Dark
Light
03.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Söwda gatnaşyklary

25.11.2024

Berkarar döwletiniň täze eýýamy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşyň ähli ulgamlaryny gurşap alan özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamak işleri ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini durnuklylaşdyrmakda telekeçilik işjeňliginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Ol önümçiligi çeýe dolandyrmaga, täze tehnologiýalary we ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige tiz ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda telekeçilige, aýratyn hem, hususy telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek işleri ulgamlaýyn häsiýete eýedir. Bulara ýurdumyzda telekeçiligi goldamak boýunça kabul edilýän döwlet maksatnamalary we telekeçiligiň döwlet goldawyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary aýdyň şaýatlyk edýär. Islendik döwletiň ykdysadyýetiniň şol ýurtdaky telekeçilik düzümleriniň işiniň netijeliligine bagly bolup durýandygy jedelsizdir. Bazar gatnaşyklary şertlerinde biziň jemgyýetimiziň öňünde köpsanly çylşyrymly meseleler ýüze çykýar we olaryň arasynda telekeçilik işi iň möhüm orunlaryň birini eýeleýär.

Häzirki zaman ykdysady edebiýatlarynda, şeýle hem kanunçylyk namalarynda «telekeçilik» adalgasynyň mazmunyna kesgitleme birmeňzeş berilmeýär. Munuň şeýle bolmagy köp ýagdaýlarda telekeçilik düşünjesiniň mazmunyny üýtgedýär. Häzirki wagtda telekeçilik adalgasyna dürli nukdaýnazardan se-redilýär. Oňa hojalygy ýöretmegiň usuly hökmünde, bazar şertlerinde işi guramak we amala aşyrmak, şeýle hem bazar subýektleriniň özara gatnaşygy hökmünde garaýarlar. Telekeçilik ykdysady işjeňligiň aýratyn bir görnüşi hökmünde çykyş etmek bilen, onuň başlangyç tapgyry, adatça, diňe pikir bilen baglanyşykly bolýar. Pikir ýörediş işiniň netijesi bolsa soňra maddy görnüşe geçýär.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup önümçilik, söwda we maliýe gatnaşyklary çykyş edýär.Önümçilik gatnaşyklarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň, esasan, bilelikdäki we gatyşyk kärhanalary döretmek, emlägi lizinge bermek, taslamalary maliýeleşdirmek, şertnama esasynda dolandyrmak, potratlaýyn hyzmatdaşlyk ýaly görnüşleri ulanylýar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda amala aşyrylýan özgertmelerde telekeçiligi we hususy işewürligi ösdürmekde kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň subýekti hökmünde hereket edýär. Şu ýyllarda telekeçilik bölegi üçin möhüm döwür kemala geldi. Kiçi we orta işewürligi düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi, ony goldamak boýunça döwlet syýasatynyň käbir düzgünleri takyklanyldy, döwlet goldawynyň mehanizmleri işlenip taýýarlanyldy, olary amala aşyrmak üçin düzümler döredildi.

Ogulnur AKYÝEWA
Sakarçäge etrabynyň

G.Gurbanow adyndaky 17-nji orta
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

040222 12 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Adam isleglerini kanagatlandyrmak

44db3c78479b83d2811574187bee90fd7c9f1ddf THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mars meteoritindäki zirkon Marsda gyzgyn suwuň bardygyny subut etdi

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop