Dark
Light
27.12.2025
shutterstock 1731631453 1 THE ASHGABAT TIMES

Biodürlülik – tebigatyň gymmatlygy

20.11.2024

Her bir döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ekologiýa meseleleriniň döwrebap çözgütler bilen utgaşdyrylmagy zerur şertleriň biridir. Türkmenistanda Ylmy ösdürmegiň maksatnamasynda hem ekologiýa we tebigatdan, şol sanda biologik dürlülikden rejeli peýdalanmak esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, tebigatdan peýdalanmagyň we biologik dürlüligi goramagyň ylmy taýdan esaslandyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Dünýäniň we ýurdumyzyň biologiýa baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň we olary gorap saklamak arkaly indiki nesillerimize miras galdyrmagyň ylmy esaslarynyň talyplara – geljekki hünärmenlere öwredilmegi zerurdyr.

Biologik dürlüligi, aýratyn-da, seýrek duşýan, gymmatly görnüşleri we tebigy populýasiýalary gorap saklamak hem-de köpeltmek umumadamzat ähmiýetli wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp genetiki gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek, indiki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir, biodürlüligiň hazynalar çeşmesidir.

Türkmen halky asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň milli mirasyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr, el işlerinde, aýdym-sazlarynda ajaýyp tebigatymyzy suratlandyryp görkezmegi başarypdyr, dünýä belli türkmen halylarynyň reňkini dürli ösümliklerden alyp bezäpdir, ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleri halk lukmançylygynda ulanypdyr. Şonuň üçin türkmenlerde tebigata bolan aýratyn sarpa, hormat asyrlarboýy saklanyp galyp, nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.

Türkmenistanyň tebigy şertleriniň köpdürli bolmagy haýwanat we ösümlik dünýäsiniň düzümine we ýaýraýşyna uly täsir edýär. Türkmenistan-da haýwanat we ösümlik dünýäsini öwrenmek meselesi gözbaşyny XVIII asyryň ahyrlaryndan alyp gaýdýar. Bu döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerine syýahat eden daşary ýurtly syýahatçylar bu gözel ülkäniň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini ýazyp beýan edýärler.

Adamzat jemgyýetiniň umumy öýi bolan çylşyrymly gurluşly Ýer ýüzüniň her bir künjegi hemişe üns berilmegini we aladany talap edýär. Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak biziň mukaddes borjumyzdyr. Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny goramak we has-da baýlaşdyrmak boýunça döwlet derejesinde uly işler geçirilýär. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr we Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy tebigy baýlyklarymyzy gözüniň göreji deýin gorap saklamalydyr.

Rahym SAPARMYRADOW
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1 271 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ekologiýa abadançylygy

3ae06dc56c8a85cd16525d9a8c3b51e4 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly bilim ulgamy

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop