Sarpanyň buýsanjy

01.11.2024

Ýaňy- ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe halkara konferensiýalaryňdyr, festiwallaryň geçirilmegi ýurdumyzda beýik şahyrymyza goýulýan sarpanyň has-da ýokarydyrgyny ýüze çykardy. Türkmen milleti, türki halklaryň we türki dilli halklaryň dünýäsiniň iň gadymy şahalarynyň biridir, hatda onuň köki hem gönezligidir diýsek-de öte geçdigimiz bolmaz. Hut şonuň üçin hem türkmen edebiýatyny we onuň beýik hem görnükli wekili Magtymgulynyň eserinde global temalara ýüzlenilýär. Ol gadymy dünýäniň syrlaryndan habar berýän ýokary älemleriň inçe syry barada ýazylan şygyrlaryň syry häli- häzire çenli öwrenilenok.

Emma Magtymguly bolsa, milletiniň ruhy dünỳäsini has baỳlaşdyrmak we gözỳetimini has giňeltmek maksady bilen, halk köpçülügine düşnükli dilde beýan edýär.

Ol baý diliň aýratynlyklaryna has uly üns berýär. Magtymguly älemleriň açary. Ol açara näçe ýakynlaşdygyňça, şonça- da Magtymgulynyň syrlarynyň çuňlugyny görýärsiň. Magtymguly spektaklyny ýazanymda hem mende şeýle boldy.Ýakynlaşdygymça, daşlaşýardy.

Magtymguly diňe bir edebiýat jähtden däl- de hakykatdan hem ylmy taýdan öwrenilmeli şahsyýet. Onuň döredijiliginde ylmyň, ruhy dünýäniň täze açyşlarynyň sany sanardan köp. Onuň döredijiligi hemişe öwrenilmelidir. Halk döredijiligimize ýüzlense, beýleki tarapdan müňlerçe ỳyl ỳaşap sünnälenip gelen halk aỳdymlarymyzdan, atalar sözümizden, hüwdilerimizden, lälelerimizden gözbaş alýan döredijilik halkyň ruhy çeşmesidir.

Onuň döredijiligine hormat goýýan halklaryň alymlary bilen bilelikde öwrenilmegi, onuň kanon keşbiniň sungatda döredilmegi ýene- de müňýyllyklara ýadygär galjak bir gaýtalanmajak keşbi türkmen halkynyň we dünýä halklarynyň edebiýatynda şuglalandyrar.


Älemde, ýene- de üstleri açylyp,ýene täze älemleriň yzynda, gözleglerini dowam etdirýän adamzadyň syrly ýaşaýyşy elbetde gün geldikçe täze bir açyşlaryň yzynda. Dogrusy Magtymuglynyň älemi öz derejesiniň ýokarylygy bilen , dünýäniň ölçeg biliklerine- de ýyldyzlara- da , güneşe , aýa güne- de şygryýetiň köprüsinden geçmegini saglaýar. Magtymgulynyň älemi seni başga älemlere äkidýär.Bu bolsa, seniň göz öňüňde tebigaty janlandyrýar:- pyntyklar ýarylyp, magdanlar ösüp, adamlar gülüp, şemallar ösüp, diňe bir ýer ýüzi däl, eýsem gije ýyldyzlaryň tanslary, galaktikanyň hereketleri göz öňüňde janlanýandygy Magtymguly poeziýasnyň üsti bilen gözellik döredýär diýmek bolar.

Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir ylym ýa- da filosofiýa bilen çäklenmeýär, eýsem onuň döredijiliginde hiç kimiň döredijiliginde yz goýmadyk täsin aýlawlar, öwrümler we düşünjeler ýerleşýär. Her gezek Magtymgulyny okanyňda, täze zat açmaga mümkinçilik döredýär. Magtymguly seni täzeleýär. Ol saňa ýol salgy berýär. OL seniň öňüňde arassa ýodany salgy berýär, sen şygyrlaryň üsti bilen ol ýodadan ýuwaşjadan barýarsyň.Bu bolsa, sarpasy belent şahyryň döredijilgiini öwrenýän dünýä halklary üçin adamzat ruhunyň şahyry diýmegi aňladýar.

Magtymguly Pyragy günümiziň iň wajyp meselelerini döredijiligine näçe asyr geçse-de modern nazardan saklapdyr diýip, aýdyp bileris.Geçmiş nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyny aýtmagymyz, ony belläp geçmegimiz gerek. Türkmeniň ösen medeniýetiniň, diliniň hem-de nusgawy hazynasynyň keşdeli köňlüni öwrenmek elbetde, edebiýatçylaryň paýyna düşýär. Emma onuň manylaryny ýerbe-ýer ulanmak üçin ussatlygyň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.

Häzirki döwürde biziň gündelik dilimizi Berkarar döwletimiziň täze zamanasynyň Galkynyşy döwründe dilçileri ürç edip öwrenýärler. Öz ene diliňi, onuň basymlaryna hem-de ümlüklerine çenli inçeden-inçe öwrenmek ýaly sogap iş, megerem, ýok bolsa gerek.

Şeýle- de meýdançada hormat garawuly we dünýäniň baştutanlarynyň eken baglary atlary bilen bellenilendir. Munuň özi Aşgabadyň iň iri çüwdürümleri bilen bezelen bu meýdançanyň heýkellerini türkmen heýkeltaraşlary Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Şamyrat Ýarmämmedow, Nurmuhammet Ataýew ýerine ýetirendir.Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan şaýoluň çatrygynda ýerelşýän bu çüwdürim 2008-nji ýylyň 29 –njy iýunynda Türkmenistanyň prezidentiniň ak pata bermegi bilen açyldy. 125- metr inedördül meýdany tutýan bu suw çüwdürimler toplumy – Oguz hanyň alty ogly bilen agzybirligiň hem- de parahatçylygyň simwolyny berýän ajaýyp tymsaly, onuň ogullaryna berýän öwüdi ak şäheriň esasy girelgeleriniň birinde ýerleşýär. Dünýä belli howa menziliniň öňünde- esasy ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu suw çüwdürimler toplumynyň gözelligi, onuň bu günki gün ýaş nesillere berýän nusgasy bahasyzdyr.

Bu günler ýurdumyzda iň buýsançly wakalaryň biri hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň bellenilýän günlerinde 300 ýyllyk ýubileý dabarasy mynasybetli gurnalan heýkelidir. Köpetdagyň eteginde elleri şygyrly , Asyrlar boýy Türkmeniň Garaşsyzlygyny arzuw eden ajaýyp şahyry, Buýsanjy Magtymguly Pyragynyň heýkeli. Bu heýkeliň gözelligi buýsandyrýar. Bu günler ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan baýramçylyk çäreleri dowam edýär.Bu bolsa, halkymyzyň ruhy şahyrynyň beýik mertebesini ýokary galdyrýar.Şeýle beýik şahyryň sarpalanmasy bolsa, ýurdumyzda edebiýata we sungata goýulýan sarpa buýsanmaga hakymyzyň bardygyny alamatlandyrýar.

Agamyrat AÝDOGDYÝEW
Türkmen Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:21 pm, Nov 23, 2024
temperature icon 14°C
ясно
Humidity 58 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 4%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Bagtyýar nesil

Next Story

Dr. Hans Henri P. Kluge, BSG-nyň Ýewropa sebiti boýunça sebitleýin direktory wezipesine ikinji bäş ýyllyk möhlet üçin dalaşgär görkezildi

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop