“Proceedings of the Royal Society” neşirinde halkara alymlar toparynyň gül ösümliklerinde köp reňkleriň gelip çykyşyny kesgitländigi aýdylýar. Hünärmenleriň pikiriçe, reňkleriň dürlüligi gadymy tozanlandyryjylaryň, ýagny mör-möjekleriň we guşlaryň kabul edişine baglydy.
Barlaglarynyň dowamynda alymlar tebigatda fon reňkleriniň dürlüligini Awstraliýadaky gülleriň aýratynlyklary bilen deňeşdirdiler. Netijede, olar takmynan 100 million ýyl ozal, ilkinji gülleriň peýda bolan döwrüne degişli materiallar bazasyny topladylar.
Soňra, pylanlandyrylan gülleriň has gysga tolkunly spektriniň bardygy, guşlar tarapyndan tozanlandyrylan gülleriň bolsa has uzyn tolkunly spektriniň bardygy ýüze çykaryldy. Alymlaryň pikiriçe, tozanlandyryjylaryň isleglerine gönükdirilmek, çeşmeler üçin göreşiň öňüni aldy we planetamyzda gülleriň ösmeginde kesgitleýji faktor boldy.
Laçyn DERÝAÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby