Dark
Light
03.01.2026
900097279ee47b0e2c1aa02cb579222b0000ad4f THE ASHGABAT TIMES

Keselleriň anyklanylmagy üçin grafen esasly sensor döredildi

28.11.2024

Grafen, örän inçe we aşa duýgur material, alymlaryň ünsüni uzak wagt bäri özüne çekýär. Ony bedendäki iň kiçi molekulalary ýüze çykaryp bilýän sensorlary döretmek üçin ulanýarlar. Emma grafeniň ýokary duýgurlygy hem mesele bolup durýar: ony molekulalar bilen täsirleşmek üçin üýtgedenlerinde, onuň özboluşly elektrik häsiýetleri hem üýtgeýär.

Alymlar bu päsgelçiligiň daşyndan geçmegiň ýoluny tapdylar. Olar grafen bilen tutýan molekulalaryň arasynda aralyk gatlak hökmünde nanometr galyňlygyndaky molekulýar uglerod membranasyny ulandylar. Bu gatlak elektrik geçirýän däldir we grafeniň esasy aýratynlyklaryny bozmaýar.

Synaglar üçin hünärmenler aptamerleri – keselleriň anyklanylmagynda möhüm rol oýnaýan biomarkerler ýaly belli bir molekulalar bilen baglanyp bilýän molekulalary ulandylar. Sensor hassalaryň burun çalgy nusgalary bilen synag edildi we immun ulgamynyň işlemegi üçin möhüm bolan hemokinleri üstünlikli ýüze çykaryp bildi.

Bu usul birnäçe biomarkerleri birbada ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa onuň diagnostiki ähmiýetini ep-esli ýokarlandyrýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dfa41ef22cdc50da0c6ab689be1f706e6665118a THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Braziliýa Apple-den App Store-y bäsdeşler üçin açmagy talap etdi

uchastniki foruma speka THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan SPECA ykdysady forumyna gatnaşdy

Soňkylar Saglyk

Gök otlaryň saglyga peýdasy

08.12.2025
Lukmanlaryň maslahatyna görä, günüň dowamynda miweleriň we gök önümleriň hiç bolmanda 400 gramyny iýmelidir. Ilkinji nobatda bolsa ter gök otlary gündelik iýmit bilen ýanaşdyrmagy

Adam beýnisi ulalyp bilermi?

01.12.2025
Ählimize mälim bolşy ýaly, adam beýnisiniň ululygynyň artýandygy alymlar tarapyndan geçirilen täze gözlegleriň netijesinde-de ýüze çykaryldy. Aslynda, bu usulyň ýaşyň ýokarlanmagynyň netijesinde ýaş nesillerde
GitTop