Dark
Light
28.12.2025
THE ASHGABAT TIMES

Küşt — bu durmuş!

08.01.2025

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halky hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli, il bähbitli alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ajaýyp netijelerine häzirki za­manda has hem aýdyň göz ýetirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», «Garaşsyzlyga guwanmak – Watany, halky söýmek bagtdyr», «Türkmenistan – sag­dynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanda saglygy goraý­şy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly kitaplarynda öz beýanyny tapan ýur­dumyzyň raýatlarynyň, maşgalalarynyň sagdyn, bagtly ýaşamaklary, Watanymyzyň ykdysadyýetiniň pajarlap ösmegi üçin alnyp barylýan ägirt uly işler, edilýän we ediljek ýurt bähbitli özgertmeler Watany­myzyň dünýäniň iň ösen döwletleriniň hatarynda berk ornaşýandy­gyna şaýatlyk edýär. Gurulýan we guruljak sport ­sagaldyş merkezle­ri, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary, stadionlar, medeni ojaklar, myhmanhanalar, ýaşamak üçin ähli şertler bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary, dürli pudaklar üçin ähli gerekli enjamlar bilen üpjün edilen binalar, mekdepler we çagalar baglary raýatlarymyzyň sagdyn we bagtly, ruhubelent bolmaklary barada edilýän aladadyr.

Küşt oýnunyň sportuň beýleki görnüşlerinden aýratynlygy er­kekleriň we zenanlaryň ýaşyna garamazdan yzygiderli türgenleşip, ýaryşlara gatnaşyp bilmekleridir. Küşt oýnunyň akylly-­paýhasly bol­maga, ruhubelentligi goldamaga ýardam etmek bilen ýatkeşligi, giň göwrümliligi, ünslüligi, eser deňligi, adamkärçilik terbiýelerini ber­mäge bolan kömegi bimöçber uludyr.
Küşt oýnunyň taryhy örän gadymy hasap edilýär. Birnäçe müňýyl­lyklar mundan ozal nirededigi we haçandygy belli bolmadyk adamlaryň oýna bolan höwesi, ymtylmasy esasynda oýny döretmek maksady bilen, ilki-­ilkiler ýönekeýje tagtalary ýasapdyrlar. Onuň ýüzünde çyzyklar we öýjükler emele getirip, belli bir kada esasynda meýdança döräpdir.
Küşt oýny ilki dörände esasy maksat, garşydaşyň şasynyň «öm­ri» gyzyklandyrýardy. Oýun ilki uruş görnüşinde alnyp barylýardy. Esasy güýçler piller we atlar bolup durýardy. Emma soňra oýunda şasynyň uly bähbidiniň bardygy, pilleriň güýçleriniň gaçýandygy, kä­bir ýerlerde onuň ýokdugy, küşt oýnunyň düzgünlerine täsiri bolmagy mümkin. Emma şeýle-­de bolsa başda dörän küşt oýnundaky mallar öz güýjünde, iki tarapda hem perzi, iki ruh, pyýada goşuny galdyryldy.

Gurbansoltan SUHANLYÝEWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

research1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Autism keseliniň öňüni almak

1014c89171d5c5e66e5a1f6026c1639d THE ASHGABAT TIMES
Next Story

2025-nji ýylda geçiriljek halkara sergileriniň we forumlarynyň sanawy

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop