, hat-da uzaklarda baryp bolmaýan nokatlarda hem elýeterli bolan ýangyç önümleriniň bardygy guwandyrýar.

Häzirki wagtda dünýäniň ýüzi Türkmenistan bakýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly serdarymyzyň edýän işleri nebit we gaz pudagy ugrunda ösüşleriň mekany bolan Türkmenistanda giň gerime eýe. Munuň özi bolsa, dünýä bazary bilen bagly işleriň dostana gatnaşyklara birleşip, ykdysady üstünlikleri ýola goýmak derejesi diýmekdir. Häzirki döwürde ýurdumyz arzuwlaryň ganat açýan mekanyna öwrüldi. Ýaş uly nesilden başlap, ýaş kiçä çenli ähli ynsanlaryň birlikde, agzybirlikde ak ýürekden zähmet çekmesi bolsa, bu günki gün halal zähmediň netijesini öňe çykarýar.

Döwletimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, energetika strategiýasynda hem ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsyzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazary uly kepile eýedir. Döwletimiziň ösüşleri ýokary.Ýurdumyzyň bereketli topraklarynda ýaşap, halal gazanç edip, maşgalaňy awadan saklap, watana bolan söýgüňi bu günki gün halkyňa, ýurduňa hyzmat etmek bilen subut etmek bolsa, gör nähili ýakymly. Biz bu ajaýyp üstünliklere begenýäris, buýsanýarys.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi duşuşyklaryň anyk günki gün has wajypdygyny görkezýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy we hyzmatdaşlyk köptaraply esasda ösdürilýär.Ýurdumyzyň ösüşlerinden habar berýän medeniýet ulgamynda bolsa, has- da köp işler alnyp abrylýar.Şeýle- dehalkara gatnaşykalrynda ediljek işler gelejegi nazarlaýar. Ýurdumyzda çar bagly diýarymyzda raýatlaryň bagtyýarlygyny saglaýan işler bolsa, baglaryň ekilmegi, gök meýdanyň arassa howany sgalap, nesillere goýjak ýadygärligi arassa howa bilen üpjün edilmegi bu günki gün dünýäniň ýüzünde iň öňde durýan işlerdir.

Häzirki zaman döwrebaplyk  dünýäsinde komputersiz haýsydyr bir zady göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we görelde mekdebiniň bardygyny subut etdi. Çünki goňşuçylyk gatnaşyklarda bu ajaýyp yzygiderli göreldeleri görkezmek bilen gaz bilen üpjün edilen maşgalalaryň şatlygynyň çäksizligi uly buýsançdyr. Şeýle ajaýyp görelde biziň ýurdumyzda ata- baba gelýän däp-dessurlaryň biridir. Üstünliklere beslenen çäreler mugallymlaryň hem- de ene- atalaryň buýsanjyny artdyrýar.Üstünlikler açary bolan tehnologiýalar biziň günümiziň ýokary derejedäki sowatlylygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde bize ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Munuň özi halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlardan hem-de tehnologiýalar bilen baglanşykly edilýän işleriň getrýän üstünlikleri bilen gönüden – göni baglanşyklydyr. Şeýle mmükinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklardan – rowaçlyklara beslensin!

Bahar GARATAÝEWA
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň
Söwda–Kooperatiw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:51 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 16°C
облачно с прояснениями
Humidity 67 %
Pressure 1023 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Watan habarlary 11.10.2024

Next Story

Tehnologiýa we döwür

Soňkylar Makalalar

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly
GitTop