Ýanwar aýynyň 19-na Brýusseliň abraýly Sablon galereýa sebitinde, dünýäniň dürli künjeklerinden sungat bilermenleriniň, medeniýet işgärleriniň we kolleksionerleriň ünsüni özüne çeken täsin medeni çäre geçirildi. Aýratyn galereýada Türkmenistanyň medeni önümleri, şol sanda däp bolan şaý-sepler, halylar, dokma önümleri we beýleki türkmen amaly-haşam sungatynyň elementleri görkezildi.

Çärä köp sanly tomaşaçy, şol sanda ilçiler, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri we Merkezi Aziýa sebitiniň baý medeniýetine gyzyklanma bildirýän medeniýet işgärleri gatnaşdy. Sergi Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy, Ýelena Haritonowa ýolbaşçylyk edýän “Central-Asian European Creative Alliance” guramasy we Şeker Akanyýazowyň “Keşte” sungat studiýasy tarapyndan gurnaldy.
Çäräniň çäginde Türkmenistanyň ilçisi gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol medeniýetiň Merkezi Aziýa we Türkmenistanyň halklarynyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Ilçi şu ýyl Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini, 2025-nji ýylyň bolsa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini nygtady.

“Medeniýet, bitaraplyk ýaly, serhetsiz ugurdyr” diýip, Ilçi aýtdy. “Ol adamlary birleşdirýär, özara düşünişmäge we ynamy berkitmäge ýardam edýär. Taryhy taýdan Türkmenistanda medeniýet hemişe adamlaryň birleşmegi bilen baglanyşykly bolupdyr. Mysal üçin, türkmen obalaryndaky umumy dokma stanoklary we tamdyrlar goňşularyň dostlugyna we jebisligine ýardam edipdir. Biz medeni köprüleriň parahatçylyk we ynam üçin esasdygyna ynanýarys.”
Sergide Türkmenistanyn medeni koduna aýratyn üns berildi, bu bolsa öz köklerini biziň eýýamymyzdan öňki döwürlere alyp gidýän asyrlarboýy taryhy şöhlelendirýär. Myhmanlara baý mazmunly programma/taqdimat hödürlenip, medeni elementleriň nesilden-nesle nähili geçirilendigi we häzirki döwürde nähili saklanýandygy has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi.

Ýelena Haritonowa şeýle çäreleriň medeni dialogy öňe sürmekde we halklaryň arasyndaky baglanyşyklary berkitmekde möhüm rol oýnaýandygyny aýratyn belledi.
Türkmenistan öz medeniýeti arkaly parahatçylyga, hyzmatdaşlyga we özara düşünişmäge çagyrýar, medeniýetiň serhetler we aralykdan garaşsyz adamlary birleşdirýän umumy dil bolup durýandygyny subut edýär.