7d641aa3ed69278db8a2e00f7c510c7d 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Mugallymyň jemgyýetdäki orny

27.11.2024

Jemgyýet, halk mugallyma birinji derejeli ähmiýet berýär, onuň asylly, jogapkärli käri bilen içgin gyzyklanýar, ýaşaýyş durmuşy barada alada edýär. Sebäbi mugallym ýaş nesli akylly-başly, edepli-ekramly edip ýetişdirmek bilen ýörite meşgul bolýan adam. Jemgyýeti ilerledýän, onuň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş, medeni derejesini ýokarlandyryp, ýurduň syýasy durnuklylygyny, il abadanlygyny we agzybirligini pugtalandyryp biljek adamlary kemala getirýän mugallymdyr. Il içinde onuň mertebesi belentdir. Halk mugallyma özüniň iň eý görýän zady bolan çaganyň ykbalyny ynanýar. Çünki ol mugallymyň yhlasly zähmeti bilen çaganyň kemally adam – ylymly-bilimli, ahlakly, medeniýetli, hünärment adam bolup ýetişjegine ýüregi bilen ynanýar. Munuň özi mugallyma goýulýan belent sarpadyr, şol bir wagtyň özünde-de onuň üstüne ýüklenýän uly jogapkärçilikdir.

Türkmenler geçmişde-de mugallyma uly sarpa goýupdyr, oňa aýratyn hormat bilen garapdyr, onuň sowadyna we öwredijilik ukybyna ýürekden ynanypdyr. Muňa türkmeniň ,,baldan süýji” balasyny molla berende, „eti seniňki“ diýip aýdan pähimi-de güwä geçýär. Hat-sowat öwredýän,  tälim-terbiýe berýän adamyň gadyr-gymmatynyň bilinmegi türkmen halkynyň hemişe-de ylym-bilime teşne bolup gelenligindedir, onuň ýaşaýan ýerlerinde gadymy siwilizasiýanyň ýokary göterilip, dünýä ylmynyň we medeniýetiniň ösmegine saldamly  goşant goşan beýik danalaryň bolanlygyndadyr.

Gündogaryň beýik danalary – Horezminiň, Farabynyň, Birunynyň,  Ibn-Sinanyň, Omar-Haýýamyň öz döwürdeşleri we özlerinden soňkular üçin deňsiz-taýsyz halypa, ussat mugallym bolandyklaryny aýtmak bolar. Mysal üçin, Gündogaryň beýik akyldary Faraby „mugallymlaryň mugallymy“ diýip atlandyrylýar. Oňa Güdogaryň hem Günbataryň belli alymlary „Ikinji mugallym“, „Ikinji Arestotel“ diýip baha beripdirler. Beýik Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň sözüň hakyky manysynda mugallym bolandygyny, onuň ilkinji türkmen alym-pedagogy diýlip hasap edilýändigini hiç kim inkär edip bilmez.

Mahym SAPARBAÝEWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:30 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
0e3ef17b40a9765055bbb11998fed614bf9395f0 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Fragment platformasy belgileri satyn almak üçin hökmany tassyklamany girizdi

51a8b60f12943ff1d657ea314f8e9290b8cb525c THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Huawei enjamlaryň arasynda maglumat geçirmek üçin düýbünden täze usul oýlap tapdy – el bilen

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop