c031dd8a6517fa4c8a426864a33b1528 THE ASHGABAT TIMES

Meliorasiýa barada düşünje

02.12.2024

Meliorasiýa – bu, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän, topragy gowylandyryş çäreleriniň toplumydyr.

“Meliorasiýaˮ – sözi latyn sözünden gelip çykyp, terjime edilende – gowylandyrmak diýen manyny aňladýar.

Oba hojalyk meliorasiýasynyň esasy görnüşlerine – gar, suw, himiki, toprak, klimat, we fitomeliorasiýa degişlidir.

Gar meliorasiýasy – güýzlik ekinleri aýazdan goramakda gar örtüginiň ähmiýeti örän uludyr. Güýzlük ekinler üçin amatly şertleri döretmek we suw ätiýaçlygyny gowylandyrmak üçin, ekin meýdanlaryndaky garyň galyňlygyny gar meliorasiýasynyň kömegi bilen düzgüne salmak amatlydyr. Gar meliorasiýasynyň esasy görnüşlerine gar saklamak degişlidir.
Gar saklamak üçin, esasan aşakdaky usullar ulanylýar:
-tokaý zolaklary döredilýär, olar ýeliň tizligini peseltmäge ýardam
edýär, ol bolsa öz gezeginde ekin meýdanlaryndaky gary
köwsarlamadan goraýar we ätiýaç suw saklamaga mümkinçilik döredýär;
– uzyn baldakly ekinler – günebakar, mekgejöwen, sudan oty we ş.m. ekilýär;
– gar saklaýjy germewler ulanylýar, ol ýeliň esasy öwüsýän ugruna perpendikulýar edip ýerleşdirilýär;
– gar sürümi geçirilýär.

Suw meliorasiýasysuwaryş, suwlulandyryş we guradyş çäreleri arkaly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowylandyrmaga gönükdirilendir. Has giň ýaýrany suwaryşdyr. Oba hojalyk ekinlerine suw ýetmezçilik edýän ýerlerde ulanylýar. Suwaryş  yzygiderli  we bir gezeklik görnüşlere bölünýär. Yzygider suwaryş  topragy oba hojalyk ekinleriniň ösüş döwrüniň bütin dowamynda  yzgarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bir gezek suwaryş görnüşinde bolsa, toprak ýylyň dowamynda diňe bir gezek bassyryp suwarmak arkaly yzgarlandyrylýar. Munuň üçin erän gar suwlary, baharda ýagýan ýagyşlary ýa-da derýalaryň joşan suwlary ulanylýar.

Aşa yzgarly we batgalaşan ýerler, zeýkeş ulgamlaryny gurmak arkaly guradylyp, ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowylandyrylýar.

Himiki meliorasiýa – organiki we mineral dökünler arkaly topragyň hasyllygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şorlaşan ýerlerde topragyň kislotalyk derejesini peseltmek üçin hekleme işleri amala aşyrylýar we hapa haşal otlara garşy gerbisidler ulanylýar.

Toprak meliorasiýasy – ýel we suw erroziýasyna garşy göreşmek, şeýle hem toprak bejergi işleriniň netijesinde topragyň hasyllygyny ýokarlandyrmaga gönükdirlendir. Ýel erroziýasyna garşy tokaý zolaklary döredilýär, eňňitligi uly ýerler suw erroziýasyna sezewar bolmazlygy üçin suwarymly ýerler düýpli tekizlenýär şeýle hem toprakdaky harsaň daşlar, töňňeler aýrylýar, toprakda çuň sürüm işleri geçirilýär.

Klimat meliorasiýasy – oba hojalyk ekinlerine klimatyň ýetirýän täsirine  ýagny aýaza, epgege we tüweleýlere garşy göreşmek çäreleri degişlidir. Aýazyň garşysyna göreşmekde esasy ulanylýan usullara tüsse etmek, ekinleriň arasynda ot ýakmak, ösümlikleriň üstüni ýapmak, ekinleri aýazda suwarmak we başgalar degişlidir.

Gurakçylyga we epgege garşy göreşmek üçin ulanylýan usullara  topragy bejermek, suwarmanyň hemme görnüşleri, gar saklamak, ereýän gar suwlaryny toplamak, ekin meýdanlarynyň daşyna agaç ekmek, ekiniň ekilýän wagtyny üýtgetmek, ekiniň üstüni örtmek we ş.m. degişlidir.

Tüweleýleriň garşysyna göreşmekde iň netijeli usullaryň biri ýeliň güýjini peseltmäge gönükdirilen çärelerdir. Olara ýeliň tizligini peseldýän, gözenek görnüşinde ekilen tokaý zolaklary we ýelden goraýan desgalary gurmak degişlidir.

Fitomeliorasiýaösümlikleriň kök ulgamy arkaly topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumydyr. Mysal üçin ýorunja ekin meýdanlary topragy gurplandyrýar, tokaý zolaklaryny döretmek arkaly ýerasty suwlaryň derejesi peseldilýär, bu bolsa topragyň şorlaşma derejesini peseldýär, bu bolsa oba hojalyk ekinleriniň hasyllygyny ýokarlandyrýar.

Amanmät AGAMEDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy  

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:39 pm, Feb 23, 2025
temperature icon 1°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1018 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:46 am
Sunset Sunset: 6:53 pm
sleep in older adults THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Uky we oýalyk

92221bddb53921989711e9b401bff7454f5a971a THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kompýuteriňiziň hakerleriň nyşanasyna öwrülendiginiň alamatlary

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop