turkmen bedewlerinin waspcysy THE ASHGABAT TIMES

Ahalteke atlarynyň gelip çykyşy we onuň dünýä atçylyk medeniýetinde tutýan orny

25.12.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna girizildi. Türkmen atlary, şol sanda ahalteke bedewleri öz taryhyny örän irki döwürlerden alyp gaýdýar.

Ahalteke bedewlerimiziň taryhyny öwrenmek, olaryň tohumçylyk işlerini ösdürmek hem-de tohum arassalygyny saklamak boýunça alnyp barylýan işlere Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeden öwüşgin berildi. Türkmen ahalteke atlarynyň gelip çykyşy barada dünýäniň atşynas alymlarynyň arasynda dürli pikirler gabat gelýär. Meşhur alymlar ahalteke atlarynyň gelip çykyşyny öwrenmek üçin, ilki bilen, şol tohumy döreden halkyň taryhyny öwrenmelidigini juda ýerlikli belleýärler. Munuň özi diýseň adalatlydyr.

Örän irki döwürlerde dörän we seýisler tarapyndan kämil keşbe ýetirilen türkmen atlary dünýäniň köp bedewleriniň tohumynyň gowulanmagyna öz täsirini ýetiripdir. Häzirki wagtda türkmen bedewleri dünýäniň birnäçe döwlet-lerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ol döwletleriň atçylyk pudagynda ahalteke atlaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Halkymyzyň durmuşynda her bir milli gymmatlygymyzyň öz ornunyň bolşy ýaly, gamyşgulak bedewlerimiziň hem mynasyp orny bardyr. Şonuň üçin-de bu behişdi be-dewlere aýratyn sarpa bilen sereden ata-babalarymyz onuň bilen baglanyşykly ençeme pähim-parasatlary döredipdirler. «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Bedewli öý — döwletli öý», «Aty baryň — ganaty bar» diýen ýaly nakyllar türkmen halkynyň arasynda öňden-ahyra bedewiň mertebesiniň juda belentde tutulandygyna şaýatlyk edýär.

At türkmenlerde döwletliligiň, mertligiň nyşany hasaplanypdyr. Şonuň üçin hem beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy: «At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek» diýýär. Görogly beg hem özüniň Gyratyny söýüp-söýgüläp: «Perzent dilemedim, seni diledim», «At ýigidiň gardaşydyr» diýýär.

Halkymyz bilen birlikde uzak taryhy ýoly geçen meşhur bedewlerimiz eýesine wepalylyk, ynsan kimin syzgyrlyk, syratlylyk, ýyndamlyk, çydamlylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen tapawutlanypdyr. Ata-babalarymyz köp ýyllaryň dowamynda çeken irginsiz zähmetleriniň, pähim-paýhasynyň, inçe synçylyk häsiýetleriniň netijesinde ahalteke bedewlerinde şeýle ajaýyp sypatlaryň jemlenmegini gazanyp bilipdirler. Pederlerimiziň seýisçilik hünäri has kämilleşip, döwürleriň dolanmagy bilen atçylyk-seýisçilik kärine öwrülipdir. Hut şu käriň esasynda hem ahal-teke atlary barha kämilleşdirilip, sap arassa tohum bedewler köpeldilipdir.

Bu zatlar ýurdumyzyň atşynaslaryny gowudan-gowy bedewleri ösdürip ýetişdirmäge höweslendirse, bedew muşdaklarynyň Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyklaryny has-da joşdurýar.

Gülendam USEÝNOWA
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň
 laboranty

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
4cedb8ae579c8b6711c873fcddff639d THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energiýanyň geljegi: täzelikler we durnuklylyk

auditory brain 1024x683 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Beýniniň ýokary funksiýasynyň çylşyrymlylygy

Soňkylar Makalalar

Milli mirasymyzyň ösüşi

30.01.2025
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz

Emeli aňyň ösmegi we täsiri

30.01.2025
Emeli aň geljekçi pikirden gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Esasynda, emeli aň adam akyllylygyny talap edýän wezipeleri ýerine ýetirip bilýän maşynlary we programmalary döretmek

Nanotehnologiýa

30.01.2025
Nanotehnologiýa atom we molekulalaryň derejesinde maddanyň üýtgedilmegi arkaly daş-töweregimizdäki dünýägaraýyşymyzy üýtgedýär. Bu ösen ugur dürli ylym bölümlerini öz içine alýar, şol sanda himiýa, biologiýa,

Elektroenergetika pudagy

30.01.2025
Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary,

Ylym – bilimde sanly tehnologiýalaryň orny

28.01.2025
Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly
GitTop