05 botanik THE ASHGABAT TIMES

Botanika

08.11.2024

Biolog alymlar häzirki wagtda ähli janly organizmleri bakteriýalar, kömelekler,ösümlikler,haýwanlar şalyklaryna bölýärler. Olar soňky ýyllar wiruslary hem aýratyn şalyga birikdirmek mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler. Botanika ösümlikleri köptaraplaýyn öwrenýän ylym bolup, ol özüne özara baglanyşykly bolan birnäçe bölümleri birikdirýär. Olardan ösümlikleriň­morfologiýasy ösümlikleriň daşky gurluşyny, aýry-aýry organlarynyň keşbini we daşky gurşawyň täsiri netijesinde keşbini özgertmegini öwrenýär. Ösümlikleriň anatomiýasy – ösümlikleriň içki mikroskopik gurluşyny öwrenýär.

Ösümlikleriň­ sistematikasy ösümlikleriň özara meňzeşligini we biri-birinden tapawudyny, kowumdaşlyk gatnaşyklaryny, gelip çykyşyny we aýry-aýry topar emele getirişini ýüze çykaryp, olary belli bir tertibe (sistema) salmagy öwrenýär. Ösümlikleriň­ sitologiýasy ösümlik öýjüginiň gurluşyny we ýaşaýyş işjeňligini öwrenýän ylym. Ösümlikleriň ­gistologiýasy – ösümlik dokumalaryny öwrenýär. Ösümlikleriň embriologiýasy ösümlikleriň tohum düwünçeginiň gurluşyny we ösüşini öwrenýän ylym. Ösümlikleriň ­fiziologiýasy ösümliklerde bolup geçýän ýaşaýyş hadysalaryny (ösüşini, boý alşyny, iýmitlenişini, dem alşyny we beýlekileri) öwrenýän ylym. Ösümlikleriň ekologiýasy – ösümlikleriň daşky gurşaw bilen özara gatnaşygyny öwrenýän ylym.

Geobotanika –Ýer togalagynyň, ösümlik toparlanmalarynyň (fitosenozlaryň) bileleşigi ýaly, ösümlik örtügini öwrenýän ylym. Fitosenologiýa ösümlik toparlanmalarynyň düzümini, gurluşyny, ösümlikleriň öz arasynda, beýleki organizmler we daşky gurşaw bilen baglanyşygyny hem-de önümliligini öwrenmek bilen meşgullanýar. Ösümlikleriň­ geografiýasy ösümlikleriň Ýer ýüzünde ýaýraýşyny öwrenýär. Paleobotanika daşa öwrülen gatlak larda galdyran şekilleri we sudurlary esasynda ölüp, ýitip giden, gazylyp tapylýan ösümlikleri öwrenýän ylym.

Ösümlikleriň tebigatdaky ähmiýeti. Alymlar tebigaty janly hem-de jansyz tebigat diýen iki topara bölýärler. Ösümlikler, haýwanlar, kömelekler, mikroorganizmler janly tebigaty düzýärler.Ýer ýüzünde ýaşaýyş onuň uly bolmadyk böleginde ýaýran. Janly organizmler Ýer gabygynyň üstki gatlagynda, suwda, atmosferanyň aşaky gatlaklarynda ýaýran.Ýer ýüzüniň janly organizmler ýaýran bölegine biosferadiýip at berýärler. Biosferada janly organizmler millionlarça ýyllaryň dowamynda şol ýeriň ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşypdyrlar we özleri hem biosfera örän uly täsir ýetirip gelipdirler.

Atamuhammet AMANDURDYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
skrinshot 02 03 2024 200139 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Etalon adalgasy

a19nnlg5md4etsjqt8kxcy7vlcxan3ppy1a7gwn5hmea7kgrd9k9mt3u7txu 1 123323 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop