Dark
Light
27.01.2026
neurosurgery 2101 THE ASHGABAT TIMES

Neýrohirurgiýa hünäriniň ähmiýetleri

10.12.2024

Neýrohirurgiýa – beýniniň, oňurga ýiliginiň we periferiki nerwleriň anyklaýyş we bejeriş işleri bilen meşgullanýan lukmançylyk hünäridir. Neýrohirurgiýa esasy hirurgiki ugur bolup durýandygyna garamazdan, ol newrologiýa, radiologiýa, reanimatologiýa we travmatologiýa ugurlarynda bilimleri talap edýär. Neýrohirurgyň gözegçiliginde bolan näsaglaryň köpüsi hirurgiki däl usullar bilen bejergi alýarlar.

Neýrohirurglar tarapyndan kelle beýnide bar bolan motor zonalarda duş gelýän täze döremeleri operasiýa etmegiň täzeçe usullary ýerine ýetirilip başlandy. Kelle beýniniň motor zonasynda operasiýa edilende töwekgellik ýokarydyr. Näsagda operasiýadan soňky döwürde hereket bozulmalary ýüze çykyp bilýär, meselem: elleriniň, aýaklarynyň ysmazlygy. Häzirki wagtda bolsa, innowasion neýromonitoring enjamyň kömegi bilen, ýagny anesteziýa astynda ellerine we aýaklaryna ýörite elektrotlary birikdirilip, kelle beýniniň elektrosti mulýasiýasy geçirilip, neýrohirurg lukmany operasiýa edip duran mahaly motor zonalara (kelle beýni däki herekede jogap berýän merkezlere) golaýlaşýan wagtynda neýrofiziolog lukmany tarapyndan dessine duýdurylýar. Şeýlelikde, neýrohirurg lukmany ýaşaýşa wajyp zolagyň üstünden aýlanyp zeper ýetirmän geçýär. Innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen şular ýaly operasiýalar häzirki wagtda neýrohirurgi ýa operasiýalarynda giňden ulanylýar.

Neýrohirurglar dürli keselleri bejermek bilen meşgullanýarlar. Olar dogabitdi kemçilikler, nerw ulgamynyň täze döremeleri, neýrodamar keselleri, tutgaý ýagdaýlary, ýokançlyklar, beýniniň şikeslenmeleri, şeýle hem garrylyk döwrüniň patologiýalary, meselem insult, funksional bozulmalar we oňurga ýiliginiň degeneratiw keselleri ýaly giň gerimli patologiýalary bejerýärler.

Neýrohirurgiýa ugry boýunça garaguş keseliniň hirurgiki bejergisi hem doly ýola goýuldy. Gije-gündiziň dowamynda elektroensefalograýa ýazgysy esasynda näsagyň kelle beýnisinde tutgaýyň döremegine sebäp bolan ojaklar ýüze çykarylýar. Ol ojaklaryň anyklanylmagynyň netijesinde operasiýalary ýerine ýetirmek bilen, maksadalaýyk bejergi geçirilýär. Şonuň bilen birlikde-de, näsag garaguş tutgaýyndan doly saplanýar, soňra onuň yzygiderli derman kabul etmegine hem zerurlyk ýüze çykmaýar.

Merkezi we periferiki nerw ulgamlaryna täsir edýän ähli keseller hirurgiki müdahaläni talap etmeýär. Aslynda, köp adamlar diňe iň soňky ýagdaýda hirurgiki müdahalä ýüz tutýarlar. Mundan başga-da, neýrohirurglar köplenç näsaglara sanjym, derman ýa-da terapiýa ýaly hirurgiki däl bejergi usullaryny hödürleýärler. Emma operasiýa zerur bolsa, neýrohirurglar bejergi geçirmek üçin ýeterlik hünärli ýeke-täk lukmanlardyr.

Habyp HALYLOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

87541c7a54092f8e8a6667106b11200b THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 276 raýaty tussaglykdan boşatdy

dyaifeoigwnhk4qpvyvznkzuootfzjmo2gqcythmdq2syq9c5iz7tvjfzcig 560x400 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ruhy sagdynlygyň ýörelgesi

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop