Dark
Light
04.01.2026
uchastniki konferencii THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda durnukly energiýa boýunça konferensiýa geçirildi

02.12.2024

Türkmenistanyň Döwlet Energetika Institutynda (TDEI) daşky gurşawy goramak üçin durnukly energiýa boýunça halkara tejribäni öwrenmek boýunça konferensiýa geçirildi.

Çäräniň çäklerinde “Ýaşyl” energiýanyň sebit tejribeleri”, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: mümkinçilikler we meseleler”, “Wodorod – geljegiň ýangyjy”, “Howanyň üýtgemegi we energiýa”, “Gün ýylylyk ulgamlary” ýaly temalar boýunça çykyşlar boldy.

Gatnaşyjylar gurluşykda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň şertlerini we mümkinçiliklerini, gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän binalara “ýaşyl” şahadatnama bermek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, halkara bilermenler TDEI mugallymlary we talyplary üçin “Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşygy” mowzugy boýunça okuw seminary geçirdiler, onuň netijesinde gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

rashid meredov i van i THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Hytaý arasyndaky ministrlikara hyzmatdaşlyk barada resminama gol çekildi

260f3a3b7e a34c1eefad86a0e16fbd68c751de2a23 2454293 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa “ýaşyl” energiýa eksporty boýunça taslama başlatdylar

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop