Gelejek ýaşlaryňky

04.11.2024

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň ylhamly ýaşlaryň ruhybelentliklerine giň mümkinçilik açmagy biziň ata- baba ýörelgämizdigini ýene bir gezek tassyklady. Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň öňe sürülmegi, olaryň döredijilikde edýän işlerinde hem-de önümçilikdäki zähmet hyjuwlarynda ýokary derejelere ýetmegi bu günki gün halypalara baglydyr. Ýaş ýüreklerde ylham bolup gaýnaýan köp döredijilik eserleri döretmäge ýaşlara giň mümkinçilik açylan. Munuň özi ýurdumyzda ýaş hünärmenlere uly üns berilmeginiň ykdysady, diplomatik, medeni, bilim gatnaşyklarynda hem öňe sürülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Şol sebäpden hem türkmen halky gadymdan gelýän halypa- şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen esasy ykdysadyýetiň öňe gitmegi bilen birlikde gelejekki durmuşyň täze keşbini göz öňüne getirmek we şol gözelligi durmuşa ornaşdyrmak üçin ellerinde baryny edip zähmet çekýän halypa nesil bu gün ýaşlar bilen bagtyýardyr. Ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmek hem-de oalry durmuşa atarmakda nusgalyk mekdep boljak halypa- şägirtlik gatnaşyklarynda mekdep okuwçylaryna we talyplara okuw – tejribeçilik işlerinde ýörüte ugurlar bilen taýynlyk görmeklerini gazanmak esasy bilimde talap edilýän zatlaryň biridir.Ýaşlary bilim ulgamynda esasy sowatly terbiýelemek öňe sürülýän işleriň, ýörelgeleriň biridir. Çünki ynsan okan zadyny tejribede synag edip, onuň durmuşa geçirilmesindäki üstünliklere ýol açmaly we özi şol üstünlikleriň zerurlygyna göz ýetirmeli.

Ýaşlaryň üstünligine guwanmak hem- de olaryň ösüş derejelerini seljermek üçin olary hemişe ösüşlerine syn etmek- tejribeçilikde her bir talyba, okuwça berilýän ünsüň tejribe sapaklarynda has- da giňişleýin berilmegi we onuň hökmany suratlarda ýazgylara geçirilmeginiň gerekdigini “zerurlyk” -diýip bilmelidir. Halypa we şägirtlik gatnaşyklarynda uly orun tutýan bu ruhybelentlik türkmen halkynyň gadymy ýol ýörelgeleriniň biri. Munuň özi ýaşlara ýurdumyzyň, döwletimiziň watançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaşlary bolmaklary üçin aladalardyr. Ýaşlaryň üstünligine guwanmak hem- de olaryň ösüş derejelerini seljermek üçin olary hemişe taýýarlykly bolmaga ugrukdyrmak tejribeçilikde uly basgançaklara ýetirer.Bilim ugry boýunça berilýän ünsüň tejribe sapaklarynda has- da giňişleýin berilmegi we onuň hökmany suratlarda olarda synag etmek. Özleriniň tejribede öwrenen zatlaryny bir- birege , şol sanda mugallym bilen paýlaşmak hem zerurlyk bolup durýar.

Çünki tejribe üsti bilen teoriýany durmuşa geçirmegiň düzgünleri hakynda birnäçe kitaplar okap, olaryň içinde özüňe gerek zatlary saýlamak hem- de ony durmuşda ulanmak esasy bilim boýunça geçirilýän okuw – tejribesinde hem aýratyn orun alýandyr. Türkmen jemgyýetiniň döredijilik ruhy we şu günki ösüşler öz beýanyny tapýar. Umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda- dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasynda,şeýle-de ähli ugurlar bilen baglanşykly çekilýän şertnamalarda, hünärmenleriň agramly bölegi ýaşlardyr. Seminarlary has- da baýlaşdyrmak, dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri durmuşa geçirip, öz işiňde ulanmak önümçilik tejribesinde mugallyma ýa- da terbiýeçä-de özüniň giň mümkinçiliklerini açýar. Ýaşlaryň okuw- tejribeçilik işlerinde okuwlaryny öňe alyp barmakda uly nesliň tejribe görkezmesi, ýagny şägirt tutunmasy bu esasy zatlaryň biridir. Metodiki işleri özara geçirilen tejribelerden ýola salmak hem- de gelejekde talyplaryň durmuş tejribeli geljegini nazarda tutup, esasan ýaşlary, mekdep okuwçylaryny kiçi ýaşdan bir- biregi gowy görmegi, dost bolmagy, bir – birege kömek etmegi öwretmek meselesi hem pedogogyň gönüden- göni öz işini dogry ýerine ýetirmesiniň aýdyň şaýady bolup biler. Ýaşlara estetik nazarýet bilen terbiýelemek,olaryň gözellige bolan garaýyşlarynda täze bir mazmun açaryny tapmak, şeýle- de olaryň aýdýan zatlarynda kähalatlarda ylymyň açaryny görmek, şeýle- de käbir ukyply çagalaryň edýän hereketlerinde ýa- da başarnyklarynda müňlerçe ýyllar tapylmadyk ylmy çaklamalaryň zenini görmek eýýäm adamzat döräli bäri geçilen ýollaryň biridir. Ýaşlary oba- hojalygyna çekmek hem häzirki zaman meseleleriniň biridir. Çünki topraga hyzmat etmek, ata- baba däpdir we topragyň berekedi bilen badaşan türkmen ýaşlaryna toý etmekde, jaý salmakda goltgy bermek, döwlet banklaryndan ýeňillikli karz hyzmatlarynyň ýola goýulmagy hem Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladalarynyň biridir. Oba hojalygynda işleýän daýhanlarymyz ýaşaýyş jaýlaryny satyn alyp bilmek mümkinçiligine eýe.Munuň özi hem halk bähbitli işlerde ykdyadyýetimiziň hem- de medeniýetimiziň ösen derejesini görkezýar. Köp çagaly, dört we ondan köp çagalylara ýaşaýyş jaýlaryny ýeňillikli şertde satyn almagyna başlady. Birnäçe ýerlerde çäreler geçirilýän bolsa, käbir ýerlerde suratkeşlerimiziň sergileri, kä ýerlerde bolsa, owadan türkmen atlarymyzyň ýaryşlary geçirilýär.

Muňa-da hökman ýaş suratkeşlerdir, çapyksuwarlar gatnaşyp, baýramçylyklarda baýrakly orna mynasyp bolýarlar. Her bir edarada, her bir kärhanada häzirki döwürde ediläýn işler gyzgalaňly alnyp barylýan işleriň netijesi ykdysadyýetiň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň senagatlarynyň üstünlikli ädimlerini kesgitlemek bolsa, ykdyadyýetiň hem- de beýleki pudaklaryň hem üstünligi diýmek bolar.Ýaşlary ähli ugurlar boýunça taýýar hünärmenler edip ýetişdirmek ýurdumyzyň gelejeginiň sagdynlynyň şekildir. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen ýaşlaryny bilimli edip terbiýelemekde ene- atalaryň hem-de mugallymlaryň edýän işleriniň ýokarydygyny bellemek gerekdir.

Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçilikleri çäksizdir. Ýaşlar hem muňa jogap edip, ylymda- bilimde , medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, syýasatda özlerini göreldeli hünärmenler edip ýetişjekdiklerine söz berýärler. Bu bolsa, gelejekki ýaşlaryň ýurdumyzyň halkara abraýynda ornunyň bardygynyň ajaýyp subutnamasydyr.

Merjen Atahanowa
Seýitnazar Seýdi adyndaky
TDMI-nyň Pedagogika fakultetiniň
“Mekdebe Çenli Bilim we Terbiýe” hünärmeniniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:38 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 76 %
Pressure 1020 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 9%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Dostluk bagy

Next Story

Garaşsyzlygyň miwesi

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop