Dark
Light
25.01.2026
landscape of the reserva de biosfera ai art by cyberflora dhqfg8s fullview THE ASHGABAT TIMES

Biosfera

11.11.2024

Janly-jandarlar emele gelmezinden ozal, Ýer togalagynda diňe fiziki we geo-himiki hadysalar bolup geçýärdi. Ýeriň atmosferasynda erkin kislorod ýok diýen ýalydy. Haçan-da jandarlar emele gelenden soňra, Ýer togalagynda biogeohimiki hadysalar ýüze çykýar. Ilkinji janly bedenler suwda emele gelýär, wagtyň geçmegi bilen olaryň görnüş sanlary artýar, olar gurluş taýdan çylşyrymlaşýarlar we Ýer togalagynda öz täsirlerini ýetirip başlaýarlar. Ylaýta-da, janly bedenleriň käbirleriniň guryýeriň üstüne çykanlaryndan soňra, olaryň ösüşleri we daşky gurşawa ýetirýän täsiri artýar.

Ösümlikleriň pajarlap ösmekleri we olardaky fotosintez hadysasynyň üsti bilen atmosferada kislorodyň mukdary artýar, gün şöhleleri himiki energiýa öwrülýär, organiki däl maddalardan organiki maddalar emele gelýär. Ösümlikleriň emele getiren organiki maddalary olaryň özleriniň boý alnaklaryna, ösmeklerine we ätiýaç üçin organiki maddalaryň toplanmagyna mümkinçilikler döredýär. Toplanan organiki maddalar dürli iýmit zynjyrlarynyň esasynda tebigata giňden ýaýradylar.

Tebigatda kislorodyň mukdarynyň artmaklygy ýaşaýyşyň ösüş derejesiniň tizleşmegine getirýär. Atmosferada ozon gatlagy emele gelýär we ol jandarlary Günden gelýän ýaşaýyş üçin howply ultramelewşe şöhlelerden goraýar. Şeýlelikde, janly bedenler Ýerde giňden ýaýraýarlar, pajarlap ösýärler we öz ýaşaýan ýerlerine güýçli täsir edip özgerdýärler.

Görnükli rus alymy, akademik W.I.Wernadskiý ýaşaýyşyň bar bolan ýa-da haçan-da bir wagtlar bolupgeçen ýerlerini biosfera diýip atlandyrýar (grekçe “bios”–ýaşaýyş, “sfera”–gatlat, gurşaw diýmegi aňladýar).
Biosfera, W.I.Wernadskiniň nygtaýşy ýaly, Ýer togalagynda janly maddalaryň eýeleýän ýeri, onuň gurluşy atmosfera (troposfera); ähli suw aýtymlary (gidrosfera); Ýer üstüniň “gaty” bölegi (litosfera) ýaly görnüşlerden ybarat. Biosfera janly bedenleriň ýa-da janly-jandarlaryň ýaşaýan gurşawlarynyň geologik gabygydyr.

Aýsenem ANNAGYLYJOWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

22 07 vrah obhei praktiki min THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ilkinji kömek

6 35 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Haýwanat dünýäsiniň ylmy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop