Dark
Light
25.01.2026
17 yanwar optimized THE ASHGABAT TIMES

Halypaçylyk

02.12.2024

Halypaçylyk –hünär kämilligiň esasy ýollarynyň biridir. Geçmişde-de ähli kärdäki adamlaryň halypalary bolupdyr. Olar islendik käri, hünäri öwrenmek isleýän ýaşlara-da, ululara-da ol işiň ähli ýagdaýlaryny jikme–jik öwredipdirler, ýerine ýetirlen işiň kemçiliklerini ýekän-ýekän düzetmegi talap edipdirler. Netijede, şägirtleriň öz ukyby, zehini, yhlasy, başarjaňlygy we endigi bilen ussadyndan öňe geçenleri hem bolupdyr. Biz bu meseläni hemme taraplaýyn öwrenmegi göz öňümizde tutýanlygymyz üçin diňe mugallymçylyk hünärinde halypaçylygyň we şägirtligiň işiniň aýratynlygynyň şu döwrümiz üçin mahsus taraplaryny beýan etmek bilen çäklenýäris. Sebäbi, pedagogik işde halypaçylygyň mugallymlaryň hünärmen – pedagogik taýýarlygyny kämilleşdirmäge nähili täsir edýändigini anyk mysallardan öwrenmegi, seljermegi göz öňünde tutýarys .

Halypalyk ýaş mugallymlaryň pedagogik–psihologik taýdan kämilleşmeginiň iň möhüm serişdesidir. Halypaçylygy   ýola goýmagyň ilkinji başlangyçlary  halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, halk pedagogikasynda we bilim ulgamynda-da özboluşly köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu däp täze işe goýberilýän ýaş mugallymlara tejribeli, ýaşuly, ussat mugallymlaryň okuw-terbiýeçilik işiniň «gizlin syrlaryna» aralaşmagyna, mekdebiň içki tertip-düzgünini öwrenmegine, pedagogik, psihologik, usuly taýdan nazaryýetden alan ylmy düşünjelerini gündelik okuw-terbiýeçilik isiniň tejribesine ornaşdyrmagyna ýolbaşçylyk etmegine, usuly kömek, maslahat bermegine ýolbaşçylyk etmegi görnüşinde dowam edip gelýär. Halypaçylyk meselesi durmuşy–pelsepe, durmuşy-pedagogik mesele bolup ylmy nukdaý nazardan giňişleýin, çuň öwrenilmeli meseleleriň biridir.

Mugallymçylyk hünäriniň pedagogik taýdan dogry guralmagyny, mugallymlaryň dürli ýaşly mekdep okuwçylary bilen işlände ugur tapyjylygyny, usuly kämilligini ýola goýmaga, gönükdirmäge ýokary okuw jaýynda pedagogikadan, psihologiýadan, hususy usulyýetden okadýan mugallymlar ýolbaşçylyk edýän bolsa, mekdepde bu iş ilki bilen halypalaryň paýyna düşýär. Sebäbi, mekdebe gelen ýaş mugallyma pedagogik  sowetiň karary bilen şol ugur boýunça okadýan ussat,  tejribeli mugallymlaryň halypaçylyk etmelidigi bellenýär. Aýry – aýry ýaşuly mugallymlar mugallymçylyk hünärine başlaýan ýaş mugallymy özüniň şägirdi hökmünde gelen gününden mähir bilen garşy alýar.  Mekdebiň maksady, wezipesi, mugallymlaryň agzybirligi, ýolbaşçylaryň talap edijiligi hakynda aýdyp, kynçylyklary ýeňip geçmäge ruhlandyrýar. Bu adamkärçiligi ýokary derejede ösen şahsyýetlere mahsusdyr. Emma durmuşda, gyýnansak-da, ýaş mugallyma ruhy goldaw bermegiň deregine, onuň kemçiligini gözleýän mugallymlara hem duş gelinýär.

Halypanyň we halypaçylygyň maksady-ýaşlardan, ýaş mugallymlardan kemçilik gözlemän, eýsem onuň gowy taraplaryny, nazary, usuly taýdan artykmaçlyklaryny, soňky ýyllarda ýokary okuw mekdeplerindäki okuw derslerine girizilen täzelikleri we şuňa meňzeşleri sorap bilmekden başlasalar maksada laýyk bolar.

Nusgawy edebiýatyň beýik halypasy Magtymguly Pyragynyň: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma!» diýip belleýşi ýaly, mugallymçylyk kärinde-de halypaçylygyň özboluşly aýratynlygy dowam edýär.

Intizar ULUGBEKOW
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2 sah n 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – täze taryhy döwrüň aýdyň nyşany

24bf4d62243f8469716b8e1653496e8a42576495 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

MediaTek Xiaomi-ny halas etdi: Qualcomm-yň ret etmeginden soň kompaniýa 5G modemleri paýlaşar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop