Dark
Light
25.01.2026
5825596b1dae99a1f872a91539359fe4 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Ahalteke atlary – Bedewleriň naýbaşysy

23.12.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň şöhratyny gaýtadan dünýä dolduran milli Liderimiz halkymyzyň «Saňa at diýmerin, dogan diýerin» diýip sarpalan behişdi malyna çyn howandar çykdy. Behişdi bedewlerimize bolan çuňňur söýgi, sarpa mähriban Arkadagymyzyň ýüreginde aýratyn orun alandyr. Sebäbi arkama-arka gelýän bu päk hem halal kär nesil yzarlaýar. Ak ýoly bilen, ak aty bilen türkmen halkyny bagtyýar günlere alyp barýan paýhasly, dana Arkadagymyzyň akylly bedewi çagalykdan, ýaşlykdan özüne ýakyn dost saýandygy, çyrpynyp duran bedew ata ussatlyk bilen erk edýändigi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Ahalteke bedewleri gadymy pederlerimiz tarapyndan mundan birnäçe müň ýyl ozal döredilipdir. Olary dünýäniň birnäçe döwletle-ri özleriçe dürli-dürli atlandyrypdyrlar.

Ahalteke atlary türkmen halkynyň milli guwanjy bolup, dünýä atçylygynda iň gadymy tohumlaryň biri hasaplanýar. Bu tohum ilki «Türkmen atlary» hökmünde tutuş Ýer ýüzün-de giňden tanalypdyr. Soňra ençeme asyrlaryň aýlanyp, döwürleriň dolanmagy bilen, Ahal sebitinde ýaşaýan teke taýpasynyň ösdürip ýetişdirýän tohum atlary owadanlyk, ýyndamlyk we çydamlylyk taýdan has tapawutlanypdyr hem-de ahalteke tohumy hökmünde özüni tanadypdyr. Bu tohumyň gelip çykyşy örän gadymydyr we onuň geçen ýoly türkmen halkynyň taryhy bilen jebis baglanyşyklydyr.

Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen, gözelligi bilen göreni haýran edýän tohum atlarymyz hakynda soňky döwürlerde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly alymlar hem buýsançly jümleleri ýazyp galdyrypdyrlar. Meselem, meşhur alym, professor A.A.Brauner: «Ahalteke aty düýbünden özbaşdak, örän gadymy tohum» diýip ýazýar. Ahalteke bedewleriniň iň gadymy tohumlaryň biridigine güwä geçýän maglumatlara, başga-da birnäçe alymlaryň ýazgylarynda duşmak bolýar.

Ady belli tohum atlaryň hili hakyndaky anyk maglumatlar dilden-dile, nesilden–nesle geçirilip, tohumçylyk işinde örän ýer-likli ulanylypdyr. At saklaýan adamlar onuň çykdajysyndan gaçman, öz baýtallaryny uzak menzilleri söküp, ady belli, şöhratly atla-ra höwre çekipdirler. Bu bolsa müňlerçe ýyl geçse-de, ahalteke bedewiniň tohumynyň aras-sa saklanyp, biziň günlerimize ýetmegine sebäp bolupdyr.

Behişdi bedewlerimiziň şöhratyny juda belentliklere göterýän şunuň ýaly maglumatlar bolsa, gadymy we häzirki-zaman atşynaslarynyň işlerinde näçe diýseň duş gelýär. Munuň özi atynyň ykbalyny öz ykbalyndan aýry saýmaýan halkymyzy diýseň buýsandyrýar.

Hoşgeldi AMANMYRADOW
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň
esasy ylmy işgäri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

glava turkmenitana THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň baştutanyna gynanç bildirdi

1d84d0d59da32777498ffb676f1bd412dd21ee5e THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lukmanlar rak keseline garşy sanjym synaglary üçin meýletinçileriň kabul edilmegini “pauza” goýdular

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop