2021 02 12 60269f51857e6683725580 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halkynyň Milli gymmatlyklary

12.11.2024

Türkmen halky beýik halkdyr, onuň dünýä ylmyna, medeniýetine, umuman dünýä siwillizasiýasyna ummasyz goşantlary goşandygy bize mälimdir. Türkmen halkynyň geçmişde dünýäniň dürli künjeklerinde onlarça döwlet döredendigi we olary dolandyrandygyny anyk maglumatlar arkaly görkezilýär. Ata-babalarymyz öz ene topragynyň çäginde,häzirki Türkmenistanyň ýerlerinde Altyndepe, Marguş döwleti, Parfiýa imperiýasy, Beýik Seljuk türkmen imperiýasy, Köneürgenç türkmenleriň döwleti ýaly tutyş adamzadyň ösüşine uly täsir eden döwletleri döredipdirler.

Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, kämillik, sungat derejesine ýetirilen nepis halysy, şirin owazly saz gurallary, zenanlaryň şaý-sepleri, türkmeniň bedew aty, saryja goýny, ak bugdaýy, türkmeniň alabaý itibaryp bir eýýäm adamzadyň iň nusgawy maddy gymmatlyklaryna öwrüldi. Türkmen halysynada gelin-gyzlar türkmen tebigatynyň gapma-garşylygyndan aýratyn, jadylaýjy sazlaşygy ýüze çykarmagy başarýarlar. Türkmen gӧlüniň esasynda gӧz gamaşdyryjy näzik, ajaýyp güller ýüze çykýar. Halynyň dili bilen sazyň dilinde umumy gӧzbaş, bir meňzeş kemala gelmek bolup,bu her kimiň kabul edip bilşine bagly bolup durýar.

Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty diňe hünärmençilik bolmak bilen çäklenmän eýsem, durmuş zerurlygydyr.Onuň ӧz filosofiýasy we dünýägaraýşy,çeperçilik hem-de ynsanperwer ýӧrelgeleri bar.Türkmenler iň däp bolup gelýän zergärçilik ӧnümleri bäş topara bӧlmek bolýar; aýal-gyzlaryň dakynýan bezeg-şaýlary,çagalaryň dakynýan bezeg-şaýlary, erkek adamlar üçin niýetlenen şaý-sepler,at esbaplarynyň bezeg şaýlary,ýaraglarybezemek üçin şaýlar.

Türkmen gelin-gyzlaryň şaý-sepleriniň müňlerçe gӧrnüşiniň bardygyna garamazdan,olar hiç-hili biri-birlerini gaýtalamaýar. Olaryň hili gyşarnyksyz berjaý edilipdir.Orta asyrlarda Maryda 14 müňe golaý zergär şaý-sep ýasamak bilen meşgullanyp, olaryň ýasan ӧnümleri çeperçilik geňeşiniň ýӧrite toparlary tarapyndan tassyklanandan soňra, satywa çykarylýar.

Niýazgylyç BAÝRAMOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
zx4ms22h4gaiwstmqgue6skhmawhz5ls8lhlzvut THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

aa93b515 ab31 425b a8cd 15420d15fb9d THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Elektrik stansiýalary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop