28898278be031085d2f53282a2efb581 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Okatmagyň usullary hakynda düşünje we olaryň häsiýetnamasy

27.11.2024

 „Usul“ diýmeklik, maksada ýetmekligiň ýollarynyň, tärleriniň kesgitlenen derejede tertipleşdirilen işini aňladýar.

Okatmagyň usuly diýlip, mugallym bilen okuwçylaryň özara arabaglanyşykly işiniň ýollaryna, okuw döwründe bilimiň, terbiýäniň meselelerini çözmäge gönükdirilen işe aýdylýar.

Okatmagyň usullary okuw döwrüniň iň wajyp komponentleriniň biri bolup durýar. Işe laýyk gelýän usul bolmadyk ýagdaýynda okatmagyň meseleleriniň we maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini, okuwçylaryň okuw materialynyň mazmunyny özleşdirilmegini gazanyp bolmaz.

Ussat pedagoglar tarapyndan okatmagyň usullarynyň dürli görnüşleri kesgitlenilipdir.

Habar bermegiň we kabul etmegiň çeşmelerine laýyklykda: sözleýiş, görkezip okatmak we tejribe işleri bilen baglanyşykly usullara bölýärler. (S.I.Perowskiý, Ýe.Ýa.Golant)

Didaktikanyň esasy meselelerine baglylykda: bilim almak; endikleriň we başarnyklaryň kemala gelmek; bilimleriňi ulanmak; döredijilik işi; berkitmek; bilimi, başarnygy, endigi barlamak ýaly usullara bölýärler. (M.A.Danilow, B.P.Ýesipow)

Okuwçylaryň bilimleri özleşdirişiniň akyl ýetiriş (öwreniş) işleriniň häsiýetine laýyklykda şeýle usullary belleýärler: şekilli düşündiriş, repreduktiw, esasy meseläni düşündirmek, bölekleýin gözleýiş?, we barlag usullary. (M.N.Skatkin, I.Ýa.Lerner)

Okatmagyň usullarynyň öwretmegiň usullary bilen bagly usullaryň görnüşleri hem berilýär: jemleýji-habar beriş we ýerine ýetirijilik, düşündiriş we repreduktiw, …. (M.I.Mahmutow). Görkezilen her bir häsiýetnamanyň kesgitli esaslary bar. Okatmagyň usullary belli bir häsiýetlere görä toparlara bölünýärler. Häzirki wagtda okatmagyň nazarýetinde we amalyýetinde giňden ýaýran häsiýetnamalar şulardan ybarat:

-bilim almak bilen bagly (sözleýiş, görkezip okatmak we tejribe işler bilen baglanyşykly);

-mugallymyň (okatmak usuly) we okuwçynyň (öwrenmek usuly) işleriniň görnüşlerine bagly;

-pikirleniş we akyl ýetiriş işjeňlik häsiýetlerine bagly (repreduktiw, düşündiriş-şekil, agtaryş, barlag);

-netije çykarmaklygyň görnüşlerine bagly (induktiw, deduktiw).

Nazakat ORUNBAÝEWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
5a8e850437124 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Pagta we ösümlik ýaglary

e691a8baa8b071c3ca13cdc150faff4b3a6f4c63 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Intel çykdajylary azaltmak üçin 80 gektar ýeri satmak kararyna geldi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop