70d95b388d4b225208cbe26d389c8fd0 THE ASHGABAT TIMES

TÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY  ULGAMYNYŇ ÇÄKLERINDE IŞ KESILEN RAÝATLARYŇ HUKUKLARYNY GORAMAGYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

20.01.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Tükmenistanyň milli Lideri Halk maslahatyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golastynda we Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda parasatly, ynsanperwer ýörelgelerine eýerip, alnyp barylýan syýasatyň netijesinde, döwletimizde her bir şahsyýetiň abadan, bol-elin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär[1]. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda asudalyk, agzybirlik, jebislik höküm sürýär. Bu sepgitler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizligini kepilendirýän berk hukuk biýadynyň döredilmegi netijesinde gazanylandyr [3].

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýändigini we hormatlaýandygyny ykrar etdi. Bilişimiz ýaly, islendik ýurtda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň esasy şerti olaryň kanun tarapyndan berkidilmegidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy – esasy kanuny bolup, ýurdumyzyň syýasy sütünlerini, döwlet häkimiýet edaralaryny, saýlaw ulgamyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kadalaşdyrýan kanunçylygynyň gözbaşydyr. 2016-njy ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi Türkmenistanyň we ähli raýatlaryň syýasy durmuşynda möhüm waka, geljekki demokratik özgertmeleriň, jemgyýetiň we döwletiň institutlaryny üstünlikli özgertmegiň esasy şertleriniň birine öwrüldi. Esasy Kanunyň rejelenen görnüşi — milli döwletliligiň, ýurdy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy şahsyýetiň hukuk ýagdaýynyň esasyny goýdy, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny halkara standartlarynyň derejesinde berkitdi[4].Esasy kanunymyzda adamy goramak, goldamak we oňa hyzmak etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridigi aýratyn nygtalýar[3]. Bu kadalaşdyryjy hukuknama Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň (AHÄJ)[9], Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygynyň[10], Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara ylalaşygynyň[11] esasy taglymlaryny we ýörelgelerini öz içine aldy.

Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalary hakyndaky Jarnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek hyjuwyny aýdyň görkezdi. Häzirki wagtda döwletimiz adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda, Milletler Bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ylalaşyklarynda berkidilen düzgünlerinden ugur alýar. Häzirki wagtda 2021-nji ýylyň 16-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň” çäklerinde, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) we beýleki halkara guramalary bilen bilelikde adam hukuklarynyň amala aşyrylmagy bilen bagly hyzmatdaşlygy barha ýokarlandyrýar[8].

Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem milletine, teniniň reňkine, jyn­syna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligini kepillendirýär[4].Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyndan ugur alnyp, ýurdumyzda hereket edýän hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň esasy ugry adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagyny gazanmaga gönükdirilen­dir. Şoňa görä-de ýurdumyzda kabul edilýän we hereket edýän kanunlar bolsa gönüden-göni raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.

Hukuklar we azatlyklar hakynda beýan etmek bilen birlikde, “adam” we “raýat” düşünjeleriň manysyna üns bermek hem ähmiýetlidir. Adam – bu aň-paýhasly, jemgyýetçilik jandary bolup, ol taryhy – jemgyýetçilik işjeňliginiň we medeniýetiň subýektidir. Raýat – düşünjesi “raýatlyk” düşünjesi bilen baglanyşykly bolup, “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1- nji maddasynda: “Türkmenistanyň raýatlygy –  adamyň Türkmenistan bilen durnukly hukuk arabaglanyşygy bolup, ol özara hukuklaryň we borçlaryň bütin jemini aňladýar” diýip görkezilýar [5].

Adamyň hukuklary diýlende, onuň şahsy, ykdysady, durmuş, syýasy, we medeni çygyrlardaky mümkinçiliklerine hem-de isleglerine, şeýle hem adamyň döwlet babatda hukuk ýagdaýynyň häsiýetlendirmesine düşünilýär. Ol hukuklar şahsy hukuklara, syýasy-jemgyýetçilik hukuklaryna, durmuş-ykdysady hukuklara we beýleki hukuklara we azatlyklara bölünýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň II bölümi “Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary” diýlip atlandyrylyp, onuň maddalarynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen kadalar berkidilendir.

Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde ýol berilýär. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda raýatyň şahsy durmuşyna degişli we onuň namysyny, mertebesini kemsidýän ýa-da onuň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip biljek maglumatlaryň aýan edil­megine ýol berilmeýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygy kanunylyk, ynsanperwer­lik, demokratik ýörelgelere esaslanýar. Bu ulgamda  iş kesilenleriň kanunyň öňündäki deňligi berkitmek, jezany ýerine ýetir­megiň we gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çärelerini ulanmagyň, iş kesilenleri düzetmek we olaryň ka­nuna eýermegi boýunça öňegidişliklere ýol açmak maksady göz öňüne tutulýar. Mysal üçin, saýlawa gatnaşmaga we ses bermäge hukuklary gaýtaryp bermek.  Mejbur ediş çäreleri, iş kesilenleriň düzelmegi, olaryň kanuna we jemgyýete laýyk ýaşamaklaryny höweslendirmek üçin ýörelgelere esaslanýar we bu ulgamda jezany düzediş taýdan täsir etmek esasy meselelerden biridir.

Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygyny ulanmak jenaýat jezala­ryny ýerine ýetirmegiň we iş kesilenlere çemeleşmegiň, şol sanda iş kesilenleri gy­namalardan, zorlukdan we beýleki rehim­siz ýa-da adam mertebesini kemsidýän çemeleşmelerden goramagyň kepillikle­rini berk berjaý etmäge degişli halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary­na we ýörelgelerine esaslanýar[7].

Halkara standartlaryna laýyklykda, ähli iş kesilenler olara mahsus bolan mer­tebesine we adam şahsyýeti hökmündäki ähmiýetliligine görä hormatly garaýyşdan peýdalanmaga haklydyr.

Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksinde berkidilen düzgünler je­naýat-ýerine ýetiriş ulgamynda döwletiň jenaýatçylyga garşy alyp barýan göreşinde kanunçylygyň berkidilmegine we iş kesilenleriň düzedilmegine gönükdirilendir.

Milli kanunçylykda iş kesilenlere ynsanperwer çemeleşme diňe düzediş edaralarynda jezasyny çekýän döwründe dälde, eýsem, jezany çekmekden boşatmak bilen baglanyşykly bolan birnäçe işlerde hem göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň degişli maddalarynda kesgitlenilişi ýaly, jezany çekmekden boşatmagyň esaslaryna günä geçilmegi ýa-da rehim edilmegi, şertleýin-möhletinden öň boşadylmagy, agyr keselli­ligi we jezanyň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrylmagy we ş.m. degişlidir.

Günä geçmek – bu jenaýaty amala aşyran adamy jenaýat jogapkärçiliginden boşatmaga esas bolan namadyr. Jenaýat edenligi üçin iş kesilen adam günä geç­me namasyna laýyklykda jeza çekmek­den doly boşadylyp, şeýle hem bellenilen jeza gysgaldylyp ýa ýeňiliräk görnüşi bi­len çalşyrylyp, ýa-da goşmaça jezadan boşadylyp bilner.

Rehim edilen halatynda jenaýat eden­ligi üçin iş kesilen adam jeza çekmegiň mundan beýläk möhletinden şertli ýa-da şertsiz boşadylyp bilner, oňa bellenilen jeza kemeldilip ýa-da ýeňilräk görnüşi bi­len çalşyrylyp bilner.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi jeza çekmekden şertleýin-möhletinden öň boşadylmagynyň esaslary we ony ulanmagyň tertibi düzgünleşdirilýär. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak diňe dört sany jezanyň görnüşi boýunça, ýagny düzediş işlerinde işletmek, harby gulluk boýunça çäklendirmeler, azatlykdan mahrum etmek we harby-düzediş bölüminde saklamak jezalary boýunça ulanylyp bilner. Şonda esasy jezadan boşadylan adam goşmaça jezadan doly ýa-da bölekleýin boşadylyp bilner[6]. Ýöne bu ýagdaýda jezanyň dere­jelerine laýyklykda kesgitlenen möhleti çekmek göz öňünde tutulýar.

Şertleýin – möhletinden öň boşady-landa kämillik ýaşyna ýetmediklere has-da ynsanperwer çemeleşilýänligini aýra­tyn bellemek gerek, ýagny kesgitlenilen möhletler uly ýaşlylara garanyňda az göz öňünde tutulýar.

Umuman, iş kesilenler babatda ynsanperwerlik ýörelgesi yzygiderli durmuşa geçirilýär we şolar bilen bir hatarda, öz­lerini göreldeli alyp barmagy üpjün et­mek, olarda eden işleri we etmişleri üçin jogapkärçilik duýgusyny ösdürmek, täzeden terbiýelemek we olaryň edaranyň administrasiýasy bilen hyzmatdaşlyk et­mäge gyzyklanmagyny gazanmak üçin, şeýle hem zähmete, okuwa päk ýürekli gatnaşýandyklary, höwesjeň guramalaryň işine we terbiýeçilik çärelerine işjeň gatnaşýandyklary üçin Türkmenistanyň Jenaýat ýerine ýetiriş kodeksiniň 86-njy maddasynda göz öňünde tutulan höweslendiriş çäreleri ulanylýar [7].

Şeýlelik-de, häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň aşakdaky aýratynlyklar ýüze çykýar: birinjiden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Konstitusiýada berkidilen hukuk döwletine mahsus bolan ýörelgelere pugta eýerýär we bu ugurda ulgamlaýyn syýasaty ýöredýär; ikinjiden, hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir” diýen baş şygarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen adamyň we raýatyň hukuklary we azatlykla­ry kanun arkaly berkidilmegi bilen birlikde, döwlet derejesinde kabul edilýän Milli Maksatnamalar arkaly durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň raýatlary, sagdynlyk we abadançylyk babatynda alnyp barylýan yzygiderli we çeken tagallalar, şeýle hem halkyň abadan we bol-elin durmuşda ýaşamagy üçin döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Bu işleriň aýdyň netijeleri, halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, döwletiň ösüşine we ähli ýurt boýunça giňden abadanlaşdyrma işleriniň amala aşmagyna gönükdirilen iri çäreleriň barha üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam bermekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de bu syýasaty dowam etdirýän, bu işleriň öňe gitmegini üpjün edýän Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uly goşandyny nygtaýarlar. Bu tagallalar halkyň durmuşy üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyny, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň has rahat, bol we abadançy durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan ykjam we maksatlandyrylan işleri aňladýar. Şu nukdaýnazardan, döwletimiziň öňe gitmegi, ilatyň arzyly ýaşaýyş şertlerine eýe bolmagy, hemmeleriň bagtyýar we ýaşaýyş-durmuş taýdan huzurlu bolmagy üçin edilýän ähli işler raýatlaryň yhlasly minnetdarlygyna we alkyşlaryna mynasypdyr.

Myrat MYRADOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwerstetiniñ talyby

EDEBIÝATLAR

  1. Berdimuhamedow, G. (2021). Türkmenistan — Adam hukuklarynyň we azatlyklaryny goramakda öňdebaryjy syýasat. Aşgabat: Döwlet neşirýat gullugy.
  2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy // “Türkmenistan”gazeti, 2020-nji ýylyň 12-nji fewraly.
  3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy// “Türkmenistan” gazeti, 2021-nji ýylyň 26-nji sentýabry.
  4. Türkmenistanyň Konstitusiýasy (rejelenen görnüşi), Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2016.
  5. «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny //Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2013 ý., № 2, 41-nji madda) (Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 80-VI Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen).
  6. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý.
  7. Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksi // Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý.
  8. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Aşgabat, 2021.
  9.  United Nations (1948). Universal Declaration of Human Rights. United Nations.
  10.  United Nations (1966). International Covenant on Civil and Political Rights. United Nations.
  11. United Nations (1966). International Covenant on Economic, Social and Cultural Rights. United Nations.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:39 pm, Jan 20, 2025
temperature icon 10°C
облачно с прояснениями
Humidity 62 %
Pressure 1016 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:19 am
Sunset Sunset: 6:15 pm
evmq0tkjscaw6jcdk4fc5zylwtvatzbk3vagftybnvt0yyom9rqh1spi4rqf e1619527986928 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek

Брюссел
Next Story

Sungat arkaly Bitaraplyk: Brýusseldäki sergide türkmen medeniýeti

Soňkylar Makalalar

Energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek

17.01.2025
Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almak üçin maýadarlary çekmek, ekologik

Pyrtykalyň Efir Ýagynyň Peýdaly Taraplary

16.01.2025
Pyrtykalyň efir ýagy, tebigy we saglyk üçin peýdaly maddalaryň baý çeşmesi bolup, dürli maksatlar üçin ulanylýar. Bu ýagyň birnäçe peýdaly taraplary bar: Pyrtykalyň efir

Türkmenistan ynanşmagyň we parahatçylygyň Watany

16.01.2025
Türkmenistanyň dünýä derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürmek ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan iň soňky üstünlikleriniň biri

  Sanlaşdyrylan çözgüt

13.01.2025
           Nebit- gaz ulgamynyň sanaşmasy halkara çözgütlere giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça edilýän işler üznüksizdir. Şeýle ajaýyp görelde ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

13.01.2025
        Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy. Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda
GitTop