Suw – dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygydyr

07.12.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, suw akabalarynyň arassalanylmagyny, ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegini hem-de olaryň şorlaşmagynyň öňüniň alynmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz suwdan oýlanyşykly peýdalanmak boýunça uly işleri alyp barýar, suw syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol syýasat oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga, halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalarynyň esasyna daýanýar. Suw hojalyk meselelerini toplumlaýyn esasda hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutup çözmek hormatly Prezidentimiziň suw strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan suw dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygydyr, arassa içimlik suwuň elýeterli bolmagynyň adalatly şertleri bolsa her bir adamyň esasy hukugydyr diýen ýörelgä yzygiderli eýerýär. Suw serişdeleriniň elýeterliliginiň, ony netijeli dolandyrmagyň döwletleriň ösüşine, olaryň ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna adamlaryň durmuşynyň hiliniň we hal-ýagdaýynyň derejesine gönüden-göni baglydyr. Türkmenistan şu ýörelgelerden ugur alyp, biziň sebitimizdäki suw-energetika meseleleriniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biriniň bähbitlerini nazara alyp hem-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe aýdýar. Merkezi Aziýa sebitinde suw meseleleri babatda dartgynlylygy peseltmegiň, düşünişmezlikleri diplomatik gepleşikler arkaly düzgünleşdirmegiň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň esasynda anyk çäreleri geçirmegiň zerurlygy halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir, bu bolsa ähli ýurtlar üçin durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýydyr.

Suwarylýan ekin meýdanlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman tygşytlaýjy usullaryny ulanmakda hem-de ägirt uly kuwwaty bolan suw desgalaryny gurmakda, olary peýdalanmakda Türkmenistanda uly tejribe toplanandygyny bellemek gerek. Biziň ýurdumyz suw hojalyk desgalarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri esasynda gurak çöllük zolagy şertlerinde obasenagat önümçiliginiň netijeliligini görkezýär. Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär hem-de oba hojalyk önümleriniň belli bir bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Suw hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň we innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak hakynda esasy ylalaşyklaryny, şol sanda Bioköpdürlüligi, Ozon gatlagyny goramak, Çölleşmä garşy göreşmek, Serhetüsti suw akymlaryny we Halkara köllerini goramak we peýdalanmak hakynda konwensiýalaryny, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda konwensiýasyny hem-de Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Bu ugurlarda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa Gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.

Türkmenistan 2012-nji ýylda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň «Serhetüsti suwlaryny we halkara köllerini peýdalanmak we goramak hakynda» konwensiýasyna goşuldy. Bu resminama 1992-nji ýylyň 17-nji martynda Helsinki şäherinde gol çekildi we 1996-njy ýylda kabul edildi. Konwensiýada serhetüsti suwlar ulanylanda, serhetüsti aýratynlyklaryny nazara almak bilen, suwdan oýlanyşykly we adalatly peýdalanmagyň ekologiýa taýdan esaslandyrylan usulyny üpjün etmek bellenildi.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen sammite gatnaşdy. Milli Liderimiz «Bitewi suw» sammitiniň ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi. Şeýle hem Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende üç möhüm kadadan: halkara hukugyň berjaý edilmeginden; özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ugur alynmalydyr diýip, bu möhüm meselede beýan eden garaýyşlary BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarynyň hem-de sammite gatnaşyjylaryň uly goldawyna eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Türkmenistanyň alyp barýan suw diplomatiýasyna ýokary baha bermek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň nusgalykdygyny belledi.

Arslan GUWANÇMYRADOW

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
9:44 pm, Dec 26, 2024
temperature icon 2°C
ясно
Humidity 93 %
Pressure 1028 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:20 am
Sunset Sunset: 5:53 pm
Öňki taryh

Ýaşlar-Watanyñ aýdyñ geljegi

Next Story

Watan habarlary 08.12.2024

Soňkylar Makalalar

Türkmeniň Milli buýsanjy

26.12.2024
Türkmen ahalteke atlary, dünýäniň iň gadymy we seýrek duş gelýän tohumlarynyň biri bolup, Türkmenistanda milli buýsanç hökmünde kabul edilýär. Bu ajaýyp bedewler özleriniň tizligi,

Häzirki zaman jemgyýetinde bilimiň ähmiýeti

26.12.2024
Bilim häzirki zaman jemgyýetiniň esasy daýanjy bolup, şahsyýetleriň we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm orun tutýar. Ol şahsy ösüş, ykdysady ösüş we jemgyýetçilik ösüşi üçin zerur

Taryhy ýoldaş

26.12.2024
Atlar müňlerçe ýyllap adamlaryň ýoldaşy bolup, ulag, oba hojalygy we hatda uruşda möhüm orny eýeläpdirler. Bu ajaýyp jandarlar eldekleşdirilen haýwanlara degişlidir we güýçleri, tizligi

Çagalarda serebral ysmaz keseli

26.12.2024
Serebral ysmaz çaganyň hereket etmegini we deňagramlylygyny saklamagyny kynlaşdyrýan keseller toparydyr. Bu kesel her 1,000 doglan çaganyň 2-3-sinde ýüze çykýar. Serebral ysmaz, adaty däl

Türkmenistanyň Oba Hojalygyn ösdürmek

26.12.2024
Türkmenistanda oba hojalygy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Oba hojalyk pudagy ilatyň azyk üpjünçiligini, iş orunlaryny we eksport mümkinçiliklerini üpjün edýär. Türkmenistanyň Oba
GitTop