nvbwyzlzkd7saetvprfcfvqpsusuljncpbjzko7b2ghhlggcd82vmog4o1s1 THE ASHGABAT TIMES

“Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”

28.11.2024

Göktürkmenleriň medeniýeti barada maglumat berýän ýazgylardan dörän garaýyşlara görä, hökümdar ýurt başyna saýlananda özi, hem-de onuň aýaly üçin (şazenan hökmünde) aýratyn gutlag toý-mejlisleri guralypdyr. Şol mejlisler halk üçin açyk bolup, ilatyň gutlaglary kabul edilipdir. Bulardan başga-da, Göktürkmenlerde döwlet mejlislerinde, harby maslahatlarda şazenany (hatyn), hökümdaryň (kagan) tagtynyň çep gapdalynda oturyp, öz pikirini erkin beýan edip, maslahat bermäge hukugy bolupdyr. Zerur bolanda, ýurduň şazenany hökümdaryň adyndan ilçileri kabul edip, isleglerini diňläp, netije çykaryp bilipdir. Türki halklaryň iň gadymy taryhy ýazgylaryndan hem görşümiz ýaly, zenan mertebesi milli taryhymyzda aýratyn ähmiýete eýedir.

«Orhon-Ýeniseý ýazgylaryndaky» «Katun» sözi wagtyň geçmegi bilen «Hatyn» sözüne öwrülýär we Garahanly türkmenlerinde hem ulanylýar. Mahmyt Kaşgarly «Diwany lugat et-türk» atly eserinde «hatyn» sözüne köşkde hökümdarlaryň maşgalasyna degişli zenanlar üçin ulanylýan at hökmünde düşündiriş beripdir. Ýagny zenan maşgalanyň adynyň yzyndan «hatyn» sözi getirilýän bolsa, onda şol zenan hökümdaryň aýaly ýa-da köşkde ulalan asylly, sylag-hormatly zenan manysyny berýär. Mysal üçin, «Kitaby dädem Gorkutdaky» türkmen zenanyna mahsus gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen Burla hatyn hem Salyr Gazanyň aýalydyr. Altynjan hatyn bolsa, Horezm köşgünde ýetişen asylly zenan hem-de Beýik Seljuk soltany Togrul begiň aýalydyr. Altynjan hatyny beýlekilerden tapawutlandyrýan esasy häsiýeti, maşgalasyna wepalylygy, döwletiň agzybirligi, jebisligi üçin köp işleri bitirenligidir. Hatda Togrul begiň köp döwlet işlerinde iň ynamdar maslahatçysy bolandygy, gerek ýerinde bolsa, biline gylyjyny dakynyp, bedew atyna atlanyp, mertlerçe söweşe girip bilen türkmen zenanydygy hem bellenilýär. Käbir döwletleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, Seljuk soltany bilen birlikde, Altynjan hatyna hem haýyşnama hökmünde hat ugradandyklary-da taryhy çeşmelerde ýazylýar.

Çagry begiň gyzy, soltan Alp Arslanyň aýal dogany Hatyja Arslan hatyn hem seljuk köşgünden Abbasy köşgüne gelin bolup giden türkmen zenanydyr. Bulardan başga-da, seljuklaryň taryhynda yz galdyran zenanlardan Alp Arslanyň gyzy Äşe hatyny, Mälik şanyň gyzy Mahmelek hatyny, Muhammet Taparyň aýaly Göwher hatyny mysal getirmek bolar. Milli taryhymyzda «hatyn» adyny alan zenanlaryň maşgalasyna, öý-ojagyna wepalylyk, gaýduwsyzlyk, ýanýoldaşynyň iň ynamdar maslahatçysy bolmak ýaly umumy häsiýetleriniň bardygy beýan edilýär. Şeýle-de olaryň döwründe ylym-bilime goldaw bermek, guýy gazdyryp, ýol gurmak, kitaphanadyr medreselere maddy kömek bermek ýaly köp haýyr-sahawat işlerini bitirendikleri hem bellenilýär. Ýagny «hatyn» bolmak zenan maşgala üçin mertebe hem-de dereje hasaplanypdyr.

Taryhymyzyň köklerinde «türkan» ýa-da «terken» adalgasyna hem köp gabat gelýäris. Zenanlaryň adynyň yzyndan getirilýän «türkan» sözi barada türk taryhçysy O.Turan «Terken ünvanı hakkında» atly işinde, gadymy türki dilinde gaýduwsyz erkek serkerdeler üçin ulanylan «tarhan» sözüniň aýal maşgalalar üçin ilki, «terken», soňra-da «türkan» görnüşine öwrülmegi bilen baglanyşykly maglumatlary beýan edýär. Ýöne sözüň manysy wagtyň geçmegi bilen köşkdäki dereje, wezipe bilen utgaşyp gidýär. Ýagny alyma görä «türkan» bolmak köşkdäki derejäni aňladyp, «boýun egilýän zenan» manysyny berýär. Şeýle-de umumy garaýşa görä, «türkanlar» hem hökümdaryň aýaly hem-de indiki hökümdaryň ejeleridir. Bu diýmek, türkanlaryň hem ýoldaşy hem-de ogly döwründe döwlet dolandyryşynda täsirli orna eýe bolmak bilen, köşkdäki abraý-mertebelerini saklandyklaryny aňladýar. Beýik seljuklarda Mälik şanyň, Soltan Sanjaryň, Köneürgenç türkmen döwletinde Il Arslanyň, Tekeşiň aýallary «türkan» adyna eýe bolan zenanlardyr. Taryhy çeşmelerde olaryň asyl atlary köp agzalman, hökümdar bilen nikalanandan soňra «Türkan hatyn» diýlip atlandyrylýar. Mälik şanyň abraý-mertebesini beýan edýän «Jelalad-döwle weddin (Diniň we döwletiň daýanjy)» ady sebäpli aýalyna hem «Jelalyýa Türkan hatyn» diýip ýüzlenilipdir. Çeşmelerde Soltan Sanjaryň aýaly Türkan hatynyň ýoldaşy bilen harby ýörişlere gatnaşandygy we onuň wepalylygy barada ýazylýar.

Taryhçylar «türkanlaryň» asylly maşgaladan gelýändikleri, ýiti zehinli, döwlet dolandyryşynda täsirli bolandyklary ýaly umumy häsiýetleriniň bardygyny beýan edýärler. Beýleki bir tarapdan, türkanlar köşkde zenanlaryň iň ulusy, iň sylaglanylýany hasaplanýar. Şonuň üçin «her bir «türkan» hatyndyr, ýöne her bir «hatyn» türkan däldir» diýlen garaýyş hem bar.

Umuman, milli taryhymyzda türkmen zenanlary öý-ojaklaryna wepalylygyň, ynsanperwerligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezipdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň adynyň dünýä ýaýylmagynda, mertebesiniň beýgelmeginde, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetmeginde eziz enelerimiziň, mährem gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr.

Ejebaý NYÝAZOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
cover 1448081956 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Küşt oýnunyň ähmiýeti

vystuplenie rahmatova THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ITTC-2024-de Türkmenbaşy deňiz portunyň ähmiýeti bahalandyryldy

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop