2D-kodlar alyjylary galp harytlardan nädip gorar?
Ilkinji ştrihkodyň döredilmeginden takmynan 80 ýyl soň, harytlary kodlamak tehnologiýasy täze derejä geçýär. Adaty çyzykly kodlardan has köp maglumat saklap bilýän iki ölçegli (2D) ştrihkodlar, bölek satuw we logistika amallaryny ep-esli gowulandyrýar.
MIT Technology Review Insights-yň maglumatlaryna görä, häzirki zaman 2D-ştrihkodlar fiziki obýektleri giň sanly çeşmeler bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Sarp edijiler üçin şeýle kodlar alergenler, möhletler, önümi yzyna gaýtarmak, dermanlary ulanmak boýunça jikme-jik görkezmeler, şeýle hem kuponlar we ýörite teklipler barada maglumat almaga mümkinçilik berýär. Biznes operasion netijeliligi ýokarlandyryp, partiýalar ýa-da aýratyn harytlar derejesinde yzarlamany üpjün edip we müşderiler bilen täze görnüşde aragatnaşyk gurup biler.
Dürli pudaklar üçin birnäçe görnüşli 2D-ştrihkodlar bar. Mysal üçin, GS1 DataMatrix lukmançylykda möhletleri, partiýa belgilerini we FDA kodlaryny kodlamak üçin ulanylýar. Web sahypalaryna geçmek üçin ulanylýan QR-kod, GS1 Digital Link URI bilen birleşdirilen bolsa, üpjünçilik zynjyryndaky amallar üçin adaty ştrihkod we haryt barada sanly maglumatlara girmek üçin gural bolup biler.
2D-ştrihkodlara geçmek üçin kompaniýalar maglumat ekosistemalarynyň ösüşine maýa goýmaly. Tehnologiýany ornaşdyrmagyň esasy höweslendirijileri, sarp edijiler bilen göni aragatnaşyk gurmak zerurlygy, täze kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek we durnukly ösüşe ymtylmakdyr.
Bölek satuw pudagy, 2027-nji ýylyň ahyryna çenli ähli satuw we hyzmat nokatlaryndaky skanerleri adaty we 2D-ştrihkodlary goldamak üçin geçirmegi maksat edinýän global Sunrise 2027 başlangyjyny eýýäm başlatdy. Bu başlangyç çäginde tehnologiýa 48-den gowrak ýurtda synagdan geçirilýär.
2D-ştrihkodlary üstünlikli ornaşdyrmak üçin kompaniýalar kodlamak üçin maglumat görnüşini kesgitlemeli, ulgamlaryň integrasiýasyny üpjün etmeli, maglumat alyş-çalşygy üçin pudak standartlaryny kabul etmeli we harytlary partiýa ýa-da aýratyn birlikler derejesinde yzarlamaly. Önüm baradaky maglumatlaryň hiline we dolulygyna aýratyn üns bermeli.
Hünärmenleriň pikiriçe, 2D-ştrihkodlar diňe üpjünçilik zynjyryna gönükdirilen ulgamdan, sarp edijiler üçin has aç-açan we maglumatly tejribe döretmäge mümkinçilik berýän modele geçişi alamatlandyrýar. Ykjam enjamlaryň kömegi bilen web salgylaryny okamak mümkinçiligi sebäpli, kompaniýalar alyjylara gaplamadaky ýekeje kod arkaly dinamiki mazmun we hyzmatlar hödürläp bilerler.
Selbi HANMÄMMEDOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy