Türkmen halky bu günler halkara ähmiýetli wakalary başdan geçirýärler. Sebäbi ýurdumyzda geçirilen halkar aforumyň çäklerinde ähli ugurlar bilen aýratyn tanşylmagy we ýurdumyzda bu ugra degişli ylalaşyklaryň ýokary derejede gurnalmagy halk bähbitli işleriň geriminiň has-da artýandygy bilen subut edilýär. Mygtymgulynyň döredijiligine sarpa goýulmagy bolsa muňa has-da uly hem aýdyň mysaldyr. Türkmen milletiniñ milli şahyry hem beýik akyldary Magtymguly Pyragy eziz halkynyñ akyl-payhasyndan dörän “Az bolsun, uz bolsun”-diyen dürdäne ündewine uýup, dünýä we adamzat ýaşaýşynyñ ähli taraplary hakynda az we uz, şeýle hem ölmez-yitmez şygyrlary miras goýup gidipdir. Magtymgulynyň döredijiligi bu günki gün dünýäniň çar künjüne ýaýrap, birnäçe dillere terjime edilmegi bolsa, Türkmenistan diýarymyzda geçirilen halkara forumyň çäklerinde birnäçe dillere terjime edilmegi bilen utgaşyp, Türkmenistanyň abraýyny artdyrýar.Dil baýlygynyň ummanynda şahyryň öz dilini goýup gitmek her bir söze erk edýäne başartmaýan hem bolsa, ol Magtymguly ýaly beýik medeniýetiň içinde, ylmy şahsyýetiň dili hem-de onuň pelsepesi bu gün dünýä edebiýatyna girmekden ötri, halkyň dil ölçegini ölçeýän birlik hökmünde öňe çykýandygyny aýtmaga her bir türkmen edebiýatçysynyň hem-de dilçisiniň haky bardyr. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Bu çäre beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Oňa Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Türkmen topragy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetleri bilen meşhurdyr. Magtymguly Pyragy umumadamzat ähmiýetli taglymlary bilen dünýä edebiýatynyň hazynasynda müdimilik orun aldy.
Ýurdumyzyň ykdysady hem-de senagat ugurlary boýunça sarp ediş nokatlarynda tygşytlylygy talap edýän zerur zatlar hökmünde bu günki gün aýawly saklanylmaga mynasypdyr. Suw hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparyň işini üstünlikli ýola goýuldy, ykdysady bileleşikden başga-da mazmun açarny özünde saklavan medeni gatnaşyklar bilen birlikde Beýik Magtymgulynyň döredijiligi birnäçe ýurtlaryň halkalryna, olaryň şahyrlaryna hem-de ýazyjylaryna öz täsirini ýetiripdir we hiç wagt undulamajak beýik bir garaýşy, ýaşaýşyň parahatsöýüjilikli we dostana gatnaşyklaryny ýola goýmakda mysal hökmünde öňe çykýar. Foruma gelen myhmanlaryň onuň täze gurlan ýadygärligine baryp görmegi bolsa, biziň halkymyzyň öz şahyryna bolan hormatynyň derejesini görkezýär. Elbetde, Magtymgulynyñ oý-pikirlerini açmak we halk köpçüligine has düşnükliräk beýan etmek üçin edilen işler az däldir. Türkmen alymlarynyň arasynda Magtymgulynyň dilini aýratyn öwrenmek bilen onuň diliniň türkmen dilindäki öwüşgüni barada ylmy işleri taýýarlap, şol işleriň iň wajyby hem biziň pikirimizçe, Magtymgulynyň baý dilini öwrenmek hem-de onuň pikirlerini belli bir galyba salmakdaky ussatlygy hakda gürrüň açmak diýip düşünýäris.
Goňşy döwletleriň we halklaryň gadymdan gelýän dostluk, doganlyk däplerine ygrarlydygynyň, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Munuň özi Türkmen diýarynda edilýän işleriň bu günki gün has wajypdygyny görkezýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy we hyzmatdaşlyk köptaraply esasda ösdürilýär.Ýurdumyzyň ösüşlerinden habar berýän medeniýet ulgamynda bolsa, has-da köp işler alnyp barylýar. Şeýle-de halkara gatnaşykalrynda ediljek işler gelejegi nazarlaýar.
Dört bölümden ybarat bolan bu kitap hakykatda, gurulmaly Türkmen döwletiniň esasy kanunynyň ugurlaryny düşündirýär. 1747-nji ýylda Nedirşanyň öldürülmeginiň yzysüre onuň agalyk edip oturan ägirt giň topraklary öz içine alýan hökümeti agyr ýagdaýa düşüp çagşaýar. Diňe güýç bilen saklanyp oturan Azerbeýjan, Gürjüstan, Yrak, Owganystan we beýleki ýurtlar aýaga galýarlar we özbaşdak döwlet gurmak ugrunda herekete geçýärler.
Ähli ugurlarda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berilýär. Köpugurly türkmen hem- de beýleki döwletleriň gatnaşygy bu günki gün has wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Ynsanperwerlik gatnaşyklary bu gün deňhukuklylyk, özara bähbitlilik durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi duşuşyklaryň anyk netijelerine toý- baýramlaryň şöhrady artyp, Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çuňňur sag bolsunlar asmana göterildi parahatsöýüji ýurtda bolsa, halkara gatnaşyklara ähmiýet berilmek bilen birlikde ýurt bagtyýarlygyna üstünlikli gadam ädilýändigini duýýarsyň. Şol gün sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertler geçirilip, medeniýet günleri hem bellenilýär. Ykdysady pudaklar, bilim , lukmançylyk hem-de syýasy bileleşigiň dünýä ýaň salan bu ajaýyp forumy bu günki gün türkmen halkynyň dünýä arenasynda beýik ýeriniň bardygyny görkezýär. Goňşy döwletlerden myhmanlar gelmegi bolsa forumyň röwüşini artdyrýar.
Magtymguly bu beýik işi başarmak üçin, bir tarapdan, milletimiziñ müñýyllyklaryñ dowamynda taryh ussahanasynda sünnäläp ýetişdiren az hem uz atalar sözleridir halk döredijiligimiziñ beýleki pudaklaryndan peýdalanan bolsa, beýleki tarapdan hem bütin gündogar edebiýatinda, belki-de dünýäde heýkellere öwrülen we her biriniñ añyrsynda giden bir düşünje ýatan atlardyr, adalgalary özüniñ giñ düşünjelerini beýan etmek üçin örän yerlikli ulanyp bilipdir. Milli öwüşgine baý bolan türkmen sungaty bilen bile utgaşyp giden foruma gelen myhmanlaryň ýüzlerinde şatlyk alamatlary tä olar uçar menziline gidýänçäller hiç aýrylmady. Şol sebäpli-de biziň ýurdumyza gelen her bir myhmanyň güler ýüz bilen garşylanmagy, döwlet ýolbaşçylarynyň halkara ylalaşyklarda dostana gatnaşykalra bolan aýratyn hormaty foruma gelenlerde uly täsir galdyrdy.
Şatlyk ALLANAZAROW
Türkmenistanyň Döwlet Energetika
institutynyň talyby