aa93b515 ab31 425b a8cd 15420d15fb9d THE ASHGABAT TIMES

Elektrik stansiýalary

12.11.2024

Türkmenistan energiýa çeşmelerine baýdyr, bu ýerde senagat okgunly ösýär, şonuň üçin kuwwatly energiýa pudagy –üstünlikli ösüşiň girewidir. Elektrik energiýasy adaty durmuşda we senagatda ymykly ornaşdy, ol kärhanalardaky stanoklaryň we mehanizmleriň, ýaşaýyş jaýlaryndaky köp mukdardaky elektrik abzallarynyň işini üpjün edýar.

Türkmenistanda elektroenergiýanyň ösüş taryhyna ser salsak ilkinji Hindiguş gidroelektrik stansiýasy Murgap derýasynyň boýunda baryp 1913-nji ýylda guruldy.Biziň günlerimizde hem işleýän bu stansiýa energetikanyň ajaýyp muzeýi boldy. Soňra elektrik energiýasyny işläp çykarýan kuwwatlyklar, dizel elektrik stansiýalary işe girizildi. 1945-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji ýylylyk elektrik stansiýasy işläp başlady.

Soňky onýyllyklarda täze turbinalar işe girizildi, Aşgabat we Balkanabat elektrik stansiýalary öz işine başlady. 1969-njy ýylda Mary elektrik stansiýasynyň gurluşygy başlandy, 4 ýyldan soň onuň birinji energiýa blogy herekete getirildi. 1987-nji ýylda bu ýerde eýýäm 8 energiýa blogy işe girizildi, türkmen energetikasynyň öňbaşçysynyň kuwwaty 1685 megewata ýetdi.80-nji ýyllarda beýleki stansiýalarda hem täze energiýa bloklarynyň işe girizilmegi dowam etdirildi. Seýdi ýylylyk elektrik stansiýasy garaşsyzlyk döwrüniň ilkinji iri elektrik energiýasyny işläp çykarýan kärhanasy boldy, onuň iki blogy 1992 we 2004-nji ýyllarda işe girizildi.

1998-nji we 2003-nji ýyllarda gaz turbina desgalary Abadan döwlet elektrik stansiýasynda gurnaldy.2003-nji ýylda Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda ýene-de üç turbina işe girizildi.Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin aýratyn elektrik stansiýasy guruldy. Paýtagtymyzda elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň aýratynlygy bilen baglylykda 2006-njy ýylda işläp başlan Aşgabat döwlet elektrik stansiýasyny gurmaklyk karar edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagy kämilleşdirmek, täze elektrik stansiýalaryny gurmak we olary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek işleri barha artýan depginler bilen alnyp barylýar.

Aýdogdy ANNADURDYÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2021 02 12 60269f51857e6683725580 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen halkynyň Milli gymmatlyklary

4097561067 cc2a4984bf o THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Adamyň nerw ulgamy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop