Dark
Light
09.01.2026
65a2391750c30037243703 THE ASHGABAT TIMES

Beýik akyldar şahyryň ekologiki ynsanperwerligi

03.12.2024

Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyrynyň filosofiýasy ynsanperwerlige, şol sanda ekologiki ynsanperwerlige esaslanyp, adamda Watana bolan söýgini, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamagy hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak duýgularyny döredyär.Magtymgulynyň filosofiýasynda adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna,onda ekologiki medeniýetiň kemala gelmek meselelerine uly orun berilýär.

Şahyryň döredijiliginde mähriban ülkämiziň tebigaty aýratyn orun tutýar, ol akyldaryň adamyň durmuşy baradaky filosofiki pikir ýöredişinde jemgyýet hem tebigata salgylanýar.Magtymgulynyň eserlerinde tebigat gaýtalanmajak gözellik bilen sazlaşykly şekillendirilýär. Magtymgulynyň ekologiki ynsanperwerligi daşky gurşawy özgertmekde ynsan bilen tebigatyň arasyndaky üzülmez arabaglanyşygy görkezýär. Şahyr ynsanyň aýratyn häsýetlerini, maksada okgunlylygyny, döredijilik ylhamyny, söýgi duýgularyny beýan edende tebigatdan mysal getirýär, şol bir wagtyň özünde ynsan bilen tebigatyň sazlaşygynyň möhümligini görkezip, adamlaryň dörediji işlerine tebigatyň duýgudaşlygyny görkezýär.

Magtymgulynyň döredijiligine bolan gyzyklanma tötänleýin däl, onuň filosofiýasy umumadamzat gymmatlyklarynyň egsilmez çeşmesidir. Dünýäniň filosofiki pikirinde ynsanperwerlik, adam, onuň jemgyýetdäki orny we onuň geljegi barada ylmy taglymatlar köp. Magtymgulynyň ynsanperwerligi onuň adam iň gymmatly hazyna diýen öý-pikirlerinde jemlenýär.Akyldaryň filosofiki pikirleri häzirki zaman türkmen döwletiniň gurluşynda öz beýanyny tapdy.

Adam ýaşaýşyň, barlygyň düýp manysyna düşünmekligi isläp, diňe geçmiş we şu gün däl, eýsem Ýer togalagynyň geljegi, şol sanda ekologiki ýagdaýy barada hem oýlanýar. Häzirki zaman adamsy üçin “ekologiýa” diýen düşünje onun filosofiki-seljerme pikir ýöredişiniň we ekologiýa medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi boldy. Häzirki zaman dünýäsinde özgertmeleriň esasy hereketlendiriji güýji bolmak bilen, adam tebigatyň bir bölegi hökmünde, onuň bilen hemişe gatnaşykda we ol gatnaşyklary sazlaşdyrmaga çalyşýar. Magtymgulynyň döredijilik mirasy diñe bir milli gymmatlyk bolman, ol umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň bir bölegidir.

Mähri ŞIRIÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

n3oj3izfgdxmomaaj9wgemn8p5kyujss8m9yvrm1zmllu30bexpt3drwqbzh e1619527970410 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döredijilik ösüşleriň binýady

farruh jusufzoda THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaý Täjigistanyň ykdysadyýetine 10 ýylyň dowamynda 2,6 milliard dollar gönükdirdi

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň
GitTop