Bagtyýar nesil

01.11.2024

Ýurdumyzyň ýaşlaryna berilýän üns tükeniksizdir. Olaryň bilimli, ylymly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalar bolsa tükeniksizdir.  Ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça geçirilýän işleriň  aýratynlyklaryny, şeýle- de dünýä ülüňlerine talabalaýyklygy bilen birlikde edilýän işleriň üstünlikli amala aşmasynda Hormatly Arkadagymyzyň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda edýän işleri utgaşyp, hakykatdan hem üstünlikden- üstünlige barýan halkymyzyň gelejegini abadanlaşdyrmakda, parahatçylygyň hemişe höküm sürmegini gazanmakda bilim ulgamynyň hünär ugry  babatynda dünýä tejribesini, dünýäniň gazananlarynyň ugry boýunça ugurdaş ýokary okuw jaýlarynyň hem tejribesi ulanylýar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar we şertler döredilendir. Munuň özi ösüşleri saglaýan ýurdumyzda ýaş nesil üçin edilýän aladanyň bir nyşanydyr. Munuň özi halkymyzyň hal – ýagdaýyny gowulandyrmakda döwletimiziň alyp barýan beýik işleri bilen utgaşyp gidýär.

Ýurdumyzyň ösüşlerine badalga berýän bu ajaýyp işler döwlet ähmiýetli halk bähbitli işler bilen utgaşyp, gelejegi saglaýan türkmen diýarynyň ýokary hilli wezipeli hünärmenleriň elinde ediljek işleriň entek bilen utgaşyp, bu ýyl hem ýaşaýyş jaýlarynyň hem- de ilat maksatly desgalaryň, zähmetkeşleriň iş ýerlerini köpeltmek üçin halkymyzyň abadançylygy,özara hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşykalr ýaly işleri durmuşa geçirmekde nusga boldy. Bagtyýar durmuşy saglaýan türkmen diýary her bir güni kalbyňy şatlandyrýan buýsançly, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Munuň özi görkezen gahrymançylykly hereketleri bilen bileikde eser mazmunyny dünýä edebiýatynda ep- esli artdyrandyr.

Muny türkmen alymlarynyň ürç edip öwrenmegi bolsa, bu günki günde onuň adamzat ähmiýetli işlerde ýokary dereje berilmeli gymmatlykdygyny subut etmesidir.Eserde syrly ynsan dünýäsiniň gizlin gapylaryny açmakda beýik döredijilik işidigini subut etmäge dyrjaşýan adamlaryň köplüginden hem bellidir.Türkmen diýary öňküsinden hem abraýyny artdyrýar.Türkmenistan diýarymyz häzirki wagtda dostlukly, döwranly ýurtlaryň hataryna  bolsa,eseriň bakylygyny subut edýän pikirler , ykbal öwrümlerini özboluşly filosofik nukdaýnazardan täzelemegi, eseriň bu günki gün has wajyp rol oýnaýandygyndan gelip çykmasydyr. Ynsan ýaşaýyşlarynyň beýik muhabbetinden emele gelen eserde ýokary hilli ynsan gatnaşykalrynyň öz täsirini ýetirip, onuň meşhurlygyny artdyran eserde döredijilik diýen jadyly gudratyň gözelligi öz beýanyny tapýar. Beýik şahyr Ferdöwüsi öz döwrüniň we özünden soňky öňde baryjy şahyrlaryň arasynda uly abraýa eýe bolupdyr. Sarpaly döredijiligiň ussady biziň bu günki günlerimize çenli gelip ýeten , öz taryhymyzy öwrenmekde we dünýä medeniýetini öwrenmekde uly yz goýan Ferdöwsi şahyryň bu günki gün hem ürç edip öwrenilmesi bizi buýsandyrýar.

Türkmen edebiýatynda döredijilik gatnaşyklary bilen meşhur bolan şahyrlaryň içinde iň tanymaly  eserleriň baky bir nokatda bir güýç halkyň medeniýeti diýip tanalýar. Şol medeniýetiň içinde halkyň ähli sungaty, edebiýaty,halk döredijiligi bilen bir hatarda öwüşgünleri, edebiýatydyr, sungaty bilen iň gadymy medeniýetleriň hataryna goşulyp, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda göwher gaşly ýüzük bolu parlaýar. Haýsy ýerde bolsa bolsun, dünýäniň islendik künjünde , tapawudy ýok, türkmen medeniýtiniň özboluşly reňklere baý, şahsyýetiň häsiýetini düzýän, özüňi alyp baryş medeniýeti hiç halkyňkydan kem däl. Eger- de dünýäniň ýüzünde bir halk medeniýetli diýip tanalýan bolsa, onda türkmen halky hem şol medeniýetiň içinde tanalýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Her bir halk öz medenýtini asyrlar meselelerinden ugur almagy bolsa, türkmen medeniýetiniň beýik bir süňňüni düzýän güýçleriň bir sütünidir.  Şeýle gözellikleriň aňyrsynda medeniýetiň ýatandygy, şol medeniýet bilen türkmeniň öz durmuşyny düzýändigini kemala getirýär. Biziň esasy ünsi çekmek isleýän zadymyz hem söz medeniýeti. Sebäbi söz medeniýeti medeniýetleriň naýbaşy hasaplanýar. Adam aýtjak sözüni bilmese, sözlemeli sözüniň ýerini bilmese, näçe görmegeý bolsa- da medeniýetsiz görünýär.

Türkmen halkynyň dil medeniýetine, gözel dili durmuşda ulanmak medeniýetine hemişe sarpa goýan halkdygyny biz özümiziň ata- baba ruhy hazynalarymyzdyr, milli gymmatlyklarymyz arkaly bilýäris.Şeýlelikde ata – babalarymyzyň medeniýetimiziň bahasynyň gymmatyny bilmegini ilkinji nobatda türkmen halkynyň az sözliligi bilen hem subut etmek mümkin.

Her bir halk öz aň-düşünjesinde taryhyny goramak we geçmişiniň daşyna gyzylly jähek çekmek arzuwy bilen nesillerini ýetişdirýär. Şeýle ýagdaýlar hem diňe medeniýetiň, onda- da dil medeniýetiniň üsti bilen amala aşyrylýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Bu mesele bilen bolsa, esasan ylym meşgullanýar. Ine,şol ylym hem dil ylymy, dil ylymyny esaslandyrýan hem gelip çykyş, arhiologiýa, nazarýet şahalary diňe alymlar üçin däl-de eýsem öz taryhy bilen gyzyklanan her bir taryhçynyň- da ýazyjynyň- da, döredijiniň- de medeniýet işgäriniň- de işidir. Aslynyň juda aňyrlardan sesýetim we ýaň berýän gadym dil bolan türkmen diliniň ýaş aýratynlygynyň  halkyň düýp köki kemala gelmezden öň ol halk  edil daragtyň toprakdan nem alşy kibi ýeriň çuňňur gatlaryna ýaýrap gidýän damarlara meňzeýär. Belli bir ýer zolagyny, kontinentleri,bölekleri kemala getirýän kowumlar ýeriň ýüzünde näçe irden bäri ýaşap başlan bolsalar, olar şonça-da gadymy halklary emele getirýär. Elbetde her bir adamyň beýleki adamdan üýtgeşik bolmaga bolan islegi tebigy hadysadyr we bu halklaryň arasynda- da şeýle bolup biler. Her bir halk öz aýratynlygyny kemala getirmezden öňürti, ýagny ony daragta meňzedipdir we dowamynda-da söz bilen aňladýarys. Sözler, adam olary döretdi, ulandy we olary öz hallaryny aňladýan formalara saldy-da geçmişden gelejege kagyza, mata, hünäre, keramika şeýle-de palçyklara ýazdy. Halyny aňladýan sözleri gelejege alyp gitmek üçinem, ylma, edebiýata, şahyrçylyga, senede saldy. Şeýdibem adamzat öz halyny aňladýan sözlerini iň soňunda kämilleşdire-kämilleşdire dil sungatyna öwürdi. Dünýäniň ýüzünde öz halkynyň, gaýry halklaryň, dil toparlarynyň taryhyny öwrenýän köp dilçiler bar.

Biz ýaşlary sowatly, bilimli etmek üçin elimizden gelenini edip, zähmet çekmelidiris.

Döwletgeldi  Badaglyýew
Türkmen Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:34 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 14°C
небольшая облачность
Humidity 72 %
Pressure 1021 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ösüş

Next Story

Sarpanyň buýsanjy

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop