Dark
Light
03.01.2026
cover 1448081956 THE ASHGABAT TIMES

Küşt oýnunyň ähmiýeti

28.11.2024

Umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň aňynyň ösüşini kämil derejede kemala getirmek mugallymlaryň esasy maksadydyr. Küşt oýny pikirleniş işini tejribedäki hereketler bilen baglanyşdyrmaga, meseläniň şertini we çözüliş ädimlerini aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Küşt tagtasynyň bary-ýogy 64 öýjükden ybaratdygyna garamazdan, matematikada küşt we küşt tagtasy bilen baglanyşykly gyzykly, biri-birine meňzemeýän meselelere duş gelmek bolýar.
Küşt — diňe bir gyzykly oýun bolmak bilen çäklenmän, akyly ösdürmegiň serişdesidir.
Küşt oýny bilen matematikanyň arasyndaky baglanyşyk uludyr. Birinjiden, matematik bilen küştçiniň pikirleniş usuly ýakyn. Tagtadaky çöpleriň ýagdaýyna çözüwini ähli mümkin bolan ýagdaýlaryň köplüginden amatly usuly saýlamak arkaly tapmaly mesele hökmünde seredip bolar. Matematikanyň meselelerini çözmekde hem, köplenç, şu usuldan peýdalanylýar. Ikinjiden, küşt we matematika akyl terbiýesini ösdürýär, özbaşdak pikirlenmäge höwes döredýär, meseleleri dürli usullar bilen döredijilikli çözmek endiklerini kämilleşdirýär. Öňden belli göçümleri gaýtalamak bilen belli küştçi bolup bolmaýar. Edil şonuň ýaly, pikirlenmegi we oýlanmagy başarmasaň, matematikada üstünlik gazanyp bolmaýar.
Küşt oýnaýan çagalar gowy adamçylyk sypatlaryny kemala getirmekde esas bolup durýan maksat, serişde, sebäp, usul, göreş, ýörelge, hasap, ýalňyşlyk, şowsuzlyk, üstünlik, şeýle hem gözellik, zähmet, jogapkärçilik, ýeňiş ýaly çuň manyly düşünjeleri ulanýarlar. Bu düşünjeleriň manysyna akyl ýetirýärler. Küşt oýny çagalara her bir göçümiňi berk pikirlenmegi, öz ýagdaýyňa seljerme bermegi, göz öňüne getirmegi öwredýär. Bu endikler çagalara durmuşyň soňky basgançaklarynda hem dogry netije çykarmaga kömek edýär.
Geçirilen barlaglar başlangyç synplarda küşt bilen meşgullanýan çagalaryň oňat sanaýandygyny, düşünmek we kabul etmek endikleriniň ösendigini, okuwa gyzyklanmasynyň ýokary derejelidigini görkezdi. Ýetginjeklere akyl terbiýesini bermekde hem küşt oýnunyň ähmiýeti uludyr. Oýun ýetginjeklerde gaharjaňlygy bäsdeşlik aň bilen çalyşmaga, mekdep derslerine ýetişigini gowulandyrmaga, öz-özüňi bahalandyrmagy ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Küşt oýny çagalara tekizlikde ugur saýlamaga, analitik pikirlenişi ösdürmäge ýardam edýär, ýatkeşligi, ünsi, deňeşdirmäni, özbaşdaklygy kämilleşdirýär.
Küşt oýny çagalarda sporta bolan söýgi bilen bilelikde ylym-bilime bolan gyzyklanmanyň ösmegini üpjün edýär. Bu oýun çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegine itergi berýär. Küşt oýny bilen gyzyklanýan çagalarda gözellik terbiýesi, akyl terbiýesi we zähmet terbiýesi biri-biri bilen baglanyşyklylykda ösýär, kämilleşýär.

Arzygül BÄŞIMOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

52468 e1732732551751 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Adamyň aýdym-saz bilen arabaglanyşygy

nvbwyzlzkd7saetvprfcfvqpsusuljncpbjzko7b2ghhlggcd82vmog4o1s1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop