Dark
Light
27.12.2025
telefonlar 780x470 1 THE ASHGABAT TIMES

Ykjam telefonlaryň üsti bilen gepleşmegiň kadalary

19.11.2024

Türkmeniň dogruçyllyk, hakykaty ýaýmak, adalaty dabaralandyrmak häsiýeti milletiň jöwher paýhasynyň, durmuş tejribesiniň miwesi bolan halk döredijilik eserlerine-de siňipdir. Biziň nakyllarymyzdyr atalar sözlerimiz dogruçyllygy ündese, ertekilerimiz, dessanlarymyzdyr şadessanlarymyz dogruçyllygy dabaralandyrýar. Olarda baş gahrymanlar dogrusyny sözläp, hakykaty aýdyp öz maksat–myratlaryna ýetýärler.Ýalan sözläp, hilegärlik edenler ryswa bolup, il içinde abraýdan düşýärler.

Soňky wagtlarda tehnikanyň ösmegi netijesinde adamlaryň arasyndaky söz gatnaşygynda, telefon, internet, faks ýaly tehniki serişdeler köp ulanylýar. Olaryň arasynda telefon aragatnaşygy has-da giň ýaýrady. Ykjam telefonlaryň üsti bilen dürli künjekdäki adamlar bilen gürleşip ýa-da maglumat alşyp bolýar. Emma talyplaryň arasynda bu enjamy ýerlikli ulanmagyň edep kadalarynyň bozulýan ýagdaýlaryna gabat gelmek bolýar. Awtobuslarda töweregindäki adamlary sylaman, telefonda gödek gepleşmek ýa-da gaty ses bilen aýdym aýtdyrmak görümsizligi, göterimliligi, biedepliligi aňladýar. Käwagt okuw otaglarynda sapak diňlemegiň ýerine telefony bilen başagaý bolup oturan gyz‑oglanlary‑da görmek bolýar. Öý telefony bolsun, el telefony bolsun, ony peýdalanmagyň öz edep kadalary bar. Aýdylýan, anyklanmaly maglumatlar örän gysgadan düşnükli bolmaly.

Gepleşigiň wagtyny, mümkin boldugyndan, tygşytly peýdalanmalydyr. Aşakdaky iki sany telefon gepleşiginden alnan ýazgyny deňeşdirmek arkaly öz pikiriňizi aýdyň. Sözleýiş medeniýetini berjaý etmek üçin, ilkinji nobatda sözüň güýjüne düşünmeli. Sözüň güýjüne, sözüň täsirine düşünen adamyň sözleýiş medeniýeti-de ýokary bolýar.

Güljahan ÖWEZDURDYÝEWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

20240613 dsw niklas 144 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Okuwçylar bilen işlemegiň usullary

01 u0sm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyz sport üstünliklerine tarap öňe barýar

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop