Dark
Light
24.01.2026
unnamed THE ASHGABAT TIMES

Pedagogika ylymda

08.11.2024

Pedagogika “paýdagogos” diýen grek sözünden bolup, “paýdos –çaga we “ago” –ýöretmek diýen manyny berýär. Doly terjime edende “paýdagogos” –“çagany ýöredýän” ýa-da “çagany alyp barýan” diýmekdir. Gadymy Gresiýada öz eýesiniň çagasyny mekdebe alyp barýan gullara pedagog diýipdirler.

Dürli döwürlerde, pedagoglar hemişe adamlara kömek etmegiň ýollaryny, tebigatdan berlen mümkinçiliklerden dogry peýdalanyp ýaşamagy, olarda täze hilleriň ýüze çykmagyny gözläp geldiler. Müň ýyllaryň dowamynda dürli bilimler, dürli pedagogik ulgamlar döredilip, olar inkär edilip, täzeleri ýüze çykyp, şu günler olaryň arasyndan iň peýdalylary, adamzada gerekleri saýlanyp galdy. Bu maglumatlaryň esasynda terbiýe baradaky ylym hem ösýär. Onuň esasy wezipeleriniň biri adamy terbiýelemek baradaky maglumatlary toplamak we ulgamlaşdyrmak bolup durýar.

Her bir ylmyň öz predmeti we obýekti bardyr. Pedagogikada özüniň “ömürlik” meselesi bilen meşgullanýandygyna garamazdan, onuň konkret predmeti bardyr : ol okuw-terbiýeçilik edaralarynda geçirilýän terbiýeçilik işlerdir. Onuň obýekti hökmünde okuw-terbiýeçilik edaralarynda terbiýelenýän, okadylýan, bilim berilýän adamlardyr.

Adamlaryň ruhy we bedeni ösüşinde uly orun tutýan halk pedagogikasy ähli döwürlerde öz ornuny ýitirmedi. Halk tarapyndan döredilen bu gymmat bahaly terbiýe ulgamy şu günler hem terbiýäniň özenidir. Ertekiler, matallar, nakyllar, oýunlar, çagalara at goýmak, daragt ekmek ýaly däpler asyrlar boýy dowam edip gelýär.

Perwana MERETGELDIÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

glawny 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Atym bar ganatym bar

n seq y0hm18whfjqvby4fkqznyrre66ba3bsg0g js THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýä Uniwersitet Reýtingleri 2025: Oksford iň ýokary orny saklaýar, iň gowy 10 sanawyny we olaryň umumy balyny barlaň

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss