THE ASHGABAT TIMES

SÖZLEÝIŞDE AHALTEKE BEDEWI BILEN BAGLANŞYKLY ZOOMORFIZMLER

09.12.2024

Ahalteke bedewi türkmen halkynyň häsiýetiniň we zehininiň utgaşmagy bilen dörän gözellikdir. Ahalteke bedewleriniň egsilmez abraýy baradaky rowaýatlar asyrlar aşyp, şu güne geldi we häzir parasatly we gadymy türkmen halky onuň gahrymanlary baradaky gürrüňleri dünýä ýetirýär. Çünki, şu gymmatlyklarda milli ruh, kämillige tarap ymtylyş, gözellik, agzybirlik hem dostluk, wepalylyk gaýduwsyzlyk, ynsaplylyk, mertebe, Watana söýgi ýaly düşünjeler baradaky garaýyş öz beýanyny tapýar.

Türkmen halky ähli döwürlerde ata-babalarymyzyň beýik maksatlara ýetmeginde wepaly kömekçileri bolup, biziň milli buýsanjymyza, tutuş adamzadyň gazanan genji hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän ençeme ganatly jümlelerini biziň günlerimize çenli getiripdir.

Zoonimler dünýäniň ähli dillerinde sözleýişde giňden ulanylýar. Haýwanlary aňladýan dil birlikleri dil biliminde zoonim, zoosemizm, zoomorfizm ýaly adalgalar bilen ulanylýar. Alym N.W. Solnesewa (2004) metaforanyň sözleýişde obrazlylyk hyzmatyny ýerine ýetirýändigini göz öňünde tutup, zoomorfizm adalgasynyň ulanylmagyny öňe sürýär. Beýleki zatlara garanyňda haýwanat dünýäsiniň adamlara özleriniň häsiýeti, edim-gylymy, endikleri babatda has ýakynlygy bar. Zoomorfizmleriň (öý we ýabany haýwanlaryň) hem sözleýişde ynsanyň gowy hem-de ýaramaz häsiýetlerini bahalandyrmakda ähmiýeti has çuňdur. Sözleýişde sözüň leksik mazmunynyň üstüni dürli hili ekpressiw-emosional öwüşginler bilen dolduryplyp, beýan edilýän pikiriň täsirliligini güýçlendirýän dil serişdeleri ulanylýar. Bedew aty arassalygy, ýyndamlygy, syrdamlylygy, wepadarlygy, ruhubelentligi alamatlandyrýar we sözleýişde “at ýaly syrdam, çalasyn, ýüwrük, wepaly”, “at ýüzli”, “Ýürekleri at başy dek batyrlar, Hatynça ýok at-ýaragy bolmasa (Magtymguly)” diýip, deňeşdirme häsiýetde-de we “Ýüwürjim ─ ýüwrik atym, ýüwrüp geler ýanyma” ýaly deňeşdirme ýüzlenme ýagdaýynda-da ulanylýar.

Türkmenleriň arasynda atyň we adamyň haýran galaýmaly arabaglanyşygynyň öz ähmiýetini häzirki wagtda, ylmy-tehniki öňe gidişlik döwründe ýitirilmändigi bellärliklidir. Durmuşymyzda bolup geçýän oňyn özgerişlikleriň batly depginini suratlandyrmak üçin, biz köplenç halatda adata öwrülip giden “bedew bady bilen” sözleri gaýtalaýarys. Bu sözler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň ruhuny hem-de döwletimiziň, jemgyýetimiziň, ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary depginlerini has aýdyň söhlelendirýär.

Ýokardaky mysallardan görnüşi ýaly, zoomorfizmleriň dilimizde ulanylyşy düli-dürlidir. Biziň aýdýan her bir jümlamiz, söze goşýan her bir goşulmamyz, sözleri aýdyş äheňimiz köp zady aňladyp bilýär. Şoňa görä-de sözleriň ulanylyş aýratynlygyny hökman bilmelidiris.

Selbi ORAZDURDYÝEWA
Aşgabat şäherindäki
78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:22 am, Mar 6, 2025
temperature icon 8°C
облачно с прояснениями
Humidity 35 %
Pressure 1022 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 10 mph
Clouds Clouds: 53%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:31 am
Sunset Sunset: 7:04 pm
106de8cd 9cab 42d2 86e8 deec5e4e059b THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ulag ulgamynda uly ösüşler

gettyimages 1224535313 custom cdb7dd5d33777da720dcf6a028f7e2418c635e74 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

USAID we BSGG Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýärler

Soňkylar Makalalar

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

05.03.2025
Ösýän   adam  bedeniniň,  onuň  synalar ulgamlarynyň,   synalarynyň,   dokumalarynyň   wezipeleriniň amala  aşyrylyşynyň  aýratynlyklary  gadymy  döwürlerden  bäri ünsi  özüne  çekip  gelipdir.  Emma  XX  asyra  çenli ösýän

Ýaşlar ýurduň daýanjy

05.03.2025
Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

Ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere tarap

05.03.2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika

Bagtyýar ýyllary aşypdyr Türkmen

05.03.2025
     Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu ýyl  Halkara Bitaraplyk baýramymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleri giňden taýýarlyklar görülýär. Şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň
GitTop