glawny THE ASHGABAT TIMES

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

13.01.2025

        Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy. Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi. Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen has giňişleýin amala aşyryldy hem-de dünýä halklarynyň medeniýetine öz goşandyny goşan türkmen halkynyň hem gadymy halkdygyny subut edýän subutnamalaryň üstünden baryldy.

Taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy. Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy dünýä doldy. Bu ýylymyzy bolsa “Halkara parahatçylyk hem ynanyşmak ýyly”diýip, yglan edilmegi bilen dünýä halkara jemgyýetinde , taryhda , medeniýetde hem-de beýleki ugurlarda Türkmenistanyň ýeten derejeleriniň bu günki gün dünýä ýüzündäki halkara abraýyndan söz açýar. Munuň özi biz taryhçylary hem buýsandyrýar. Biziň topragymyzyň taryhy ýollary uzaklara , halkara ähmiýetli nijeme şanly ugurlary özünde jemledi. Şol sebäpli-de häzirki döwürde öz taryhymyzy öwrenmekde halkara bilim we taryh ugrundan zähmet çekýän ýaşlary hünärmen edip ýetişdirmek biziň borjumyzdyr.

Munuň özi Gahryman  Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmegiň hem- de ony ýaş nesillerimize miras goýmak babatynda edilen işleriň naýbaşysydyr. “Günbatarda irki zamanlarda” “Ähli ýollar Rime eltýärler” diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly,orta asyr Gündogarynda hem iň gadymy siwilizasiýalar bolan Assuriýa we Wawuilion, Mesepotamiýa medeniýetleri bilen bäsleşige girip bilen gadymy adamzat gymmatlyklaryny özünde saklaýan siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýä özüni ykrar etdirdi. Aňňat – aňňat gum depeleriniň üsti bilen uzak günorta ýa – da günbatara süýşen kerwende tütjarlar hem söwdegärler, şeýle – de ylym adamlarydyr, günlükçiler hereket edipdirler. Biizň topraklarymyzyň halkara taryhy ähmiýeti hem juda giňden ýaýarandyr. Türkmenleriň durmuşynda gabat gelýän milli däp- dessurlaryň Orta Aziýadan başga ýerlerde , dünýäň çar künjüne ýaýaramgy bolsa bu ugurda zähmet çekýän taryhçylary hem –de hünärmenleri diýseň gyzyklandyrýar.

 Äpet gumuň süýşýän çaglarynda, iň gadymy asyrlarda, adamlaryň tebigatdan gorkusy az bolmandyr. Şol sebäpli – de uzak – uzak kerwen ýollary gum aňňatlarnyň üsti bilen gidilende, ýagny söwda – satyk hem- de beýleki ugurlar bilen edilen gatnaşyklarda esasy ýol üçin suwlar göz öňüne tutulypdyr.                                            

       Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy.Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi.Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen has giňişleýin amala aşyryldy hem-de dünýä halklarynyň medeniýetine öz goşandyny goşan türkmen halkynyň hem gadymy halkdygyny subut edýän subutnamalaryň üstünden baryldy.

Taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy.Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy dünýä doldy.

Äpet gumuň süýşýän çaglarynda, iň gadymy asyrlarda, adamlaryň tebigatdan gorkusy az bolmandyr. Şol sebäpli- de uzak- uzak kerwen ýollary gum aňňatlarnyň üsti bilen gidilende, ýagny söwda- satyk hem- de beýleki ugurlar bilen edilen gatnaşyklarda esasy ýol üçin suwlar göz öňüne tutulypdyr.Muny tassyklaýan subutnamalar: Adamzat gymmatlyklarynda ýer alan iň iri zerurlygyň suw bolmagy elbetde medeniýetleriň hem bir ara gelmegine öz täsirini ýetiripdir. Suwuň gyrasyna dürli halklar, dürli medeniýetler, dürli ýaşaýyş şertlerine kybapdaş halklar ýerleşipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda bolsa, şol ýerde wagtyň geçmegi bilen assimirlenip, täze bir siwilizasiýany, täze bir medeniýeti emele getiripdirler. Ilkinji nobatda Mesopotamiýa iň iri suw kenarynda – ýagny iki derýanyň Tigr hem- de Ýewfrat derýalarynyň boýunda ýerleşmek bilen, suw gurluşygynyň iň iri ösen döwürlerini öz içine alýan Goňur şalygynyna kybapdaşdyr.Ol ýerde şumerler ýaşapdyrlar.   Ikinjiden hem beýik siwilizasiýalaryň bir- biri bilen çakdanaşa ýygjam gatnaşyklarynyň bolandygyny gürrüňimiziň dowamynda Goňurdepeden tapylan esasy tapyndylar hem- de şol döwürde wajyp hasap- hesip ylmyny,ykdysadyýeti hem- de medeniýeti gülleden dostluklaryň bolandygyny hem subut edýän çaklamalar Taryhçy alymlar tarapyndan subut edildi.

Paýtagtymyzyň gözelligi, onuň ösüşleri häzirki wagtda ilkinji nobatda dünýä halkara guramalarynyň, dostana ykdysady gatnaşyklary ýola goýjak ýurtlaryň hem ünsüni özüne çekýär. Munuň özi bolsa, Türkmenistan döwletiniň gadymy Ýupek ýolunyň ugrundaky medeniýetleri we taryhy ojaklary saklaýan uly sebitdigini ýene bir gezek subut etdi.Paýtagymyz Aşgabadyň gadymy Änew topragynyň golaýynda ýerleşmegi hem taryhy kökleriň çuň baglaryny salgy berýär.    

 Aşgabat şäheri merkez hökmünde müňýyllyklaryň dowamynda düýbi tutulan Parfiýanyň galyndy bölegidir. Çünki şalygyň nirededigine , nähili taryhy wakalary başdan geçirendigine düşünmek üçin merkezleşdirilen ýerlerde galan galyndylar, galalaryň sesi oňa şaýatlyk edýär. Aşgabadyň etekleri bilen bir hatarda Abiwerd, Änew, Nusaý, Durun, Mehin,Merw, Goňurdepe taryhy gymmatlyklarynyň tapylgysyzlygy bilen dünýä taryhy hazynasyna öz agramly goşandyny goşdy.

Änew medeniýeti bilen bagly bolan Aşgabadyň taryhyna çatylýan birnäçe ýerlerde elbetde arheologlarymyz hem- de taryhçylarymyz bu zatlaryň türkmen taryhyna degişlidiigni subut etmek bilen birlikde häzirki zaman ykdysady çemeleşmekleriň ýüpek ýolunyň ugrunda bolmagynyň, Aşgabadyň hem taryhynyň ýüpek ýoluna sapmagynyň gadymy ýaňy barada gürrüň edilmäge mynasypdygyny subut etdi.Şol taryhy tapyndylarda ýüze çykan keşdeleriňdir, şekilleriň biziň türkmen gelin- gyzlarymyzyň on barmagyndan çykan haly- palaslarynda gabat gelmegi hem ilkinji ýazuw medeniýetlerinde türkmen halkynyň hem bardygyny subut edýär.

Türkmen halky däp- dessurydyr, folklorlary hem-  de özüniň milli gymmatlyklary bolan haly- palaslarydyr, ýokary hilli dokamakda edil taryhda bolşy ýaly şu günki gün hem beýik abraýlara mynasypdyr.

Mähri ATAÝEWA
Mary welaýatynyň nebit we gaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bagtyýarlygyň Halkara giňişligi

606afa7c5b81e731717354 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanlaşdyrylan  ösüşler

Soňkylar Makalalar

  Sanlaşdyrylan çözgüt

13.01.2025
           Nebit- gaz ulgamynyň sanaşmasy halkara çözgütlere giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça edilýän işler üznüksizdir. Şeýle ajaýyp görelde ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça

Bagtyýarlygyň Halkara giňişligi

13.01.2025
     Gahryman Arkadagymyz türkmeni Garaşszylyk ýyllary içinde dünýä tanatdy. Her bir baýramçylyklarda milliligimize,taryhy çuňluklarymyza öz medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň üsti bilen sarpa goýmak,  türkmen halky öz

Adam bedeninde suwyň tutýan orny

13.01.2025
Suw, adam bedeni üçin iň möhüm we zerur maddalaryň biridir. Bedeniň ähli öýjükleri, dokumalary we organlary suw bilen üpjün edilýär. Suw içmegiň saglyk üçin

Saglyk, adam durmuşynyň iň gymmatly baýlygy

13.01.2025
Saglyk, adam durmuşynyň iň möhüm we gymmatly baýlygydyr. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, bedeniň we ruhuň saglygyny saklamak üçin zerurdyr. Sagdyn iýmitlenmek, bedeniň ähli
Watanyñ geljegi nurana ýaşlar!

Watanyñ geljegi nurana ýaşlar!

09.01.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil nesilleri kemala getirmekde ýaşlaryň alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ýokary derejeli
GitTop