20240613 dsw niklas 144 THE ASHGABAT TIMES

Okuwçylar bilen işlemegiň usullary

19.11.2024

Terbiýeçilik işinde mugallymyň her bir anyk ýagdaýda okuwçy bilen işlemegiň ähmiýeti bolup biljek tärlerini ulanmagy başaryp bilşine köp zat baglydyr. “Bir wagt bir okuwçyny terbiýelemekde şu hili ýagdaýda şeýle täri ulanypdym, ol netije beripdi” diýip, bir wagyt netijeli bolan täri ulanmagyň bu gezek islendik netijäni bermezligi, tersine bolup çykmagy mümkindir. Sebäbi ýokarda belleýşimiz ýaly, ähli okuwçy bir meňzeş bolmaýar. Galyberse-de, okuwçy bilen iş geçirilende, hut şol pursatda onuň psihologik ýagdaýynyň nähilidigi-de, onuň bilen ýekelikde ýa-da başgaça aýdanda, her bir pursatda, her bir çaga bilen işlenilende ýokarda ýatlanylan we ýatlanmadyk ähli ownuk-uşak bolup görünýän ýagdaýlaryň nazara alynmagy möhümdir. Mugallymyň terbiýeçilik işinde onuň çagalar bilen işlemäge çuň höwesiniň bolmagy, çagalary söýmegi, olara ynsanperwerli çemeleşmegi uly kömek edýär.

Ýöne bir zady bellemek gerek. Çagany söýmek diýmek mugallym çaganyň öňünde ejizläp, näme diýse, onuň diýenini edip ýöremeli, ony öz ugruna goýbermegi, oňa hajyk-hujuk edip gün görmeli diýmekligi aňlatmaýar.

 Mugallymyň çaga söýgüsi talap edijilikli söýgi bolmalydyr. Şeýle mugallymy okuwçylar söýýärler, onuň bilen öz aladalary barada  gürrüň etmegi, onuň pikirini diňlemegi halaýarlar, onuň  maslahatlaryna gulak asýarlar. Eger mugallym çagalary, olar bilen işlemegi söýmeýän bolsa, okuwçylar özlerini ondan çeträkde saklamaklygy kem görmeýärler. Ony hormatlamaýarlar. Hormatlamaýan  mugallymyň terbiýeçilik tagallalary zerur netijäni hem berýär.

Terbiýelenýänlere üstünlikli täsir etmek üçin mugallymda ösen duýgusynyň, ýagny başgalara duýgudaşlyk etmek, onuň ýagdaýyna düşünmek häsiýetiniň bolmagy zerurdyr. Bu oňa çagalara çemeleşende, olaryň  psihologik ýagdaýyna düşünmäge, özüni terbiýelenýäniň ornunda  goýup görmegi, paýhasly hereket etmäge kömek eder. Mugallymyň synçy  adam bolmalydygy hakynda ýokarda aýdypdyk. Mugallym synçylyk netijesinde olar barada dogry  netijä gelip bilýän mugallym öz eden gürrüňiniň okuwça täsir  etmeýändigini tiz  aňýar we onuň äheňini üýtgedip, netijeli ugra gönükdirýär. Mugallymyň terbiýeçilik işiniň netijeli bolmagy üçin onuň okuwçylar bilen ysnyşykly işlemegi gerek. Okuwçylara ýakyn durmak ýaş mugallyma birbada aňsat düşmeýär. Okuwçylar bilen ysnyşykly işlemek olary özüňe ýakynlaşdyrmak üçin, mugallym olar bilen bilelikde her dürli synpdan daşary işleri gurasa peýdaly bolar. Şonda mugallym özüni ýönekeý alyp barmalydyr. Gödeklik, ulumsylyk okuwçylary mugallymdan daşlaşdyrýar. Özüni okuwçylardan çete çekýän, gedemlik edýän mugallymyň terbiýeçilik tagallalary täsirsiz bolýar. Özüni ýönekeý alyp barmak diýmeklik okuwçylar bilen mugallymyň arasynda hiç hili çäk bolmaly däl diýmegi aňlatmaýar. Bu çägiň zerurlygy okuwçylaryň  özleri tarapyndan aňlanylmalydyr. Mugallymyň bilimliligi, medenýetliligi okuwçylar bilen özüni  alyp barşy, okuwçylar bilen onuň arasyndaky belli bir çägiň  bolmagyny üpjün edýär. Şol çägiň bolmazlygy mugallymyň emeli suratda çäk döretjek bolup synanyşmagy arkaly gazanylyp bilinmez. Käbir mugallymlaryň tejribesinde, aýratyn hem ýaş mugallymlryň tejribesinde okuwçylary gorkuzyp terbiýelemäge ýykgyn edýärler. Mugallym öz gowşaklygyny bildirmejek bolup, okuwçylary gorkuzyp, olara öz diýenini etdirjek bolýar, haýbat atýar, topulýar, gaharlanýar we ş. m. bularyň hiç biri-de mugallymyň abraýyna abraý goşmaýar, gaýtam okuwçylaryň içinde onuň abraýyny gaçyrýar. Netijede terbiýeçilik işi agsaýar, okuwçylar bilen mugallymyň arasy bozulýar, olaryň biri-birine düşünişmeklerine zyýan ýetirýär. Okuwçylar üçin mugallymyň sözüniň täsirliligi peselýär. Olar mugallymdan uzaklaşýarlar. Käbir ýaş mugallymlar okuwçylar bilen ysnyşykly işlemekde, başga bir ýagdaýa ýüz urýarlar, ýagny okuwçylara  ýaraňjaňlyk edýärler. Şeýdip, özlerine ýalan abraý, hormat gazanjak bolýarlar, muny okuwçylara diýenini etdirmegiň ýeke-täk usuly diýip hasaplaýarlar. Hakykat-da bolsa bu hili çemeleşmeklik hem tiz mugallymyň abraýyny gaçyrýar.

Jennet ÝAZGULYÝEWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:16 am, Jan 19, 2025
temperature icon 7°C
облачно с прояснениями
Humidity 55 %
Pressure 1019 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 8 mph
Clouds Clouds: 66%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:14 pm
mgr 3337 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan ilkinji gezek halkara guramaçylykly jenaýata garşy göreş gününi belleýär: Howpsuz geljek üçin göreşde ýaşlar öňde barýar!

telefonlar 780x470 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ykjam telefonlaryň üsti bilen gepleşmegiň kadalary

Soňkylar Makalalar

Pyrtykalyň Efir Ýagynyň Peýdaly Taraplary

16.01.2025
Pyrtykalyň efir ýagy, tebigy we saglyk üçin peýdaly maddalaryň baý çeşmesi bolup, dürli maksatlar üçin ulanylýar. Bu ýagyň birnäçe peýdaly taraplary bar: Pyrtykalyň efir

Türkmenistan ynanşmagyň we parahatçylygyň Watany

16.01.2025
Türkmenistanyň dünýä derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürmek ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan iň soňky üstünlikleriniň biri

  Sanlaşdyrylan çözgüt

13.01.2025
           Nebit- gaz ulgamynyň sanaşmasy halkara çözgütlere giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça edilýän işler üznüksizdir. Şeýle ajaýyp görelde ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

13.01.2025
        Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy. Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda

Bagtyýarlygyň Halkara giňişligi

13.01.2025
     Gahryman Arkadagymyz türkmeni Garaşszylyk ýyllary içinde dünýä tanatdy. Her bir baýramçylyklarda milliligimize,taryhy çuňluklarymyza öz medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň üsti bilen sarpa goýmak,  türkmen halky öz
GitTop