glawny THE ASHGABAT TIMES

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

13.12.2024

Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän baý taryhy bar. Şöhratly geçmişimiziň janly şaýatlary bolan ýadygärliklerimiz, galalarymyz, keramatly ýerlerimiz türkmeniň gadymy taryhy barada dünýä ýaň salyp, gaýtalanmajak täsin keşbi, milli binagärlik aýratynlygy bilen göreni haýran edýär. Bu toprakda il-günüň aladasyny edip, beýik işleri bitiren, halkyň agzybir, erkin, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda göreşen mert gahrymanlar, dana alymlar, zehinli şahyrlar ýaşap geçipdir. Baý medeni mirasy, taryhy gymmatlyklary özünde jemläp, milli medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gülläp ösen, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen türkmen topragy geçmişde hem dünýäniň ünsüni özüne çekipdir. Asyrlar aşyp, halkymyzyň hakydasynda baky ýaşap gelýän bu hakykatyň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserinde giňden beýanyny tapmagy diýseň buýsandyrýar.

Milli Liderimiziň halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda yz galdyran şahsyýetlerine bagyşlan täze kitaby ýaş nesiller üçin gymmatly hazyna çeşmesidir.

Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirine aýratyn ähmiýet bermegi ýaş nesillerde şahyryň baý edebi mirasyna bolan söýgini has-da artdyrar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, Pyragynyň ajaýyp goşgulary ähli nesiller üçin berk taglymat, uly mekdepdir.

Şöhratly taryhymyza, milli medeniýetimize, beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz: «Pederlerimiz şöhratly geçmiş taryhymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitirdi. Häzirki nesilleriň borjy bolsa ony indiki nesillere ýetirmekdir» diýýär. Milli Liderimiziň ganatly sözlerinden ugur alyp, biz hem ýaş nesilleriň terbiýesinde geçmiş taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza, beýik şahsyýetlerimize söýgi döretmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Kasymdurdy DURDYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
640px turkmenistan ashgabat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şatlygymyza ýene-de bir şatlyk goşan waka

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň konsertleri geçiriler

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop