farruh jusufzoda THE ASHGABAT TIMES

Hytaý Täjigistanyň ykdysadyýetine 10 ýylyň dowamynda 2,6 milliard dollar gönükdirdi

03.12.2024

Hytaý soňky 10 ýylyň dowamynda Täjigistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine 2,6 milliard dollar maýa goýdy. Bu mukdaryň 57%-i göni maýa goýumlary düzýär. Bu barada Täjigistanyň Döwlet maýa goýumlary we döwlet emlägini dolandyrmak baradaky komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Farruh Ýusufzoda Avesta neşirine aýtdy.

Syýasatçy bu tema barada hytaý maýa goýum-senagat kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen sammitde çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Täjigistanyň häkimiýetleri maýa goýum klimatyny gowulandyrmaga we administratiw proseduralary ýönekeýleşdirmäge ünsi jemleýärler.

Ýusufzodanyň bellemegine görä, “Maýa goýumlar hakyndaky” kanun esasynda daşary ýurtly maýa goýujylara kanuny kepillikler, şol sanda girdejileri daşary ýurt pulunda ýurduň daşyna geçirmek hukugy berilýär. Şeýle hem syýasatçy respublikanyň gidroenergetiki serişdeleri paýlamaga we döwrebap tehnologiýalary ýurda çekmäge aýratyn üns berýändigini belledi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:40 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
65a2391750c30037243703 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beýik akyldar şahyryň ekologiki ynsanperwerligi

monreal protokol discussion tkm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda ozon gatlagyny gorap saklamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Soňkylar Dünýä habarlary

Russiýa esasy kofe üpjün edijisini üýtgetdi

17.02.2025
Şu ýylyň ýanwarynda Braziliýa Russiýa kofe üpjünçiligini ep-esli artdyrdy, Wýetnamdan üpjünçiligiň azalmasyny öwezini dolup. Milli statistika hyzmatlarynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa esasy üpjün ediji bolýar.
GitTop