Döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň ömrüniň rahatlygyny, howpsyzlygyny gazanmakda edilýän işleriň sanardan köplügini üpjün etmek düzgünleri diýseň ýokary derejeli geçirilmegi her bir ugurda üstünliklere beslenýär. Hut şol sebäpden hem, biraýlygyň çägindäki çäreleriň diýseň baý mazmuna eýe bolmak bilen, jemgyýetimizde giň seslenme tapýandygy buýsandyrýar. Bu babatynda ýörite düzülen meýilnamalar esasynda geçirilýän wagyz- nesihat duşuşyklarynda hem aýdyň beýanyny tapýandygy düşnüklidir. Bu aladalar elbetde raýatlar üçindir. Raýatlarymyzyň, ýaş nesilleriň rahatlygyny goramak boýunça edilýän işler halk bähbitli işleriň mysalydyr. Wagyz-nesihat geçirilmegi hem raýatlar üçin edilýän aladalaryň mysalyndadyr. Ildeşlerimiziň her biriniň şahsy arasynda, köplenç ýagdaýda bolsa, ýaş, körpe nesliň gazanmak her birimiz üçin gazanmak ugrundaky göreşip biljek zadydyr.
Türkmen topragynyň her daban ýeri barada taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, şol döwürleriň maddy gymmatlyklaryna we sungatyna degişli maglumatlar bize aýan boldy. Olaryň köpüsi adamzat ýaşaýşynyň we medeniýetiniň ösüş taryhyny öwrenmekde dünýäde meşhurlyk gazandy. Bu ýerlerde tapylan sungat eserleriniň köpüsi dünýä medeniýetiniň taryhynda özüne mynasyp orun tapdy. Halklar hem medeniýetler hem, adamlar hem, döredijiler hem özleriniň yzlaryny zeminiň üstünde galdyrmak üçin nijeme asyr, nijeme işler edip, nijeme gezekler, nijeme zähmet çekipdirler.
Şol sebäpli-de ynsanyň durmuşyndaky zatlar nijeme gezek galalaň degresien, küýzeleň gulplaryna, eýsem- de kiçijik müşkdanlaň batyrmasyna- şeýlebir inçe ýazypdyrlar. Bu ajap hadysadan hem taryh emele gelipdir. Ýerli demirçi ussalar baryp şol döwürlerde diňe bir misden däl, eýsem, bürünçden hem önüm öndürmegiň syrlaryndan habarly bolupdyrlar. Olar bürünç metalyndan naýza uçluklaryny, iki ýüzli uzyn gamalary, bir tarapy ýiti pyçaklary, dürli temençeleri, temenleri, iňňeleri, hatda häzirki döwürde balyk tutmak üçin ulanylýan çeňňeklere geň galaýmaly derejede meňzeş dişli çeňňekleri- de ýasapdyrlar. Türkmen ýurdumyzyň milli däp- dessurlaryna hem- de dilimize, nusgawy edebiýatymyza hakyky eýe çykmagy ýurdumyzy üstünliklere besledi.Türkmen halkynyň dil medeniýetine, gözel dili durmuşda ulanmak medeniýetine hemişe sarpa goýan halkdygyny biz özümiziň ata- baba ruhy hazynalarymyzdyr, milli gymmatlyklarymyz arkaly bilýäris.
Şeýlelikde ata – babalarymyzyň medeniýetimiziň bahasynyň gymmatyny bilmegini ilkinji nobatda türkmen halkynyň az sözliligi bilen hem subut etmek mümkin.Halkyň durmuşynda dilimiziň, medeniýetimiziň üstünlikli amal edilmegi diňe Garaşsyzlygyň hem – de Bitaraplygyň beren oňyn netijesidir. Her bir halk öz aň – düşünjesinde taryhyny goramak we geçmişiniň daşyna gyzylly jähek çekmek arzuwy bilen nesillerini ýetişdirýär. Ýurdumyzyň buýsançly gününde türkmen raýatlarynyň buýsanjy has- da artýar. Türkmen halky daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň boýunça uly işlerde hem nusgalyk hökmünde öňe tutulýar.Gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň geljekde has-da gülläp ösmegi üçin ýerlikli peýdalanmak, sahawatly topragymyzyň berekedini has- da artdyrmak, ýurdumyzda alnyp barylýan esasy işleriň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly kitaplaryndan ugur alyp, türkmen topragynyň baýlyklaryny aýap saklamak hem- de olary gözümiziň göreji ýaly saklamak ugurlary boýunça nijeme işler alyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döredilýän tokaýlyklar, bagybossanlyklar oňaýly mikroklimaty emele getirýär, Daşky gurşawy arassa saklamaga mümkinçilik döredýär.
Türkmen diýary ösüşlerden ösüşlere tarap ýokary göterilýär. Her bir pudakda bolşy ýaly türkmen diýarynyň ähli pudakalry hem bu günki gün ösýär, özgerýär. Sanly ykdysadyýetiň netijesinde öz gymmatyny artdyrýar. Sanly ykdysadyýet adalgasy häzirki wagtda syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki zaman ösüş ugurlary boýunça her bir pudagyň öz ösüşlerine eýe bolmagy bolsa, gülläp ösüýän diýarymyzda ösüşleriň has- da köpelýändigini alamatlandyrýar. Ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy halkyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli ulanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berýär.Häzirki zaman tehnologiýalary bieln tehnologiýalaşdyrylan üstünlikli işler bolsa, ýer ýüzünde ösüşleriň saglamyny görkezýän görkezijileridr.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlyklaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýete giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň täze innowasion tapgyryna geçilmegini üpjün edýär. Bu ugruň ösmegi üçin döwlet-jemgyýet-ylym-işewürlik gatnaşyklarynda düýpli özgerişleriň amala aşyrylmagy hem zerur şertleriň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen wezipämize girýändir. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, ene ýeriň baýlyklaryny aýawly saklap, öz ýaşaýan tebigatymyzy öňküsinden has ýaşyllaşdyrmak üçin elimizden gelenini aýamaly däldir.Şeýle ýagdaýlar hem diňe medeniýetiň, onda- da dil medeniýetiniň üsti bilen amala aşyrylýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa, türkmen medeniýetiniň üstünliklerine guwanmak üçin halkymyzyň bu günki ýurdumyzyň ösüşlere wagyz işleriniň möhümdigi düşnüklidir. Ýol düzgünleriniň hereketleri üçin piýada geçelgelerden geçmedik ýagdaýynda jerime tölegleriniň düzgünleri bilen birlikde, tertip- düzgüni saklamak we ony başarnykly berjaý etmek çäreleri hem üznüksiz amala aşyrylmagy bu diňe halk bähbitli edilýän işlerden nyşandyr. Hut şu döwürde ýol howpsuzlygy çärelerini işjeňleşdirmegi tomus dynç alyş möwsüminden soň pyýadalaryň ünsüni üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň biri bolan bu ajaýyp däp bu günki gün has-da ýaýbaňlanýar.Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli atly biraýlyk her ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli gadamlar bilen ýurdumyzda raýatlaryň howpsyzlygyny gazanmak ugrunda edilýän işleriň netijesidir.
Maýsa Nurýagdyýewa
Türkmen Döwlet energetika
institutynyň mugallymy