Ýüreklerde hyjuw bar

24.10.2024

Ýaşlar biziň ýurdumyzyň gelejegi. Olaryň dünýägaraýşy bilen dünýä ösüşlerine ser salanyňda bu günki gün täze bir zamanany duýmaga mümkinçilik tapýarsyň. Ýurdumyzda hyjuwly ýaşlara uly üns berilýär. Olaryň täzeçil garaýyşlary ösüşleriň ajaýyp ädimlerine tarap ýoly alyp barýar. Dünýägaraýşy boýunça hyjuwly hem-de sowatly ýaşlar biziň ýurdumyzyň gelejegidir. Her bir ýurduň gelejegi üçin zähmet çekip, öz hyjuwyny gaýgyrmaýan ýaşlary ruhy hazynanyň açary bolan bilime gönükdirmek hem-de şol bilim dünýäsinden öz gelejegine ýol salgy almak bu biziň ýurdumyzda adalga öwrüldi. Çünki ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça geçirilýän işleriň aýratynlyklaryny, şeýle- de dünýä ülüňlerine talabalaýyklygy bilen birlikde edilýän işleriň üstünlikli amala aşmasynda Gahryman Arkadgymyzyň ýörelgesinden ugur alan ýaşlar Hormatly Arkadagymyzyň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda edýän işleriniň ösüşi bilen işleriň utgaşyp, hakykatdan hem üstünlikden- üstünlige barýan halkymyzyň gelejegini abadanlaşdyrmakda, parahatçylygyň hemişe höküm sürmegini gazanmakda bilim ulgamyndaky ýaşlaryň hem goşandynyň uludygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň aýdyň gelejegi üçin edilýän işler täze eýýämde, täze döwürde, Berkarar döwletiň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe ata- baba ýörelgeler täze öwüşginler bilen dowam etdirilýär.Elbetde häzirki zaman ösen tehnologiýalar zamanynda türkmen ýaşlary täzeçil sanly özgertmeleriň ugry boýunça geçrilýän bäsleşiklerde hem ýokary baha mynasyp boldular.

Olaryňdurmuşynda gabat gelýän islendik işleri sanlaşdyrmagyň ýoly bilen alyp barmaklary bolsa, ösen tehnologiýalar zamanynyň ýeneki ösüşlerine täze bir garaýyş bolmagyny dwam etdirýär.Ýaşlara terbiýe bermekde hem- de olaryň durmuşynda ýokary derejeli ösüşleri gazanmagyň ýollaryny salgy bermekde ýokary okuw jaýlary diňe bir öz mugallymlarynyň tejribesini ulanman, eýsem, dürli hünär ugry babatynda dünýä tejribesini, dünýäniň gazananlarynyň ugry boýunça ugurdaş ýokary okuw jaýlarynyň hem tejribesi ulanylýar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar we şertler döredilendir. Munuň özi ösüşleri saglaýan ýurdumyzda ýaş nesil üçin edilýän aladanyň bir nyşanydyr. Bu günki gün geçirilýän dabaralar bolsa, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ösüşleriň ýokary göterilýändigini subut edýär. Kalby ylhamly ýaşlaryň döredijilgiini öz ýurudmyzyň gujurly binýady üçin ugrukdyrmak bolsa, häzirkizaman dünýägaraýşy bolan ýaşlaryň watan üçin edýän işlerinde görelde bolýandyklarynyň alamatydyr. ýurdumyzda ýaşlara, olaryň gelejegine we ýurdumyzyň ösüşlerindäki olaryň üstünliklerine aýratyn baha berilmesidir. Ýaşlaryň kalby ylham, hyjuwdan doly. Olaryň käbirleri dünýä boýunça geçrilýän bäsleşiklerde hem mynasyp ýer alýarlar. Ýaşlar üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikleriň ählisinde olara watan buýsanjyny kemala getirýän duýgular bilen baglanşykly işlerde üstünlik gazanmak hem-de durmuş- maşgala gurmaklaryna, gelejekki ýaşajak ömürlerine nusgalyk işleri etmekleri gerek.

Çünki ýaş ýüregiň duýgusy atygsap, gelejege bolan ymtylyşlary ýokarydyr. Munuň özi islendik ýaş adamyň adaty duýgusydyr. Biziň ýurdumyzda hem ýaşlara uly üns berilmegi, ýaşlaryň müňlerçesiniň işlemegi, okamagy we zähmet çekmegi bu ajaýyp mümkinçilikleriň ýene biridir. Ýaşlary bilimli, ylymly, tüýs häzirki zaman ýaşlary edip ýetişdirmek bolsa, uly nesliň aladasydyr. Ýaşlary dogry ýola gönükdirmek, gelejekde olaryň gurjak maşgalasyna, gurjak abraýyna, watany, il- güni, ýakynlary üçin etjek işlerinde goltgy bolmak bolsa, elbetde uly nesliň paýyna düşýär. Ýaş nesil bilen durmuşy, işewürligi, gurujylygy hem- de bagtyýarlygy bir ara getirip, onuň hözürini görmek ynsanyň ömrüni bezeýär.Olaryň hyjuwly döredijilik işlerine aýratyn sarpa goýmalydyr. Dürli döwürlerde -de ýaşlar taslamalaryň amala aşyrylmagyna, dürli açyşlary açmakda hyjuwly, uly güýç bolup hyzmat edýärler. Ýaşlar jemgyýetiň belli bir işjeň toparydyr. Olaryň hyjuwly ýürekleri, olaryň öz hünärlerinde üstünliklerini görkezesleri gelmeleri hem- de şol hünär bilen meşhur bolmak islegleri birleşip, ýurdumyzyň ösüşleri bilelikde bir bitewi üstünlige eýe bolmagy bu örän ajaýyp duýgy. Türkmenistanyň röwşen geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Halypalaryň arasynda ýaşlaryň hyjuwly zähmet çekmesi we olaryň öz başarnyklaryny görkezmesi – bu hem olara bildirilen uly ynamdyr. Her bir ulgamda bolsa, halypa- şägirtlik gatnaşyklaryna uly sarpa goýulmalydyr.Biziň ýurdumyzyň ýaşlary hakykatdan hem bagtyýar. Olaryň gelejekki watanymyzyň binýadyny berkden tutjak üstünlikleri bolsa, her ädimde hyjuwlaryny artdyrýar. Bu belent wezipe ýaşlar üçin ýol görkeziji şamçyragdyr. Biziň ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilmegi beýik döwletiň şöhratly geçmişli taryhynyň hem bolandygyndan habar berýär.Ýurdumyzda ýaşlaryň gelejegini saglaýan dürli mümkinçilikler döredilýär. Gadymy ýol- ýörelgelerden gözbaş alyp, gelejegi bagtyýar etmek üçin öňe barýan döwletimiziň mizemez köki diňe halk bilen tutulan maksadyň birligindendir. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki mejlisiniň halk bähbitli meselelerde oňyn netijeleri gazanmak üçin kabul eden kararlary bolsa halkymyzy buýsanç duýgysyna gaplady. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen Halkynyň Milli Lideri bolmagy her bir raýatyň göwün guşuny asmana göterdi. Bu ajaýyp döwrümizde biz ýaşlar şeýle uly buýsançly waka şaýat bolmak bilen özümiziň ýürek buýsanjymyzy öz okuwlarymyzda üstünlikli bahalar bilen okap, döwletimiziň ösüşine goşant goşmak üçin elimizden gelenini ederis. Ýaşlaryň ýüregindäki hyjuw bu gün täzelikleri döretmek üçin ajýyp ösüşlere şaýatlyk edýär. Türkmen sporty, türkmen ylhamy bu günki gün olaryň watansöýüjilikli ýeňişleriniň netijesidir. Ýaşlar biziň gelejegimiz. Şol sebäpli-de olaryň döreden üstünliklerinde watanymyzyň ösüşlerini görmek, şol ösüşleriň netijesinde ýokary bilim almak bilen bir hatarda täze döwrüň ýaşlary bolup ýetişmeklerini gazanmakda biz mugallymlaryň borjy uludyr. Şol sebäpli-de ýurdumyzyň ýaş nesillerine gelejegiň bagtyaýr ýaşlary bolup, ösen watan netijesinde oalryň goşandynyň bolmagyny saglamak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen ýaşlaryny telekeçilige çekmek we olaryň tejribeli telekeçilerden tejribe almasyna giňden goltgy bermek ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyl bäri amala aşyrylýar. Bize    okamaga,       döretmäge     giñ       gerimde      ýokary derejelere   ýetmäge,   ähli   babatda      ösüşlere    eýe    bolmaga  mümkinçilikler      döredip     berýän     Gahryman      Arkadagymyzyñ     we     Arkadagly       Serdarymyzyñ      jany   sag,    ömri    uzak     bolsun.

Arzygül KAKALYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy 

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:41 pm, Nov 21, 2024
temperature icon 10°C
переменная облачность
Humidity 76 %
Pressure 1021 mb
Wind 14 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:53 am
Sunset Sunset: 5:51 pm
Öňki taryh

Sanly ösüş

Next Story

46-njy Hökümetara Geňeşiniň Weterinariýa boýunça Hyzmatdaşlyk Maslahaty

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop