Dark
Light
10.01.2026
fjfjkjfk THE ASHGABAT TIMES

Dubaýda estonýaly darbaz iki gökdiräniň arasynda ýüpden ýöräp geçdi

14.01.2025

Dubaýda estonýaly darbaz iki gökdiräniň arasynda ýüpden ýöräp geçdi. Ýaan Ruz 18 ýaşyndan bäri ýüpüň üstünde ýöremek bilen meşgullanýar. Ol darbazda iki gezek yza salto eden ilkinji we ýeke-täk türgen.

Darbaz «Jumeirah Emirates Towers» binasynyň iki gökdiräniniň arasynda 224 metr belentlikde gerlen demir urgandan ýöräp geçdi. Waka görä, darbaz howada ýöräp barýan ýaly duýgy döretdi diýlip, habarda bellenýär.

Estoniýaly Ýaan Ruz dünýäde belentliklerde gerlen ýüpden ýöremek boýunça üç gezek dünýä çempiony boldy.

Ol öň Bosfor bogazynyň bir tarapyndan beýleki tarapyna ýüpde ýöräpdi. Demir urgany şol gezek Stambuldaky Şehitler köprüsiniň direg sütünleriniň arasynda 165 metr beýiklikde çekdiler. Bu aralygy geçmek üçin darbaza 47 minut gerek boldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

  Sanlaşdyrylan çözgüt

gensek oon i geroj arkadag turkmenistna THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Guterreş Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi

Soňkylar Dünýä habarlary

Bolgariýa Resmi Taýdan Ýewrozona Goşuldy

01.01.2026
Bolgariýa şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap resmi taýdan ýewrozona goşuldy we özüniň milli walýutasy bolan bolgar lewinden doly ýüz öwrüp, ýewrony döwlet pul birligi
GitTop